Özüňi ösdürmek

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Disclaimer ⚠️: Bellik mowzukda siziň şahsy düşünjelerňize, pikirleriňize garşy pikirleriň bolmagy ähtimal! Öňünden duýdyrmady diýmäň we bu pikirler awtoryň şahsy pikirleri bolup hakykat bolmaga dalaşgärlik etmeýär we bu mowzukdan aljak täsirlenmeleriňize we kararlaryňyza awtor jogapkär däl! Nädip hakyky erkek bolmaly? Bellik 2: ⚠️ bu tema diňe erkekler üçin, 18 ýaşdan kiçilere we gyzlara, zenanlara aýallara (umuman femine jandarlara) okamak gadagan! ❌ Salam erkekligiň nämedigne düşünmeýän mikrotestasteronuslar we estrogenuslar. Nädip erkek we hakyky maşgalanyň kakasynyň nähili…

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Meniň makalam näme üçin çykmaýar?

«Metbugat redaksiýalaryna makala ugradýaryn, ýöne çap edenoklar» diýip zeýrenýänleri eşiden bolsaňyz gerek. Bu meselede birnäçe sebäbi göz öňünde tutmaly. «Size suw durnuklylygy barada makala iberdim, emma çykarmansyňyz» diýen ýaly ýüzlenmeler bolýar . Ilki bilen, redaksiýa biziň her diýen zadymyzy çap etmeli diýen talap ýok. Käbir adamlar bolsa: « Biziň edaramyzdan şol tema boýunça makala çykarmaly diýen talap bar» diýýärler. Emma redaksiýa biziň edaramyzyň ýöriteleşdirilen sahypasy däl, we ýolbaşçylarymyzyň talabyny hökman ýerine ýetirmeli diýlen düzgün ýok.…

Şasenemiň hekaýasy…

Her Mejnunyň bir Leýlasy bar. Her Mejnunyň maksadyna ýetmegi üçin geçmeli bir çöli bar. Ýöne Mejnunyň gözi şol çöli we içindäki kynçylyklary görmez. Ol özüniň söýgüsiniň ululygyna sereder. Her söýýän jübütiň gowuşmasy üçin pida etmeli, el çekmeli zatlary hökman bardyr, eger hakykatdan hem söýýän bolsa. Bu waka şeýle başlandy…. 1-nji sentýabrdy. Säher bilen kim okuwa, kim işe howlugýardy. Men bolsa uniwersitete howlugýardym. Sebäbi talyp bolmak arzuwym hasyl bolupdy. Okuwymyň ilkinji güni hem begenýärdim, hem aljyraýardym……

Şasenemiň hekaýasy…

Nädip programmist bolýarlar? Ýa doga bitdimi?

– “Hem akyl ber, hem iliňden akyl al, Kitapdan däl gara ýerden nakyl al, Alan zadyň demiň bilen ýakyp al.” K.G. Aslynda programmist bolunýarmy ýa-da doga bitdimi? Iň gysga näçe wagtda programmist bolup bolar? Başyny hekaýa bilen başlap, onuň mysalynda programmist hünärine gadam basýan dostlarymyz üçin näme etmeli däl, näme etmegi maslahat berilýär ýaly soraglara garap geçeris. (Soraglaryň jogaplary “standart” däldir, ýa-da düzgün däl. Bu diňeje meniň 6-ýyllyk iş-tejribäme, başlangyçlary ýetişdirmekde tejribäme esaslanýan, gara ýerden…

Nädip programmist bolýarlar? Ýa doga bitdimi?

SAŇA AÝTMALY ZATLARYM BAR!.. Hawa, bu men! Saňa hat ýazmagy gowy görýän dostuň! Meniň saňa aýtmaly zatlarym bar! Men arzuw etmekden ýadadym, gadyrdan! Çünki köňül aýnam döwüleni bäri äpişgämden sowuk şemal girýär ýüregime... Ol ýerdäki gürsüldiniň sesi bolsa barha haýallap, gursagymam daşa öwrülip barýan ýaly... Bärde üşesemem seniň getirjek baharyňa henizem garaşýan men. We ähli güýjim bilen saňa hat ýazýaryn, gadyrdan, seniň kimdigiňi bilmesemem! Hiç kime aýdyp bilmedik zatlarymy saňa ýazyp ugradasym gelýär birhili. Bir…

Näçe gezek şowsuzlyga uçran hem bolsa, öňki “Facebook” häzirki “Meta” işe kabul edilen Resulkary Saparow bilen söhbetdeşlik

Mazmuny: Resulkary bilen söhbetdeşlige itergi Sizde bar bolan adaty bolmadyk endik näme? Beýleki adamlara iň köp maslahat berýän kitabyňyz haýsy? Näme üçin Asmany başladyňyz? Makalamyň ösüşi indi nähili geçýär? Geçmişde şowsuzlyk, şu wagt bolsa üstünlik diýip hasap eden zadyňyz boldumy? Geliň, ilkinji mysalyňyza biraz çuňňur gireliň. Siz Ýyldyz Tehniki uniwersitetinde iki ýyl okadyňyz, soňra bolsa Bilkent uniwersitetine geçdiňiz. Iki ýyldan soň uniwersitetiňizi çalyşsaňyz, uniwersitetdäki iki ýylyňyzy biderek sarp eden ýaly pikir etmediňizmi? Şowsuzlyklar bilen baglanyşykly…

Näçe gezek şowsuzlyga uçran hem bolsa, öňki “Facebook” häzirki “Meta” işe kabul edilen Resulkary Saparow bilen söhbetdeşlik

Pikir Ummanyndan Bir Damja…

Arada şeýleräk ýazga duş gelipdim. Setirler maňa tanyşdy birhili. Halkymyzyň kitaba bolan umumy garaýşy surtalandyrylýardy hakykatçyl bir äheňde. Iň begenýän zadymam näme bilýäňizmi? Pikirler we garaýyşlar satyn alynanok, olar mugt:). Şol sebäpli şeýle ägirtleriň işlerini siz okyjylara, ýagny pikirlenýän adamlar bilen paýlaşmak meniň üçin lezzet. Ted aýtmyşlaýyn “Ideas worth spreading” . Hem arada maňa diýildi: “Pikiri pikirlenip bilýän adam bilen paýlaşmaly.” «Türkiýede kitap ýaly gadyrdan gaçan başga hiç zat ýok bolsa gerek. Hamidiýe suwy däl,…

Başgalaryň Pikirleri Hakynda Özüme nesihat Gijräk bolsa-da durmuşyň ýene bir hakykatyna göz ýetirdim. Adamlaryň sen hakyndaky ýalňyş pikirlerini üýtgetmäge synanyşmak, deňze daş atmak ýaly boş zatdyr. Sebäbi her bir adam beýlekilere özleriniň gözýetiminiň, durmuş pelsepesiniň we içki dünýäsiniň äpişgesinden serederler. Sen näçe gowy, dogruçyl, ahlakly, hoşniýetli bolsaň hem, başga adam saňa öz garaýşyndan baha berer. Şeýle ýagdaýda özüňiň gowudygyňy olara subut etmek bolsa düýbünden peýdasyz işdir. Dogry, köpçüligiň pikiri güýçli zatdyr. Ýer şarynyň tegelekdigini goldan…

Bir ýylda meniň gazananlarym

Hemme kişem ömrüniň her pursatynda, näçe ýaşasa ýaşasyn durmuşdan ders almaga, bir zatlar öwrenmäge dowam edýär. Hemme kişi üçinem üýtgeşik, bir zadyň başlangyjy bolan, täsin ýyly bolandyr. Menem şu ýyl barada, şu ýylda gazanan, ýitiren, başdan geçiren zatlaryma bir ser salmak isledim. Indi muny her ýyl dowamly ýerine ýetirmek isleýärin, siziň hem etmegiňizi maslahat berýärin. Soň haçanam bolsa, göwnüňiziň islän pursady şol ýazan zadyňyza seredersiňiz, we nähili öňe gidendigiňizi, kämilleşendigiňizi derňäp, geçen ýyla (ýyllara) görä…

Bir ýylda meniň gazananlarym

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?

Makalam-y ulanylyşa girizenimize bir hepde dolup gelýär we bu gysga wagtda eýýäm birnäçe zatlardan tejribe ýygnap netije çykaryp bildik. Saýtymyza girýän adam sany artdygyça ýüze çykýan meseleler hem artýar we bize saýtymyzy has hem güýçli fundamentiň üstüne oturdyp dowam etmäge mümkinçilik berýär. Edilýän proýektleri goldamak isleýän, ýöne güýçli fundamentiň üstüne gurulmagyny isleýän diňe biz däl, ulanyjylardan hem bu barada soraglar gelip başlady. Twitter-den gelen bu soraglara ýeke-ýeke twitter-dan jogap ýazmak ýerine makalam-da bir makala şeklinde…

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?