1 minut alar
Ýiten Göwün
Göwün diýsene... Gö-wün... bary ýogy ikije bogun... Ýöne ynsanyň tutuş bedeni, ýüregi, akyly, ruhyny onuň täsirine görä bolýan eken... Meniňem göwnüm bardy birwagtlar, ýöne ony ýitirdim tötänden. Köp wagt boldy göwnümden derek bolmanyna. Ol-a meni unudan bolmagam ahmal, ýogsa gözlegime çykan bolardy, meni tapan bolardy bir eýýäm... Ol meni näme etsin diýsen-e ,,Göwnüne seretmeýänim" üçin... Özüme galsa-ha göwünsiz hem geçip dur ömür gül ýaly bolup, sebäbi göwnüňe degýän adam ýokda ,,Göwnüm" bolmany üçin ... Ýöne…