Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

Kompýuter Inzener

Näçe gezek şowsuzlyga uçran hem bolsa, öňki “Facebook” häzirki “Meta” işe kabul edilen Resulkary Saparow bilen söhbetdeşlik

11 minut alar

Mazmuny:

  • Resulkary bilen söhbetdeşlige itergi
  • Sizde bar bolan adaty bolmadyk endik näme?
  • Beýleki adamlara iň köp maslahat berýän kitabyňyz haýsy?
  • Näme üçin Asmany başladyňyz?
  • Makalamyň ösüşi indi nähili geçýär?
  • Geçmişde şowsuzlyk, şu wagt bolsa üstünlik diýip hasap eden zadyňyz boldumy?
  • Geliň, ilkinji mysalyňyza biraz çuňňur gireliň. Siz Ýyldyz Tehniki uniwersitetinde iki ýyl okadyňyz, soňra bolsa Bilkent uniwersitetine geçdiňiz. Iki ýyldan soň uniwersitetiňizi çalyşsaňyz, uniwersitetdäki iki ýylyňyzy biderek sarp eden ýaly pikir etmediňizmi?
  • Şowsuzlyklar bilen baglanyşykly ýene bir sorag, Bilkente ýa-da “Meta” tabşyranyňyzda şowsuzlykdan gorkduňyzmy we şeýle bolsa, ony nädip ýeňdiňiz?
  • Soňky 5 ýylyň dowamynda haýsy ynanç, endik ýa-da häsiýet durmuşyňyzy kämilleşdirdi?
  • Özüňizi aşa ýadan duýaňyzda näme edýärsiňiz?
  • Şu wagta çenli eden iň gowy maýa goýumyňyz näme?
  • Indi, programma üpjünçiligine geçeliň. Tejribe almak isleýän akylly Programma üpjünçiligi ugrundan bilim alýan talyplara näme maslahat bererdiňiz?
  • Talyplara beren ilkinji maslahatyňyz barada aýdylanda, olar üstünde işlemek üçin taslama nädip tapmaly?
  • Programma üpjünçiligi inženeri bolmak hakda köp eşidýän toslamaňyz näme?
  • Adamlar siz hakda nireden bilip bilerler?

Resulkary bilen söhbetdeşlige itergi:

Resulkary Türkmenistanyň kiçi şäherinden. Bilkent uniwersitetinde okuwy tamamlamazdan we diplom almazdan ozal Ýyldyz tehniki uniwersitetinde Kompýuter bilimi we Görkezme tehnologiýalaryny iki ýyl okady. Onuň ozalky derejesiniň Programma üpjünçiligi bilen hiç hili baglanyşygy ýokdy we Bilkentiň has gowy mümkinçilikleri berip biljekdigine ynanýardy. Bu töwekgelçilikli ädimdi, sebäbi Resulkary Ýyldyz Tehniki uniwersitetinde iki ýyl okanyndan soň ondan ýüz öwrüpdi. Soňra bolsa Bilkentde Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary ugry boýunça bilim alyp başlady. Uniwersitet ýyllarynda okuwdan we goşmaça taslamalardan daşary, Resulkary Kompýuter inženerçiligi ugrundan işe girmek ýa-da tejribe geçmek üçin programmirlemäni bilmeýän köp sanly türkmenlere mentorlyk (mentorship - halypalyk) etdi. Okuwy tamamlandan soňra, Resulkary Amsterdamda bir ýyl işledi, häzirki wagtda bolsa Londonda “Meta” kompaniýasynda programma üpjünçiligi inženeri bolup işleýär.


Söhbetdeşlik:

Sizde bar bolan adaty bolmadyk endik näme?

Käwagtlar men hiç zat etmeýärin. Esasanam howa gowy bolsa, daşary çykyp oturyp bilerin. Ümsümlikde geçirýän wagtym maňa belli bir derejede gözegçiligi yzyna almaga kömek edýär. Sebäbi köplenç aňym edilmeli işler bilen başagaý. Bu meseleler, maksatlaryma has ýakynlaşmak üçin edilmeli işler ýa-da nahar bişirmek we arassaçylyk işleri ýaly gündelik zatlar bolup biler. Şeýlelik bilen, hiç zat hakyndada pikir etmän geçirýän wagtym beýnim işjeňleşip, durmuşymyň has uly suratyny görüp bilýär. Üstünde işläp biljegim gyzykly pikirler kelläme gelip başlaýar ýa-da gymmatlyklarym başga tarapa üýtgese, maksatlarymy täzeden seljermäge tarap ýöreýärin.

Beýleki adamlara iň köp maslahat berýän kitabyňyz haýsy?

“Thinking Fast and Slow”  (“Çalt we haýal pikirlenmek”) iň köp maslahat berýän kitabym. Kitaby okamak kyn; şeýlelikde, ony okanymda beýnimiň maglumatlary gaýtadan işlemegi we bu hakda pikirlenmegi üçin bölümleriň arasynda arakesme bermeli boldum. Arakesmeleriň hemmesini alanymda ol kitaby tamamlamak üçin bir ýyl töweregi wagt aldy. Kitap aňymyzyň nähili işleýändigi barada gowy düşünje berýär hem-de instinktlerimiziň we duýgularymyzyň kemçiliklidigini içgin subut edýär. Şol düşünjelere düşünmek adamy has obýektiw edip bilýär.

Näme üçin “Asmana” başladyňyz?

Ilkibaşda Makalam diýlip atlandyrylýan “Asmana” 2019-njy ýylda, uniwersitetde ikinji ýylymyň ahyrynda başladym. Şol wagtlar ilkinji praktikamy bir startup kompaniýasynda edýärdim. Ol ýerde esasan Natural Language Processing üstünde işleýärdim. Türk dilinde ýazylan twitleri ýygnap, ol ýerde ýazylan pikirleri we duýgulary seljerip biljek bir algoritm döretmäge synanyşýardym. Munuň üstünde işleýän wagtym, türkmen dilinde-de şol bir zady edip bolarmyka diýip özümden soradym. Şeýle-de bolsa, türkmen dilinde ýazylan mazmuny (kontent) tapmagyň kyndygyny tiz gördüm, sebäbi “Google” türkmen tekstini gowy indekslemeýädi we şeýle-de türkmençe ýazylan makalalar bir ýerde tapdyrmyýardy. Az sanly türkmen ýazyjylary “Mediumda” we “Twitterde” ýazýardy, ýöne türkmen dilinde köp gowy ýazyp boljak bir ýer ýokdy. Bu meseläni çözmek üçin, türkmenleriň kontentini adamlara has elýeterli etmek üçin “Mediuma” meňzeş web sahypasyny döretmeli diýip pikir etdim. Sebäbi “Medium” iňlis dilinde köp kontenti tapyp boljak ýer. Bu web sahypasyna häzir Makalam diýilýär we şu ýyl nesip bolsa işe başlar diýip umyt edýärin.

“Makalamy” döretmek üçin, maňa ony gurmaga kömek etmek isleýän barmy diýip twit atdym. Birnäçe adam maňa bu web sahypany gurmaga kömek etmek isleýändiklerini aýtdy; emma, olar programmirlemek hakda hiç zat bilmeýärdiler. Jogap beren adamlaryň arasynda programmirleme bilen adam bolmadygy we meniň ýeke özüm bu proýekti etmegim üçin gaty köp aljagymy bilenim üçin, olary programmirleme öwrenmäge ugrukdyrmak hakda pikir etdim. Olara HTML, CSS we JavaScript-den başlarys we bir ýyldan soňra “Makalama” goşant goşup bilersiňiz diýdim. Olar web ýasamagy noldan öwrenip ýörkäler, men “Makalamy” özbaşdak gurýardym. Hepdede iki gezek duşuşmagy makul bildik, sebäbi olaryň mümkin boldugyça çalt öňe gitmegini we “Makalamyň” ösüşine goşulmagyny isledim. Praktika geçeniňde ýa-da uniwersitetde okaýan wagtyň başga bir taslamanyň üstünde işlemek üçin wagt tapmak kyn, sebäbi olaryň ikisi hem köp üns talap edýär.

Wagtyň geçmegi bilen “Makalam” üçin web düzülişini öwrenýän öwrenjeler (mundan soňra menti) öz dostlaryny programmirlemegi öwrenmäge çagyrdylar we toparymyz ösdi. Mundan başga-da, häzirki wagtda bu programmany gutaranlaryň köpüsiniň bu ugurda iş ýa-da tejribe hökmünde işleýänligini göz öňünde tutup, bu mentorlygyň aýratyn taslama hökmünde seredilip bilinjekdigine düşündik. Indi bu mentorlyk programmasy we “Makalam”,  “Asman” atly has uly guramanyň içinde.

Makalamyň ösüşi indi nähili geçýär?

Häzirki wagtda men “Makalamy” işjeň ösdürmeýärin, esasanam mentiler onuň üstünde işleýärler. “Google” terjimesinde türkmen dili girizilenden soň, “Makalam” gurmakdaky tagallalarymy haýallaşdyrdym, sebäbi indi türkmen kontentiň öňküsinden has elýeterli boljakdygyny bilýärdim. “Asmanyň” esasy maksady türkmen kontent platformasyny gurmakdan, web ösüşine gönükdirilen türkmen programmirleme inženerlerini taýýarlamaga çalşyldy.

Geçmişde şowsuzlyk, şu wagt bolsa üstünlik diýip hasap eden zadyňyz boldumy?

Adatça şowsuzlyklary şowsuzlyk diýip hasaplamok; olary sapak hökmünde kabul edýärin. Sebäbi haçanam bolsa, olar bolup geçende näme üçin şeýle bolandygyny anyklamaga we olardan öwrenmäge synanyşýaryn. Mysal üçin, okamak isleýän uniwersitetime ýa-da bölümime kabul edilip bilinmedik wagtym, ýeterlik derejede okamaýandygym üçin özümi günäkärleýärdim. Ýa-da haýsydyr bir arzuw edýän kompaniýamda praktika geçmek üçin ýa-da okuwy gutaranymdan soň işe girmek üçin kabul edilmedim diýip, ondan ýüz öwremokdym. Bu kompaniýalar üçin ýeterlik derejede taýýarlygym ýokdugyna düşünip, ol ýere kabul edilýänçäm öz üstümde işlärdim. “Şowsuzlyga” bolan garaýşym bu 2 mysal bilen çäklenmeýär. Haçanda islän zadymy alyp bilmeýän wagtym, soňky basan ädimimde nämäniň ýalňyşdygyny anyklamaga synanyşýaryn. Soňra şol sapaklary özümi kämilleşdirmek üçin ulanýaryn.

Geliň, ilkinji mysalyňyza biraz çuňňur gireliň. Siz Ýyldyz Tehniki uniwersitetinde iki ýyl okadyňyz, soňra bolsa Bilkent uniwersitetine geçdiňiz. Iki ýyldan soň uniwersitetiňizi çalyşsaňyz, uniwersitetdäki iki ýylyňyzy biderek sarp eden ýaly pikir etmediňizmi?

Ene-atam we garyndaşlarym iki ýyldan soň okuwy taşlamak gowy pikir däl diýdiler. Başda uniwersitetiňi tamamla, soň islän zadyňy edip bilersiň diýdiler. Ýöne islemeýän uniwersitetimde we islemeýän ugrumda ýene-de iki ýylymy boşuna harjamak islemedim. Şol sebäpli şol ýerde ýitgimi azaldyp, dowam etdirmeli diýen karara geldim. Mundan başga-da, okuw meýilnamasy we bilim taýdan Bilkent uniwersitetiniň Ýyldyz Tehniki uniwersitetine garanyňda has geljegi uludygyny bilýärdim, onuň hem geçmek kararymda uly ähmiýeti bar.

Şowsuzlyklar bilen baglanyşykly ýene bir sorag, Bilkente ýa-da “Meta” tabşyranyňyzda şowsuzlykdan gorkduňyzmy we şeýle bolsa, ony nädip ýeňdiňiz?
Munuň sebäbini bilemok, ýöne şowsuzlyk gorkusy mende ýok öýdýän. Pes etmän synanyşmagy we ýalňyşlyklaryňyzdan öwrenmegi dowam etdirseňiz, ýüregiňize düwen ähli zatlaryňyzda üstünlik gazanmagy başararsyňyz. Elbetde, siziň ýüregiňize beslän zadyňyz kanuny ýa-da başga sebäplere görä, meselem ABŞ-nyň raýaty bolmazdan ol ýurduň Prezidentligine saýlanmak ýaly, ýetip bolmajak maksat bolmasa onda üstünlik gazanyp biljekdigiňize ynanýaryn.

Bir maksada ýetmek üçin ilki bilen ony saýlamaly. Ösmek we höweslenmek üçin mümkinçilik döreder ýaly, ol maksadyň kyn we manyly bolmagy zerurdyr. Soňra bu maksady kiçi maksatlara bölmek gerek. Bu kiçi maksatlaryň size has aňsat boljakdygy sebäpli, eger-de sizde şowsuzlyk gorkusy bar bolsa, size kömek edip biljek bu kiçi maksatlar az gorkuly bolar. Maksatlaryňyza ýetmekde işlemegiňizi dowam etdirmek üçin elmydama öňe gidýändigiňizi we dogry ýoldan gitmegiňizi üpjün edýän öz özüňiziň halypaňyz bolmaly.

Soňky 5 ýylyň dowamynda haýsy ynanç, endik ýa-da häsiýet durmuşyňyzy kämilleşdirdi?

Soňky 5 ýylyň dowamynda meniň üçin möhüm bir mesele bar bolsa we ol meseläni çözmek üçin hiç zat etmeýän bolsam, bu barada zeýrenmeli däldigime düşündim. Kimdir biriniň gelip meniň meselämi çözjekdigine garaşmak, adatça hiç ýere eltmeýär. Munuň ýerine, meseläni düzetmek we ony çözmek üçin meýilnama düzmeli. Bu düşünje meni has işjeň bolmaga hem-de “Asman” we “Makalam” ýaly taslamalara başlamagyma itergi berdi.

Özüňizi aşa ýadan duýsaňyz näme edýärsiňiz?

Näme üçin ýadanlygyma bagly. Mysal üçin, uzak wagtlap bir zadyň üstünde işlän bolsam we ýadasam, bu işiň üstünde işlemegimi bes edýärin, soňra bolsa şol gün ýa-da ertesi gün oňa dolanyp gelýärin. Başga bir tarapdan, bir zadyň üstünde işlemäge hiç hili ýagdaýda höwesim ýok bolsa, beýnimi arassalamak üçin 2-3 gün dynç alýaryn we ol işe gaýdyp gelýärin. Eger-de, edýän zadyňyz siz üçin möhüm bolsa, bu gysga arakesmeden soň oňa gaýdyp gelmek zerurdyr, sebäbi kyn ýa-da içgysgynç bolany üçin möhüm meselelerden gaçmagy dowam etdirseňiz, hiç haçan ähmiýetli zady durmuşa geçirip bilmersiňiz.

Şu wagta çenli eden iň gowy maýa goýumyňyz näme?

Uniwersitetiň ilkinji iki ýylynda “Android”-y, “Machine Learning” “Backend Development”-i duýmak üçin öz halaýan taslamalaryma has köp wagt sarp etdim. “Udacity” ýaly web sahypalaryndan mugt kurslar alyp, öwrenen tehnologiýam bilen programmalary ýa-da web sahypalaryny durmuşa geçirmäge synanyşardym. Bu taslamalar maňa gyzyklanýan ugrumy tapmaga ýardam berdi. “Backend Development” (web sahypanyň kodlama ýerini ýazmak bilen bagly iş) bolan gyzyklanýan ugrumy tapanymdan soňra, bu meselä bar ünsümi jemlemegiň wagty geldi diýen netijä geldim. Özümi gyzyklandyrýan taslamalaryň üstünde işlänimde “backend development” hakda has köp zat öwrendim we has kämilleşdim. Kämilleşdigimçe, bu ugura hasam gyzygym artdy. Bu işlemek, öwrenmek we işlemek aýlawy uniwersitet döwrümde meni has kämilleşdirdi.

Bu söhbetdeşlikde sorag berýän adamyň teswiri:

“So Good They Can’t Ignore You” (Seniň gowulygyňdan ýaňa saňa üns bermän bilmezler) atly kitap bar, Resulkary “backend development”-e ünsi jemläp, syn eden zatlaryna has çuňňur girýär. Bu kitap haýsydyr bir ugra bolan höwesi ösdürmek isleseňiz, sizi ünsden düşürip bolmajak derejede oňa şeýle bir ökde bolmalydygyňyzy düşündirýär. Geliň bu ugruň gitara çalmakdygyny mysal edip alalyň. Kitapda gitara çalmak isleýän bolsaňyz, iň gowy edip biljak zadyň ony çalmagy dowam etdirmekdigini aýdýar, sebäbi bir ugurda näçe kämil bolsaňyz, şonça-da ol ugurdan köp lezzet alarsyňyz.

Indi, programma üpjünçiligine geçeliň. Tejribe almak isleýän akylly programmirleme ugrundan bilim alýan talyplara näme maslahat bererdiňiz?

Öz tejribämden we synlamalarymdan ugur alsak, olaryň üns bermeli iki zady bar. Birinji bilen, “Mobile Development” (mobil ösüşi), “Web Development” (web ýazmak) ýa-da AI (emeli intellekt) ýaly programmirleme dünýäsinde özleri üçin gyzykly bir şahany tapyp, şol şaha degişli taslamalaryň üstünde işläp başlamaly. Sebäbi aýdalyň, talyp uniwersitetiň ikinji ýyl talyby. Öň Programmirleme bilen baglanyşykly hiç hili tejribesi ýoklugy sebäpli we her bir kompýuter ylymlaryny okaýan talyp şol bir kurslary alýandygy sebäpli, ol talyp özüni beýlekilerden tapawutlandyrmak üçin bir zatlar gurup görkezmeli bolar. Taslamalary görkezmek kompaniýalaryň ünsüni özüňe çekmegiň gowy usulydyr sebäbi koduňyzy okamak bilen iş berijiler sizden köp zat öwrenip biler. Ikinjiden, internler bilen gyzyklanýan kompaniýalary işjeň gözlemeli. Sebäbi, bir kompaniýany diňe onuň ady üçin saýlasalar, tejribe manysynda ol ýerde hiç zat gazanman öz wagtlaryny boşuna gidirip bilerler.

Talyplara beren ilkinji maslahatyňyz barada aýdylanda, olar üstünde işlemek üçin taslamalary nädip tapmaly?

Taslamany nädip saýlamalydygyna girmezden ozal, her kimiň tehnologiýa bilen noldan nädip başlap biljekdigi barada durup geçmek isleýärin. Gowy başlangyç tehnologiýanyň näme edip biljekdigini we edip bilmejekdigini öwrenmekdir. Munuň üçin, jikme-jikliklere gaty çuňňur girmezden birnäçe ýazgylary gözden geçirip bilersiňiz. SQL-i ulanyp başlamak üçin hünärmen bolmak hökman däl. Şeýle-de bolsa, bu SQL-e umumy düşünmegiň elmydama ýeterlik boljakdygyny aňlatmaýar. Taslama gurýan wagtyňyz haýsydyr bir meseläni çözmek üçin SQL-iň käbir böleklerine has çuňňur çümmeli bolsaňyz, çümmekden çekinmäň.

Indi soraga gaýdyp geleliň. Bir ugurda köp tejribesi bolmadyk, öwrenmek isleýän her bir adam üçin etmeli zatlaryň biri, bar bolan önümleri göçürmekdir. Başda, şriftiň ululygy ýa-da haýsy reňkleri ulanjakdygyňyzyň üstünde işleýän taslamaňyzyň ownuk jikme-jiklikleri bilen gyzyklanmak islemeýärsiňiz. “Facebook” ýa-da “Twitter” ýaly önümleriň dizaýnyny we işleýşini eýýäm bilýänligiňiz sebäpli, olary göçüreniňizde kody ýazmakdan başga zat hakda köp alada etmegiň zerurlygy ýok. Çäkli we kesgitlenen gerim bilen zatlary nädip gurmalydygyny öwrenmek, programmirlemegiň käbir ugurlarynda gowy bolmak üçin ilkinji ädimdir. Mundan başga-da, önümiň hemme ýerini göçürmek hökman däl, diňe önümiň “Front end” (saýtyň ýüzi), “Backend” (saýtyň kodlama tarapy) ýa-da “Mobil” görnüşi ýaly kämilleşdirmek isleýän zatlaryňyz bilen baglanyşykly böleklere ünsi jemläp bilersiňiz. Taslamalary durmuşa geçirmäge ökde bolanyňyzdan soň, ikinji ädim döredijilikli bolmakdyr. Göçüren önümiňize täze aýratynlyklar goşup ýa-da noldan taslamalar gurup bilersiňiz.

Programma üpjünçiligi inženeri bolmak hakda köp eşidýän toslamaňyz näme?

Programma üpjünçiligi inženeri we kodlama birmeňzeş däl. Mysal üçin, diňe “Bootcamp:”-den (programmirleme boýunça kurslar) geçip, programma üpjünçiligi inženeri bolup bolmaýar diýip pikir edýärin. Meniň pikirimçe, “Bootcamp”-ler Web Development ýa-da Mobile Development ýaly belli bir zady öwrenmek üçin gowy, ýöne umuman programma üpjünçiligi üçin däl. Sebäbi programma üpjünçiligi inženerçiliginiň bir zady kodlamakdan has uly. Gowy programma üpjünçiligi inženerleri ulgam dizaýny, synag, deň-duşlary bilen gowy hyzmatdaşlyk we resminamalary ýazmak barada hem bilmelidirler. Şonuň üçin adamlar “Bootcamp”-lerden çykansoň gowy programma üpjünçiligi inženerleri bolmagyna garaşmaly däldirler. Şeýle-de bolsa, programma üpjünçiligi inženerleri üçin zerur bolan beýleki başarnyklary has kämilleşdirenlerinde, programma inženerlerine öwrülip biljek gowy kod ýazyjylar bolup bilerler.

Adamlar siz hakda nireden bilip bilerler?

Siz meni şu ýerlerden tapyp bilersiňiz:


Bu söhbetdeşlik programmirleme inženeri bolmaga ruhlanan adamlara ýa-da milletine we gelip çykyşyna garamazdan, karýerasynda indiki derejä çykmagyna ýardam bermäge maksat edinýän söhbetdeşlikler seriýasyndan biridir.


Şasenem Sopyýewa bu makalany terjime edip berenligi üçin köp minnetdarlyk bildirýärin!


Menden has köp zat bilmek isleseňiz, meni bu ýerlerde yzarlap bilersiňiz:


Resulkarynyň hödürlän zatlaryna degip biljek peýdaly çeşmeler:

“Steal Like An Artist”  (Suratkeş ýaly ogurla) öwrenmek üçin bar bolan önümleri göçürmegiň näme üçin gowy pikirdigi barada jikme-jik maglumat berýän ajaýyp kitap.

“So Good They Can’t Ignore” atly kitap ussatlyk bilen bir zada höwes etmek hakda gowy kitap.

Build” (Gur) gowy programma inženeri bolmagyň reseptini berýän ajaýyp kitap.


Bellikler:

  • Bu söhbetdeşligiň ýazylmagynda haýsydyr bir many ýa-da grammatiki ýalňyşlyk bar bolsa, onda ol söhbetdeş tarapyndan däl-de, eýsem, ýazyjynyň we terjime eden adamyň goýberen ýalňyşlygydyr.
  • Bu söhbetdeşlik 2022-nji ýylyň 3-nji iýulynda geçirildi.
  • Geljekde söhbetdeşlikleri nädip kämilleşdirmek boýunça pikirleriňiz ýa-da teklipleriňiz bar bolsa, maňa habar bermekden çekinmäň.
657 |
|