Jemgyýet

Är-aýal gatnaşygyndaky çaprazlyk döwürleri

Är-aýal gatnaşyklarynda esasan hem iki döwürde ýiti çaprazlygyň ýüze çykýandygy mälimdir. Onuň birinji döwründäkisine psihologiki, ikinji döwründäkisine seksual gatnaşykdaky çaprazlyk diýilýär. 1. Psihologiki çaprazlyk köplenç ýaş çatynjalaryň bilelikde ýaşap başlan ilkinji ýyllarynda ýüze çykýar. Ýaş juwanlaryň hüý-häsiýetleri, gündelik durmuş endikleri, edep-terbiýesi, pikir-garaýyşlary biri-biriniňkä çapraz gelýär. Durmuşykino ýaly diňe gowulykdyr, süýjülikdir, şadyýanlykdyr öýden ýaş çatynjalaryň öňünden her dürli näsazlyklar, päsgelçilikler, özara düşünişmezlikler, öýke-kineler, kemsitmeler çykyp başlaýar. Ozal eje-kakanyň aladasy bilen gurşalyp ýören ýaşlara, bir-biregiň diňe gowy…

Söýgi näme üçin gutarýar?

Hemmämizem ömrümizde bir gezegem bolsa söýgi diýlen zad-a, ýa-da halk dili bilen aýdylanda "yşk oduna" düşüp görendiris. Birine söz aýdandyrys, ýa-da bize aýdylandyr, ýa-da ikimizem bilsegem, biri-birimize aýtman, seredişip halap, ýa-da platoniki bolan daşyndan ony söýüp, guwanyp gezendiris. Köp kişi söýgi üçin gaty gaýgylanyp, aglap, hatda janyna hem kast edip bilýär. Söýgi barada şuwagta çenli örän köp zat ýazylyp, aýdyldy. Köpümiz käbir sitata sözlerine gabat gelýändiris bu babatda, meselem "bagt – söýülmekdir" , "söýgi –…

Söýgi näme üçin gutarýar?

Gyzykly we Psihologiki maglumatlar

1.Bedeniň gan üpjünçiligi bolmadyk ýeke-täk bölegi gözüň kellesidir. Ol kislorody göni howadan alýar. 2.Adam nähili akylly bolsa(zehin tarapdan) şonça-da çalt pikirlenýär we el ýazgysy hem şonça düşnüksiz bolýar. 3.Sizi gorkuzýan zatlary etmek, sizi has bagtly eder. 4.Iki dille gürleýän adamlar bir dilden beýlekisine geçenlerinde hem häsiýetini üýtgedip bilerler. 5.Syýahat etmek beýniniň saglygyny gowulaşdyrýar we ýürek agyry we depressiýa howpuny peseldýär. 6.Adamlar üýşüp otyrkalar bir zada gülseler, her kim öz halaýan adamyna sereder. 7.Adam beýnisi dünýädäki…

Gyzykly we Psihologiki maglumatlar

NÄME ÜÇIN EJE?

Mämmet öýlän işden öýüne geldi welin ony ejesi Senem daýza garşy aldy. Garşy aldy diýlende gazly jaýda yzyna öwrülmän “Geldiňmi oglum?” diýip seslendi. Mämmet ony eşitmedem, göni öz otaglaryna girip gitdi. Mämmediň gelni Humaýyň atasy öýüne gidenine eýýäm bäş gün geçipdir. Eýsem ony öýlerine Mämmet taşlap gaýdypdy ahyry. Özem “Men saňa gel diýip habar edýänçäm geläýmegin!” diýip gaýynlary bilen sag bollaşman gaýdypdy. Şonda Humaý utanjyndan ýer ýarylyp içine girip bilmän gözüne ýaş aýlap galypdy. Mämmet…

1100 Gün

Geliñ siz bilen hyýal güýjümizi ulanalyñ. Bir ada hyýal etmegiñizi isleyan. Daş töweregini uç gyraksyz umman gaplap duran bir ada. "Hawa, hyýal etdim, indi?" Bu adada 1100 adam bar. Hyýal ediñ, bu adamlar dürli materiklerden bu yere getirilipdir. Şu wagt hemmesi yatyr, özlerine nämeler garaşyandyklaryndan habarsyz. Ynha adamlar bir-birden özüne gelşip başlayarlar. Her kim bir birine seredýär, emma nätanyş adamlar, nätanyş ýüzler, her kim hem bu yerde yeke özi, dosty, garyndaşy, tanyşlary yok. Şol sebapden…

SAŇA AÝTMALY ZATLARYM BAR!.. Hawa, bu men! Saňa hat ýazmagy gowy görýän dostuň! Meniň saňa aýtmaly zatlarym bar! Men arzuw etmekden ýadadym, gadyrdan! Çünki köňül aýnam döwüleni bäri äpişgämden sowuk şemal girýär ýüregime... Ol ýerdäki gürsüldiniň sesi bolsa barha haýallap, gursagymam daşa öwrülip barýan ýaly... Bärde üşesemem seniň getirjek baharyňa henizem garaşýan men. We ähli güýjim bilen saňa hat ýazýaryn, gadyrdan, seniň kimdigiňi bilmesemem! Hiç kime aýdyp bilmedik zatlarymy saňa ýazyp ugradasym gelýär birhili. Bir…

Akylly aýallar...

AKYLLY AÝALLAR Akylly aýallar näme üçin ýeke bolýar? Jogaby uzyn... emma erkekleriñ agalyk sürýän jemgyýetlerinde bu ýagdaý geñ görlenok. Bolaýmaly zat ýaly. Telewizoryñ öñünden turmaýan, mediatiw refleksli jemgyýetimiziñ käbir erkekleri güýjüñ we häkimiýetiñ garşydaş jynsa geçende däliräre gelýär. Ýagny kemsinme duýgusyny başdan geçirýän ýaly... "Jennet eneleriñ aýagynyñ aşagynda" diýip, yzyndanam aýal-gyzy suwasalma ýençýän biçäreleriñ düşen näalaçlygy... Erkek hemişe akylly aýaly gowy görýär, emma wagtyñ geçmegi bilen akyl-paýhas ýaryşynda ýeñilip gahary gelýär, öýkeleýär, aglaýar. Edil utulmagy…

Kiber Medeniýet näme? Hakerlaryň maglumat alyşynyň usuly

Salam, bu makalamda men kiber medeniýet we kiber dünýäsi barada gysgaça aýdyp geçjek. Kiber medeniýet bu, durmuşda adamlaryň özara gatnaşygyna we jemgyýetçilik kadalaryna täsir edip, onlaýn giňişlikde emele gelen medeni gurşawdyr. Bu, sanly ulgamlaryň giň toplumydyr, şol sanda internet, sosial ulgamlar, wirtual giňişlik, onlaýn oýunlar, sanly aragatnaşyk we onlaýn ulgamlaryň beýleki taraplary. Bu barada has gowy düşünmek üçin, sanly ulgamdaky soňky ýyllarda bolan täzelikleri öwreneliň: Görüşimiz ýaly, IT kompaniýalar öz girdejilerini esseläp köpeltdiler, bu diýmek…

Kiber Medeniýet näme? Hakerlaryň maglumat alyşynyň usuly

2024-2025ý, aýdyňlanma...

Salam! Ömrümiň ýene bir 365 güni geçip gitdi, öňümde ýene näçesi bar bir Allah bilýär. Kän bolsa gowumy ýa-da az, men-ä entäk çözmedim. Haýyrlysy... Geçdi birgiden wagt, sanasaň kän ýaly emma duýulanda welin, sanalgyja ýatlamalaryň toplumy ýaly. Wagt, ýaradylyş, ýaşaýyş - gaty täsin zat, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Adam we adamzat, olam şolar ýaly, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Isleg, talap, zerurlyk, borç, mejburyýet, erk, yrada, hökmanylyk, tötänlik, bagt, şowlulyk, ýazgyt, kysmat,…

2024-2025ý, aýdyňlanma...

PSIHOLOGIÝA ÝALANY

PSIHOLOGIÝA ÝALANY Psihologiýasy iň bozuk jemgyýet jahylyýet döwründäki arap jemgyýeti bolupdy. Adamlar atasynyň mirasyna ir eýe çykmak üçin öz atasyny öldürip, jesedini duşmanynyň ýa-da dawalaşan ynsanynyň meýdanyna taşlaýardy. Soňra Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip, "Atamy biri öldürdi, jesedini meýdanda tapdym" diýip, aýdýardylar. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň sözlerine ynanýardy. Käbir alymlar "Zümer" süresiniň 19-njy aýatynyň inmeginiň sebäbini şular ýaly wakalar bilen baglanyşykly diýip, şeýle düşündirýärler: "Alla, gözleriň hyýanatyny we ýürekleriň içindäki gizlin zatlary hem görýär". Bu gün ýalan…

PSIHOLOGIÝA ÝALANY