Motiwasiýa

Üstünligiň syry

Adamyň biri parkda ýeke özi oturdy, kellesini elleriniň arasyna syrly-syrly pikirlenýärdi. Işleri bulaşyp, batmaklayga ýakyn bolan telekeçi biridi. Näme etse etsin işleri düzelmeýärdi. Bir tarapdan kredit berenler ony gyssaýarka, beýleki tarapdan-da bir topar adam töleg edilmegine garaşýardylar. Erbet içi gysypdy, hiçbir çözüw ýoluny tapyp bilenokdy. Şonuň üçin hem parkda ýadawlykdan ýeňlemek üçin oturýardy. Edil şol wagt hem ýanyna garry ýaşuly geldi-de: “Gaty gamgyn görünýäňle. Seni birahat eden bir zadyň bardygy belli...Meň bilen paýlaşmak isleýärmiň?” diýip…

Üstünligiň syry

Jennet Çilgezkuliýewa: Google-da UX dizaýneri: “Muny öwrenýänçäm, nädip UX dizaýneri boljagymy bilmedim”

Jennet Çilgezkuliýewa: Google-da UX dizaýneri: “Muny öwrenýänçäm, nädip UX dizaýneri boljagymy bilmedim” Jennet bilen söhbetdeşlige itergi: Jennet bilen 2022-nji ýylda tanyşdym. Ol UX dizaýnynyň çägine girmezden ozal, bakalawr we magistr derejelerini Interýer dizaýn ugry boýunça okady. UX dizayn hünärini özbashdak öwrenip, frilansda ishläp, tejribe gazandy we netijede 2019-njy ýylda “Motorola Solutions”-da UX dizaýneri hökmünde işe başlady. Ýöne hekaýa bu ýerde tamamlanmaýar. “Motorola Solutions”-da dört ýyl zähmet çekenden soňra, Jennet täze kynçylyklary garşysyna almagy maksat edinip,…

Jennet Çilgezkuliýewa: Google-da UX dizaýneri: “Muny öwrenýänçäm, nädip UX dizaýneri boljagymy bilmedim”

Üstünligiň syry.

Salam gadyrly adamlar. Men hem makala ýazmaga başladym. Bu meniň birinji makalamdyr. Men bu makalamda durmuşda duş gelýän üstünlikler barada düşündirmek isleýärin. Bu makalanyň üsti bilen, men öz durmuşymdaky ýeten üstünliklerimi aýdyp bererin we üstünligiň kiçijek syryny size ýetirerin. Häzirki döwürde dünýäde jemi 8 milliard adam ýaşaýar. Şolaryň hersi öz durmuşynda mynasyp ornuny tapyp, üstünlige ýetmegä tijenýärler. Ýöne gynansakda bu dünýäniň täsin bir oýuny bar. Durmuşda üstünlige ýetýänlerem bar, ýetmeýänlerem. Bu bir lotereýa petegi ýaly.…

Bulimiýa we anoreksiýa näme? Iýmit bilen gatnaşygymyzyň esasy psihologiki faktorlar.

Bulimiýa, anoreksiýa we agyz beklemek ýaly iýmit bozulmalary, adamlaryň iýmit, beden keşbi we umumy abadançylygy bilen gatnaşyklaryna ep-esli täsir edýän agyr akyl saglygy ýagdaýlarydyr. Beýniniň iň möhüm ugry bolan gipotalamus, işdäňi, metabolizmi we energiýa deňagramlylygyny kadalaşdyrmakda möhüm rol oýnaýar. Nazaryýet, gipotalamusyň termostat hökmünde hereket edýändigini, açlygy we doýma signallaryny kadalaşdyrmak arkaly durnukly agramy saklamaga synanyşýandygyny aýdýar. Adamyň agramy belli bir bahadan sowlanda, gipotalamus deňagramlylygy dikeltmek üçin fiziologiki reaksiýalary döredýär. Aç däl wagtymyz näme üçin iýýäris?…

Bulimiýa we anoreksiýa näme? Iýmit bilen gatnaşygymyzyň esasy psihologiki faktorlar.

Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik

Guwanç bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin itergi: Guwanç Nurgeldiýew Türkmenistanyň kiçeňräk bir şäherinde doglan ýigit. Ol Türkiýäniň Marmara uniwersitetinde Kompýuter bilimi we görkezme tehnologiýalary ugruny gutardy. Onuň bilim alan derejesiniň programmirleme bilen baglanyşygy ýokdy we okan uniwersiteti dünýäde o diýen meşhur däldi. Şeýlelikde, kompýuter inženeri bolmak üçin oňa şertler gaty oňaýsyzdy. Soňra, bu päsgelçiliklere garamazdan, Guwanç Türkiýede programma üpjünçiligi ugrundan öz karýerasyna ädim basmagy başardy we Ýewropada halkara derejesinde ykrar edilen kompaniýalara işe girmek bilen ony…

Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik

Şowsuzlygyň ädimleri, üstünlige tarap!

Salam gadyrly adamlar. Size birnäçe sowal: Siz şowsuzlykdan gorkýarmysyňyz? Işiňiz ugrukmazlygyndan howatyrlanýarmysyňyz? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp, synanyşyp görmekden gaça durýarmysyňyz? Eger-de siz “ hawa ” diýip jogap berseňiz, onda siziň öňüňizde, dogrudanam, ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we siz şeýdip öz maksatlaryňyza ýetip bilmersiňiz. Meniň pikirimçe sowşuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzluk bu üstünligiň ganatydyr. Şu wagtky döwürde bilşimiz ýaly üstünlige ýeten adamlar, milliarder hem-de millioner adamlar, ýa-da bolsa özüniň korýerasynda täsin işleri edýän adamlar…

Iň gowy bugdaý üçin

Iň gowy bugdaý bäsleşiginde yzly-yzyna iki ýyl baş baýragy alan daýhan bilen gürrüňdeşlik etmäne gelen žurnalistler ilki bilen özüne: “Gowy bugdaý ýetişdirmekligiň iň uly syrry nämedir?”- diýen soragyny berdiler. Daýhan olara mylakatlyk bilen şu geň galdyryjy jogaby berdi: “Özümde bolan gowy bugdaý tohumlary goňşularym bilen paýlaşmagym.” Žurnalistler bu jogaba hem geň galdylar hem-de many tapmadylar. “Nähili? Siz bu bäsleşikde garşydaşyňyz boljak beýleki daýhanlara öz gowy tohumlaryňyzy berýädiňizmi?”-diýip haýranlyk bilen bir habarçy sorady. “Hawa edil şolar…

Rahatlandyryjyň resepti :-)

Gerekli zatlar: 200 gramlyk bulgur ( ýüzi gülkünç suratly bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa ); 150 gram süýt ( iň gowus-a sygryňky, bolmasa geçiňki ýa guşuňky bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa ); Üç düwür gant ( bolsa-ha şekerçiňrikden, bolmasa-da bolmadygyndan bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa ); 50 gram gaýnag suw ( bolsa-ha çeşmäňki, bolmasa-da bolmadygynyňky bolsa-da, bolmasa-da barybir - bolýa ); Bir çaý çemçe kofe ( bolsa-ha bolýanyndan, bolmasa-da bolmaýanyndanam bolsa bolýa ); 2 sanyjak çowdary kökesi (…

Rahatlandyryjyň resepti :-)

Duýgy aňy we Danyýeliň Golemanyň "Emosional intellekt" kitaby.

Duýgy aňy durmuşyň köp ugurlarynda üstünlik gazanmagyň açarydyr. Başdan geçirýän duýgularyňyzy tanap bilýän bolsaňyz, duýgularyňyza gözegçilik edip bilýän bolsaňyz we başgalaryň duýgularyny kesgitläp bilýän bolsaňyz, emosional aň üçin üstünlikli synaşýarsyňyz. Duýgularyňyza düşünmek we dolandyrmak ukyby, potensialyňyzy durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimdir. Duýgy aňy höweslendirmek, duýgudaşlyk, pikirlenmek, stres dolandyryşy, aragatnaşyk we dürli sosial ýagdaýlara we gapma-garşylyklara düşünmek we çözmek ukybymyza goşant goşýar. Duýgy aňy möhümdir, ösdürilip ýetişdirilse, adama has kanagatly we bagtly durmuşda ýaşamaga mümkinçilik berýär.…

Duýgy aňy we Danyýeliň Golemanyň "Emosional intellekt" kitaby.

Prokrastinatsiya - Soňa goýmak

Prokrastinatsiya hemmämiziň wagtal-wagtal edýän zadymyz. Bu edilmeli meseläni ýa-da karary yza süýşürmekdir . Zyýansyz endik ýaly bolup görünse-de, gaýragoýulmak hakykatdanam akyl saglygymyza, öndürijiligimize we hatda gatnaşyklarymyza ýaramaz täsir edip biler. Adamlaryň soňa goýulmagy umumy sebäplerinden biri şowsuzlyk gorkusydyr . Kyn ýa-da kyn diýip hasaplaýan bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, başgalar tarapyndan şowsuzlyga uçramak ýa-da höküm çykarylmazlyk üçin ony goýup bileris. Bu gorky köplenç öz-özünden ýerine ýetirilýän ýagdaýa öwrülip biler , sebäbi bir işi näçe uzak…

Prokrastinatsiya - Soňa goýmak