Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

GAÝYN ENE BILEN GELNIŇ ARASYNDAKY DYNMAÝAN DAWA

2 minut alar

 

Gaýyn ene bilen gelniň arasyndaky düşünişmezlik bütin dünýäde görülýän we gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan bir hadysadyr. Özümizde hem şeýle ýagdaý bolup geçýän bolsa geñ görüp oturmaly däldir, sebäbi, bu ýagdaý durmuşyň bir hakykatyna öwrülendigine düşünmelidiris. Gaýyn ene bilen gelniň arasyndaky ilkinji düşünişmezligiň dört müň ýyl mundan ozal arheologiki gözlegleriň netijesinde ýüze çykandygyny we ol daşyň ýüzüne näçe müň kilometr uzaklykdaky ýan ýoldaşyna, öz ýagdaýyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edendigini, taryhçylar belläp geçýärler: “Gel, meni ejeňden halas et, bolmasa men ölýärin”.

Görşüňiz ýaly, bu hadysa öňden bäri bolup gelýän, häzir hem dowam edýän we soñam dowam etjege meňzeýär. Bu irki hadysa, esasanam, iki aýal maşgalanyň bir erkek adamyň üstünde höküm sürmek islemegi bilen ýüze çykýar. Şeýlelik bilen gaýyn enesi güýjüni ýitirmezlige ýa-da derrew başga birine geçirmezlige garşy dursa-da, gelinler ýaş we hereketli bolmaklary we köplenç çagalary arkaly, esasanam, oglan çagalary arkaly gazanan bu güýjüni güýçlendirmek bilen gaýyn enä garşy çykýarlar. 

Durmuşa çykmak, aýal maşgalanyň başga bir maşgala gelmegini, familiýasyny üýtgetmegini, ýoldaşynyň propiskasyna geçmegini aňladýar. Öňler gaýyn, gelin bilen gatnaşykda, iň güýçli tarapdy. Indi bolsa, üýtgeýän durmuş ýagdaýlary, bilelikde ýaşamagyň öňki döwürlere görä peselmegi, nika gyýlandan soňra gaýyn enelerini az sylamak isleýän gelinler, ogullaryny, esasanam, agtyklaryny has köp görmek ýaly sebäpler üçin gelinleri bilen düşünişmäge synanyşmaklary, olaryň öňki döwürlere görä güýçlerini ýitrendikleriniň nyşanydyr. Şonuň üçin, häzirki zamana "wagt gelinleriň wagty" kesgitlemesini bermek dogry bolar. Sebäbi, nesilden nesle geçilende gaýyn ene bilen gelin arasyndaky gatnaşyk hem üýtgeýär. Bu tema barada ýazara zat köp, emma, men häzirlikçe gatnaşyklarda we çaknyşyklarda ýüze çykýan iň esasy bellikleri edesim gelýär:

  1. Bir öýde bile ýaşamak,
  2. Gaýyn enäniň hemme zada goşulmagy,
  3. Her iki tarapyň bir erkegi gabanmagy,
  4. Gaýyn enäniň hemme zada rugsat bermeýşi,
  5. Öz gyzy ýaly görmeýşi,
  6. Sözüni geçirmek isleýşi,
  7. Gaharjaň, gysyk we häsiýetsiz bolmagy,
  8. Gelninden daşrak durmagy,
  9. Iki tarapyň hem bir-birini nätanyş görmegi,
  10. Bir erkegi paýlaşyp bilmezlikleri,
  11. Täze gelen gelniň, gelen ýeriniň öňden bäri dowam edip gelýän öý däbine eýermeginiň talap edilmegidir.
320 |
|