İşçi
SORAG
3 minut alar
Adam pahyryň ömri gaty çalt geçýäni hakyky. Agam bilen bile ýylgyn tokaýlygyň içinde düýe bakýanymyz düýn ýaly welin indi seredip otursam öz çagalarymyň ýetişip öýli işikli bolanyna iki üç ýyl geçipdir.
Çagalarymyň hem hersiniň özüçe üýtgeşijek häsiýetleri bar. Uly gyzym durmuşa çykmanka öýde ejesiniň diýenini etmän kän gaharyny getirendir. Elmydama ejesi ýa-da jigileri bilen kejeleşip ýörendir. Birdan nesibesi açyldy-da durmuşa çykdy gidiberdi. Soň çagalary bolansoň ejesine kän sag bolsun aýdyp jaň edendir “Indi seniň ýagdaýyňa düşünýärin!” diýip. Biz wagtynda “Ene ata bolaňda düşünersiňiz. Şu wagt size aýdylýan zatlar erteki ýaly gelýändir!” diýip kän aýdypdyk (Aslynda bize-de aýdylypdy).
Durmuşda hemme zadyň öz wagtynyň barlygyna sözüm ýok. Islendik bir wakanyň başdan geçirilmegi bilen şol duýgylara düşünmeklik ýaly sazlaşykly zat gaty az. Meselem kiçijek bäbege gyzgyn çäýnegi görkezip “Biş, ýanarsyň” diýeniň bilen ony niýetinden dänderip bilmeýärsiň. Şol gyzgyn çäýnek hökman ellenip görülmeli we eliňi ýakyp şol duýgyny başdan geçirmeli. Şol wakadan soň gyzgyn zady ellemezlik beýnimize ýazylyp goýulýar.
Ýene bir zat barada aýtsam her bir nesil beýleki nesilden tapawutly bolýar ekeni. Bizde kän bir kakamyz bilen oturyp arkaýyn gürleşip bolanokdy. Kimiň kakasyna seretseň gaşlary çytyk, agras adamlar. Onsoň biz bir kän kakamyza meňzemejek bolup çagalarymyz bilen kän aramyza araçäk goýmadyk. Haýsy kitapda okanym ýadyma düşenok welin bir gowy sözlem ýadyma düşýär : “ Kakaň ýaly bolup, ogluňa kakalyk edip bilmersiň!” diýip.
Kiçi oglum bilen aramyzda kän bir araçäk ýok ýöne bu araçäksizlik diýmek däl (Bolmalysy ýalymyka diýýän menä özümçe). Kiçiliginden bäri islän wagty çekinmän lýuboý meselede sorag sorap bilýär. Bir gezek ýadyma düşýär ýanym bilen klasdaşlarymyzyň mekdebi gutaranymyza 15 ýyllyk ýubileýimize äkidipdim. Gaýdyp gelýärkäk gije maňa “Kaka ol klasdaş gyzlaryň arasynda öň söýüşen gyzyňam bardymy?” diýip sorapdy. Näme diýip jogap berjek? Gyzlaryň içinde bir iki sanysyny gowy edip analiz etmänä bu soragy soramaly däl ol…
Aý şeýdip ömrüne sorag baryny berdi menem başardygymdan jogap berip şu günlere geldik emma ýyl ýyldan soralýan soraglar kynlaşýar. Arada daşary ýurtdan maňa jaň edip “Kaka bize ýalňyş terbiýe beren ýeriň boldumaý ýa-da şuna ýalňyş öwredipdirin diýdiňmi hi?” diýip sorady. Edil şol moment kelläm işlemeýän ýaly boldu-da kanagatlanarly jogaba berip bilmedim. Şol gije dogrymy aýtsam ýatyp hem bilmedim. Sebäbi ol sorag ýönekeý bir sorag däldi. Nirede näme ýalňyş edildikä? Keýwany bilen hem maslahatlaşdym bu soragy welin özümizde kem goýmady. Iliň ýetip bilmedik düzgüninde ýetişdiripdiris çagalary. “Wah ol şeýledir welin bärdäki sorag başga ýeriňden tutulyp soralan sorag ahyry!”
Ahyry çydaman bir iki günden soň ogluma jaň edip;
Aý oglum seniň şol soragyňa kanagatlanarly jogabymyza ýok ýöne gije ýatan wagtymyz elmydama wyždanymyz rahat ýatyp bildik. Hudaýyň beren ýekeje gününe närazylyk bildirmedik. Size ýalňyş zady öwretmekden geçen, ýanyňyzda ýekeje hapa söz sözlemedik sizdenem eşitmedik. Biz size söz bilen däl-de öz edýän hereketlerimiz bilen terbiýe berdik. Siz eşidip däl-de görüp hem synlap öwrendiňiz. Meniň pikirimçe töweregiň çagalaryndan siziň tapawudyňyz hadysalary analiz edip bilmek ukybyňyzyň bolmagymyka diýýän. Şu ýerdäki maňa beren soragyň aşagynda ýatan sebäp hem şol. Düýn gije ýatmankam owadan owadan sözler ýadyma düşip duranda turup ýazmaga ýaltanaýdym-da. Ýogsa bu wagta seni agladardymam….