Maşgala

Är-aýal gatnaşygyndaky çaprazlyk döwürleri

Är-aýal gatnaşyklarynda esasan hem iki döwürde ýiti çaprazlygyň ýüze çykýandygy mälimdir. Onuň birinji döwründäkisine psihologiki, ikinji döwründäkisine seksual gatnaşykdaky çaprazlyk diýilýär. 1. Psihologiki çaprazlyk köplenç ýaş çatynjalaryň bilelikde ýaşap başlan ilkinji ýyllarynda ýüze çykýar. Ýaş juwanlaryň hüý-häsiýetleri, gündelik durmuş endikleri, edep-terbiýesi, pikir-garaýyşlary biri-biriniňkä çapraz gelýär. Durmuşykino ýaly diňe gowulykdyr, süýjülikdir, şadyýanlykdyr öýden ýaş çatynjalaryň öňünden her dürli näsazlyklar, päsgelçilikler, özara düşünişmezlikler, öýke-kineler, kemsitmeler çykyp başlaýar. Ozal eje-kakanyň aladasy bilen gurşalyp ýören ýaşlara, bir-biregiň diňe gowy…

NÄME ÜÇIN EJE?

Mämmet öýlän işden öýüne geldi welin ony ejesi Senem daýza garşy aldy. Garşy aldy diýlende gazly jaýda yzyna öwrülmän “Geldiňmi oglum?” diýip seslendi. Mämmet ony eşitmedem, göni öz otaglaryna girip gitdi. Mämmediň gelni Humaýyň atasy öýüne gidenine eýýäm bäş gün geçipdir. Eýsem ony öýlerine Mämmet taşlap gaýdypdy ahyry. Özem “Men saňa gel diýip habar edýänçäm geläýmegin!” diýip gaýynlary bilen sag bollaşman gaýdypdy. Şonda Humaý utanjyndan ýer ýarylyp içine girip bilmän gözüne ýaş aýlap galypdy. Mämmet…

GAÝYN ENE BILEN GELNIŇ ARASYNDAKY DYNMAÝAN DAWA

Gaýyn ene bilen gelniň arasyndaky düşünişmezlik bütin dünýäde görülýän we gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan bir hadysadyr. Özümizde hem şeýle ýagdaý bolup geçýän bolsa geñ görüp oturmaly däldir, sebäbi, bu ýagdaý durmuşyň bir hakykatyna öwrülendigine düşünmelidiris. Gaýyn ene bilen gelniň arasyndaky ilkinji düşünişmezligiň dört müň ýyl mundan ozal arheologiki gözlegleriň netijesinde ýüze çykandygyny we ol daşyň ýüzüne näçe müň kilometr uzaklykdaky ýan ýoldaşyna, öz ýagdaýyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edendigini, taryhçylar belläp geçýärler: “Gel,…

GAÝYN ENE BILEN GELNIŇ ARASYNDAKY DYNMAÝAN DAWA

Söýgi we baglanyşyk stilleri.

Irki çagalykda ene-atalar bilen gatnaşyklarymyz bilen emele gelen baglanyş stilleri, ululykda gatnaşyklarymyza ep-esli derejede täsir edýär. Bu stillere düşünmek, söýginiň kynçylyklaryna öwrenmäge we has sagdyn baglanyşyk gurmaga mümkinçilik berýär. Üç başlangyç baglanyşyk stili: Ynamly baglanyşyk: ynamly birikdirilen adamlar ýakynlar bilen özlerini rahat duýýarlar. Söýgülisine ynanýarlar, aç-açan aragatnaşyk saklaýarlar we goldaw berýärler. Gaçýan baglanyşyk: Bu stili bolan adamlar garaşsyzlygy ileri tutýarlar we köplenç ýakynlykdan gorkýarlar. Emosional zerurlyklary peseldip bilerler, uzak dowamly gatnaşyklardan çekinýärler we ýönekeý duşuşyklary…

Söýgi we baglanyşyk stilleri.

Öýüň ýylylygy

2018-nji ýylda, men ýokary bilim almak üçin daşary ýurda gitmek kararyna geldim we gitdim. Täze bir ýurt, täze durmuş, täze tejribeler - bu döwür meniň durmuşymda täze bir sahypa açdy. Täze ýerler, täze adamlar we dürli mümkinçilikler meni özüne çekdi. Her gün täze bir zat öwrenýärdim, täze dostlar edinýärdim we dürli medeniýetler bilen tanyşýardym. Bu döwür, meniň üçin täsirli we gyzyklydy. Ilkinji aýlar meniň üçin diýseň täsirli boldy. Uniwersitetiň köpugurly durmuşyna goşulmak meni özüne çekdi.…

Wajyp zat

Wajyp zat (hekaýa) Howa örän petiş bolansoň, daş-töwerekdäki ähli zatlar-baglardan başlap, ýol ugrunda pytrap ýatan süýji gaplaryna çenli bugarýan ýalydy. Şular ýaly howada diňe howa görä geýinmelidigine düşünmeýän ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzjagaz galyň matadan tikilen köýnekde öýünden çykar. Onuň arka tarapyndan urýan ýalyn egnine ýetmän duran keltejik gara saçlaryny ikä bölüp geçýärdi. Şonda gyzjagazyň inçejik biliniň töweregine aýlanan iki sany gyzyl lentajyk öňe tarap uzalyp gidýärdi. Gyzjagazyň gulagy maşyn seslerine werdiş bolup gidensoň, ol uly ýola…

Süňk hossarlarym

Birmahallar gaty gadym döwürlerde men çagadym we meniň ejem bardy. Indi seredip otyryn welin, ol gunler şeýle bir uzak görünýä, aslynda bu zatlar boldumyka beri, ýa-da bularyň hemmesi meniň hyýalbentligimiň netijesimika diýen pikir hem döreýär. Ana, onsoň çagalygym ejem bilen geçdi. Hany beýlekiler, kakaň, doganlaryň diýmekleri mümkin. Sebäbi eje we gyzy diýen maşgala bolmaýar. Olar hem bardy. Kakamyň kimdigini men ahyram doly tanaman galdym. Ol hemişe içgili we hemişe ukuda gezdi, soňam aradan çykdy. Doganlarynyň…

Süňk hossarlarym

ORTA MAŞGALA

Oraz Türkde uludan toý etdi,gelni bilen İstanbula hem-de Ankaradaky tanyş garyndaşlaryna aýlandylar. Türkleriň aýdyşy ýaly Bal aýyny(edil ballymy dälmi ol nägümana) geçirdiler. Ýaş jübütler täze öýe göçen wagtlary hem öýlerinde myhman kem bolmady. Oraz içinden “Ohow bular bizi myhmançylyga çagyrmaly dälmaý? Gaýta tersine bize gelýärler, bolýa çemodan iýmelidir welin onam toýdaky hyzmat edenler iýse ýerine düşjek!” diýdi. Oraza toýdan öň we soň köp adamlar maslahat berdi; Tejendäki agasy Kerim; — ““ İnim heleýi başdan çagany…

SORAG

Adam pahyryň ömri gaty çalt geçýäni hakyky. Agam bilen bile ýylgyn tokaýlygyň içinde düýe bakýanymyz düýn ýaly welin indi seredip otursam öz çagalarymyň ýetişip öýli işikli bolanyna iki üç ýyl geçipdir. Çagalarymyň hem hersiniň özüçe üýtgeşijek häsiýetleri bar. Uly gyzym durmuşa çykmanka öýde ejesiniň diýenini etmän kän gaharyny getirendir. Elmydama ejesi ýa-da jigileri bilen kejeleşip ýörendir. Birdan nesibesi açyldy-da durmuşa çykdy gidiberdi. Soň çagalary bolansoň ejesine kän sag bolsun aýdyp jaň edendir “Indi seniň ýagdaýyňa…

Öý bikesi

Öý bikesi (hekaýa) Şäher örän uly tizlik bilen ýaşaýar. Edil giç oýanyp, şonuň öwezini dolmak isleýän ýaly, dynuwsyz hereketde bolýar. Häzir dagy eliň degenden işläp duran enjamlara-a çenli ulanyşa girdi, jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Bular ýaly durmuş bilen köpler öwrenşip bilmänem alada galýarlar, aýratynam, eger olar obadan göçüp gelen ýa-da şähere durmuşa çykan bolaýsalar. Ogulboldy daýza kejigen wagty häzirlerem öwrenişmändigini aýdyp, ulaldyberýän bolmagam mümkin. Ýöne onuň şäherde doglan we sözüň doly manysyndaky şäherli gyzyna…