Teswirler (8)

Ýüklenýär...
User Avatar

Kompýuter Inzener

Jennet Çilgezkuliýewa: Google-da UX dizaýneri: “Muny öwrenýänçäm, nädip UX dizaýneri boljagymy bilmedim”

10 minut alar

Jennet Çilgezkuliýewa: Google-da UX dizaýneri: “Muny öwrenýänçäm, nädip UX dizaýneri boljagymy bilmedim”

Jennet bilen söhbetdeşlige itergi:

Jennet bilen 2022-nji ýylda tanyşdym. Ol UX dizaýnynyň çägine girmezden ozal, bakalawr we magistr derejelerini Interýer dizaýn ugry boýunça okady. UX dizayn hünärini özbashdak öwrenip, frilansda ishläp, tejribe gazandy we netijede 2019-njy ýylda “Motorola Solutions”-da UX dizaýneri hökmünde işe başlady. Ýöne hekaýa bu ýerde tamamlanmaýar. “Motorola Solutions”-da dört ýyl zähmet çekenden soňra, Jennet täze kynçylyklary garşysyna almagy maksat edinip, “Google Cloud“-a işe girdi. 

Mazmun:

Umumy soraglar:

  • Adamlaryň size düşünmegi üçin durmuşyňyzyň ilkinji ýyllaryndan bilmeli esasy zatlary näme?
  • Maşgalaňyz barada biraz aýdyp bilersiňizmi? Olar size nähili täsir etdiler?
  • Özüňiz barada gyzykly bir fakt paýlaşyp bilersiňizmi?
  • Soňky iki ýylyň içinde, durmuşyňyza oňyn täsir eden 100 ABŞ dollaryna satyn alan zadyňyz näme?
  • Siz kimden görelde alýaňyz?

UX dizaýneri bolup ýetişmek bilen baglanyşykly soraglar:

  • “Google” ýaly uly kompaniýada UX dizaýneri bolup biljekdigine ynanmaýan adamlara näme maslahat bererdiňiz?
  • Biriniň UX dizaýneri bolmagy üçin ýerine ýetirmeli ilkinji üç ädimi näme?
  • Gerekli uniwesitet derejäňiziň ýokdugyny göz öňünde tutup, “Motorola” kompaniýasynda UX dizaýner wezipesine eýe bolmak üçin haýsy ýoly saýladyňyz?
  • Indi “Motorola” ýa-da “Google”-da özüňizi ýaňy başlan UX dizaýneri diýip göz öňüne getiriň. UX dizaýneri hökmünde karýerasyna ýaňy başlan adama näme maslahat bererdiňiz?
  • Adamlar siz hakda nireden öwrenip bilerler?

Söhbetdeşlik

Umumy soraglar:

Adamlaryň size düşünmegi üçin durmuşyňyzyň ilkinji ýyllaryndan bilmeli esasy zatlary näme? 

Men mitis maşgaladan. Kakam türkmen, ejem bolsa rus. Ejemiň ene-atasy hem Türkmenistanda doguldy, ýöne olaryň kökleri polýak-ukrain. Şol sebäpli hemişe dürli medeniýetlere, däp-dessurlara, dillere, dinlere we baýramçylyklara duçar boldum. Şol wagtlar mitis mirasym bilen göreşýän çagadym. Mysal üçin, ilkinji mekdebimde okuwçylaryň köpüsi rusdy we olar meni türkmen hasaplaýardylar. Emma ikinji mekdebimde bolsa, okuwçylaryň köpüsi türkmendi we olar meni rus hasaplaýardylar. Men bu toparlaryň hiçisi bilen doly garyşyp bilmändim.

Häzir men mitis mirasymy halaýaryn. Men onsuz şu wagta çenli ýeten zatlaryma ýetip bilmezdim. Garyşyk mirasymy kabul edýärin, sebäbi ol maňa durmuşdaky bolup geçýän zatlara dürli nukdaýnazardan garamagy öwretdi.

Ikinjiden, UX-da üstünlik gazanmak isleseňiz, duýgydaş bolmak möhümdir. Sebäbi UX problemalaryny çözmek üçin gelip çykyşlary we pikir edişleri seniňkiden üýtgeşik bolan adamlaryň gözünden seredip bilmeli bolýar. 

Maşgalaňyz hakda biraz aýdyp bilersiňizmi? Olar size nähili täsir etdiler?

Aýdyşym ýaly, ene-atam maňa gaty uly täsir etdi diýip pikir edýärin. Olar häzirem meniň üçin görelde bolup galýarlar.

Ejem binagärdi. Onuň nähili güýçlidigine we hyjuwlydygyna haýran galýardym. Şeýle hem, diňe ruçkasyny ulanyp owadan zatlary çyzyp/döredip bilýänligi mende uly täsir galdyrdy. Ejem karýera bolan isleglerini ejesinden miras aldy öýdýärin, sebäbi mamam hem karýera tarap ylgan garaşsyz aýal. Meniň pikirimçe, olar islän hemme ýerlerine işe girip bilerdiler. Şeýle-de bolsa, ejemiň köplenç işleýänligi üçin, deň-duşlarymyň köpüsiniň öz ejelerini görüşleri ýaly ejemi köp görüp bilmerdim. Bu bolsa munuň erbet tarapydy.

Kakam uly we mylaýym ýürekli adam. Çagalygymda edýän zatlarymyň hemmesine diňe bir iýmek, uklamak we gündelik öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem hobbilerime we gyzyklanmalaryma işjeň gatnaşdy. Çagalygymda demgysma sebäpli ýygy-ýygydan keselleýärdim. Şeýdip, hassahanalara ýygy-ýygydan baryp gaýtmaly bolýardym. Köplenç meni lukmana barlatmana getirýän adam kakamdy. Kakam ýanymda bolsa, meniň howpsuzdygymy elmydama bilýärdim.

Şeýle-de bolsa, kakam käbir pursatlarda hatda maňa ideg etmek üçin karýerasyny hem pida etdi. Şeýlelikde maşgala gymmatlyklary biziň maşgalamyzda elmydama bardy.

Mundan başga-da, ene-atamyň arasyndaky sagdyn açyk aragatnaşyk täri maňa köp täsir etdi.

(Jogabyň zamanyny abzaslar boýunça bir saklamak üçin bu jogap üçin öten zamany ulanmagy saýladym)

Siz hakda gyzykly bir fakt paýlaşyp bilersiňizmi?

Näçe köp dilde gürleseň, şonça-da gürlemek ukybyň erbetleşýär. Bu, elbetde, maňa degişlidir. Maňa we meniň ýalta beýnime bu dilleriň hemmesini garyşdyrmak has amatly boldy. Ýeke kynçylyk, şol bir diller toplumunda gürleýän adamlary tapmak.

Soňky 2 ýylda durmuşyňyza gaty oňyn täsir eden 100 ABŞ dollaryna satyn alan zadyňyz näme?

Beýniniň işleýşi (autizm derejesi) sebäpli ünsi jemlemekde kynçylyk çekýän birini tanaýaryn. Şeýlelik bilen, bir gün men onuň bilen gürleşip otyrkam, ol maňa bilmän syryny aýtdy: öýde ýeňilleşdirilen görnüşli keramika guraly. Bahasy? Bary ýogy 30 $. Goý garaşylmadyk sowgat bolsun diýip, ol guraly oňa alyp berdim. Bile oturyp dürli şekilleriň we haýwanlaryň heýkelini ýasadyk. Ol gyz döredijilik prosesi bilen meşgullanmakdan lezzet aldy, men bolsa ahyrsoňy ellerim bilen bir zat etmek üçin noutbuk işimden dynç aldym. Bu hakykatdanam meni rahatlandyrdy. Şu güne çenli ol gyz maňa şol agşamy we ol agşamyň onuň üçin nähili ajaýyp bolanlygyny ýatladýar.

Siziň görelde alýan kişiňiz kim?

Professional gurşawdan kelläme gelen ilkinji adam “Motorola Solutions”-iň öňki dizaýn müdiri Leksi Spiro. Ol örän mylaýym, kiçigöwünli, döredijilikli we açyk pikirli adam. Dizaýn müdiri bolansoň, ol gelip çykyşlary, işdäki wezipeleri we tejribeleri dürli-dürli bolan adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ökdedi. Onuň döreden toparlarynyň arasynda berk baglanyşyk bardy. Şol toparlardaky adamlar özlerini hakyky maşgala ýaly, ýagny maşgalanyň bir bölegi ýaly duýýardylar (diňe sözde däl). Topary dolandyrmagy, pikirlerini düşündirmegi we geljekki UX baradaky pikirini paýlaşmagy meni haýran galdyrdy. Adamlar tebigy ýagdaýda onuň yzyna düşýärdiler ...

Men onuň bilen duşuşmazymdan ozal beýle hyjuwly adamlaryň bardygyny bilmeýärdim. Bu, elbetde, ömrümde yz galdyrdy. Onuň bilen işlemek mümkinçiligimiň bolanlygyna gaty begenýärin. Kim bilýär belki ony ýene bir gün görerin.

 

UX dizaýneri bolup ýetişmek bilen baglanyşykly soraglar:

“Google” ýaly uly kompaniýada UX dizaýneri bolup biljekdigine ynanmaýan adama näme maslahat bererdiňiz?

Ilki bilen öwrenmek we ösmek üçin wagt sarp ediň. Rimiň bir günde gurulmandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Käwagt özüme hem ýatlatmaly bolýaryn. Sebäbi aýtmagyň etmekden has aňsatdygyny bilýärin.

Geliň, Maral atly bir gyz bar diýip pikir edeliň we arzuwy “Google” ýaly uly kompaniýada UX dizaýneri bolmak. Marala meňzeýän bolsaňyz, syýahatyňyzyň başynda okuw ýoluňyzy kesgitlemekden başlaň, “UX dizaýneri näme gowy edýär?”,  “Google ýaly kompaniýalaryň işgärlerine haýsy başarnyklar möhüm?", "Haýsy tejribelere baha berýärler?", "Men nämede ussat?" we "Men nämäni kämilleşdirmeli?".

Ikinjiden, Marala “Google”-da ýa-da şuňa meňzeş ylham berýän kompaniýalarda UX dizaýnerleri tapmagy we bu ýere ýetmek üçin haýsy ýoldan gidendiklerini anyklamagy maslahat bererin. Bu ýol Maral üçin bire bir işlemän biler, ýöne iň bolmanda ony hakyky dünýäde ýetesi gelýän ýerine alyp gidip biljek ýollary görüp başlar.

Üçünjiden, taýýarlygy wagtynda Marala özüni pikirdeş adamlar bilen gurşap almagy maslahat bererin. Öz maksatlaryna meňzeş maksatlara ýetmek üçin ösmek isleýän we öz ýollarynda öňde ýa-da iň bolmanda deň derejede bolan adamlar. Maralyň aşak düşjek ýa-da özüne şübhelenjek kyn günlerinde, bu adamlaryň onuň töwereginde bolmagy oňa bu kynçylyklary ýeňip geçmegi üçin aňsat bolar. “Google”-a we “Motorola“  girjek bolanymda özümden köp şübhelendim, aslynda şu wagtam uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolanymda henizem şübhelenýärin. Dogry adamlar bilen dogry jemgyýetde bolmak ýoluňyzy has ýakymly edip biler. Bagyşlaň, beýle soraglara gysga jogap ýok.

Biriniň UX dizaýneri bolmagy üçin ýerine ýetirmeli ilkinji üç ädimi näme?

Ilki bilen UX dizaýnynyň esaslaryna düşüniň. Eger düşünýän öýdýän bolsaňyz, ýene bir gezek soraryn, hakykatdanam düşünýärsiňizmi? UX-i öwrenýän köp adam bilen söhbetdeş bolanymdan soň, UX dizaýneri bolup işlemegiň manysyna dürli görnüşde düşünýändiklerine göz ýetirdim.

Ikinji maslahatym, bir zady düzetmek üçin gurallar gutyňyzyň bardygyny göz öňüne getiriň. Dogry guraly dogry ýerde ulanmagy öwrenmeli, UX-da hem edil şeýle. Üçünjiden, bu teoriýanyň hakyky durmuşda nähili ulanylýandygyny görüň. Hakyky durmuş meseleleriniň nähili çözülendigini, dünýäden we hakyky toparlardan mysal gözläň. Diňe teoriýany bilmek ýetmeýär. Eger kösenýän bolsaňyz ýa-da maslahat gerek bolsa, kömek gözläň, şonuň üçin jemgyýetiň bolmagynyň ähmiýetini belledim. Maňa-da ýüz tutup bilersiňiz. (Makalanyň ahyrynda Jennediň LinkedIn profilini tapyp bilersiňiz).

Gerekli uniwesitet derejäňiziň ýokdugyny göz öňünde tutup, “Motorola” kompaniýasynda UX dizaýner wezipesine eýe bolmak üçin haýsy ýoly saýladyňyz?

Okuwy gutaranymdan soň, interýer dizaýner işiniň meni belli bir ýere baglajakdygyna düşündim. Sebäbi üstünde işlemek üçin taslamalary tapmak, meniň ýaşaýan ýerimde güýçli tanyşlarymyň bolmagyny talap ederdi. Men bu çäklendirmäni islemeýärdim we şonuň üçinem başga bir karýera, has çeýe işe başlamaly diýen pikire geldim. Öz tanyşlaryma we olaryň tanaýan adamlaryna afişalary we kiçi web sahypalaryň dizaýn işlerini edip, frilans işleýärdim. Şol dizaýnlary onlaýn sapaklar arkaly nädip etmelidigini öwrendim. Şolaryň üstünde işleýärkäm, UX dizaýny bilen gyzyklanyp başladym. Şeýle-de bolsa, UX dizaýneri bolmagyň ýollaryny görkezip biljek adamym ýokdy. Şeýdip, “Google”-de gerek zatlara gözleg berip başladym, ýöne köplenç bu gözlegler hiç ýere alyp barmady.

Tutoriallara (okuw sapaklary) tomaşa etdim we esasy düşünjeleri öwrenmek üçin kiçi taslamalaryň üstünde işlemäge synanyşdym; şol ýerde bir maslahata duş geldim. Maslahat şeýledi:

Erbet tejribä (UX) eýe bolan hakyky dünýäden önümleri tapyň, meselelerini beýan ediň we çözgütleri teklip ediň.

Bu maslahaty ulanyp görmäge karar berdim. 

(Teswir: Ýaňky suratlandyran zadymyň ýönekeý ýalydygyny bilýärin, ýöne edip başlanyňyzda bu beýle aňsat däl. Portfolioňyzda şunuň ýaly işiň bolmagy size UX dizaýneri bolmaga köp kömek eder.)

Indiki iki taslama üçin, UX dizaýnyna başlamazdan ozal, bir müşderiniň hakyky önümiň UX dizaýnyny gowulaşdyrmagymy isläp, ýanyma gelenligini göz öňüne getirdim. Nämäni kämilleşdirmelidigini anyk öwrenmek üçin önümiň hakyky ulanyjylaryndan özlerinde bar bolan agyry nokatlary hakda soradym. Soňra, problemalar düşnükli bolansoň, çözgüdime ädimme-ädim düşündiriş ýazdym we näme üçin bu çözgüdi dogry hasaplaýandygymy düşündirdim. 

Birnäçe produkt üçin şol ädimleri gaýtalanymdan soň, prosesiň nähili işleýändigine has çuňňur düşünýändigime gözüm ýetdi. Sebäbi çözgüdiň käbir bölegini düşündirenimde kynçylyk çeken bolsam, gidip, näme üçin kynçylyk çekenligimi düşünmäge synanyşardym. Soň bolsa gaýdyp gelerdim we dowam ederdim. Şol döwürden başlap eden käbir proýektlerimi behance (dizaýnerler üçin portfolio meýdançasy) profilimde görüp bilersiňiz. Men ol ýerde 2016–2017-nji ýyllaryň ahyryndan diňe birnäçe taslamalary goýdum. Olaryň köpüsi, meniň we adamzadyň hatyrasyna internetden ir pensiýa çykdy. Galanlaryny bolsa iş kontraktymda bellenilişi ýaly açyklamaga ygtyýarym ýok.

Şol taslamalaryň üstünde işlemek bilen bir hatarda, onlaýn tapyp boljak UX dizaýn wezipelerine işe tabşyrýardym.

Şol wezipeleriň biri “Motorola Solutions”-dady. “Motorola”-da UX dizaýner wezipesine ýüz tutanymda, meni işe aljakdyklaryna hiç hili ynamym ýokdy. Ýitirjek zadym ýok diýip, ol işe tabşyrdym. Arza berenimden alty aý soň, maňa jaň etdiler we söhbetdeşlige çagyrdylar. Näme? Şunça wagtdan soň? Geň galdym.

Üstünlikli telefon söhbetdeşliginden soň, meni ofis söhbetdeşlige çagyrdylar. “Motorola”-daky dizaýn ýolbaşçysynyň söhbetdeşlik üçin Çikagodan gelýändigini aýtdylar. Olar bilen gürleşip otyrkam, özüme göwni ýetýän birisi deý hereket edip, “Gaty gowy” diýdim, içimde bolsa “Eý Hudaýjan, bu söhbetdeşligi nädip geçerkäm? Dizaýnerleriň başlygy? Söhbetdeşlik üçin ýörite uçup gelýär?" ýalysözler aýlanýardy. Söhbetdeşlige girdim, olar menden ozal işlän käbir taslamalarymy görkezmegimi haýyş etdiler.

Men gaty tolgunyp, hatda adymy hem ýatdan çykardym. Şol ýerdede gynançly skripka sazy ýaňlanyp başlady ... Degişýän, söhbetdeşlik gül ýaly geçdi. Iki zat maňa gaty uly kömek etdi.

Ilki bilen, taslamalarym üçin pikirlerimi düşündirmek tejribäm. Sebäbi, ofisdäky söhbetdeşlikde eden zadym hem şoldy. Öňki taslamalarymdan birini saýlap, çözgüde getiren her ädimimi beýan etdim. UX dizaýnynyň diňe bir owadan surat ýa-da ahyrynda grafika bilen baglanyşykly däldigine ýene bir gezek düşündim. Bu zatlary näme üçin edişiňiz ýaly edendigiňizi anyk bilmek möhüm. Oýun edemok.

Ikinjiden, hyjuw. Söhbetdeşlikden soň, UX dizaýnyna we umuman söhbetdeşlige bolan hyjuwymyň uly goşantdygyny aýtdylar. UX dizaýny barada käbir zatlary bilmesem-de, öwrenmek islegimiň bardygyna göz ýetirdiler. Näme-de bolsa, meniň garaýşymyň topara laýyk geljekdigini aýtdylar.

Meni UX dizaýneri hökmünde işe alandyklaryny eşiden günüm, aýyň üstüne baryp gaýdan ýaly boldum. Şondan soň durmuşymyň täze bölümi başlandy.

Indi “Motorola” ýa-da “Google”-da özüňizi ýaňy başlan UX dizaýneri diýip göz öňüne getiriň. UX dizaýneri hökmünde karýerasyna ýaňy başlan adama näme maslahat bererdiňiz?

Soraglaryňyza jogap berip biljek adam tapmaly. “Motorola” ýa-da “Google” ýaly bir kompaniýada işleseňiz, beýleki dizaýnerler, gözlegçiler, taslama ýolbaşçylary we inženerler bilen gurşalan gurşawda işlemegiňiz ähtimal. Eger beýle bolmasa, munuň bolmagyna garaşmaň. Topardaky adamlara sorag berip bilersiňiz. Bu hökman siziň toparyňyz bolmaly diýlen zat ýok, size soraglara jogap bermek üçin dogry adamlary tapyp biljek islendik topar bolup biler. Biriniň ýanyna gelip, soraglaryňyzy beriň, bu pursatdan peýdalanyň we öwreniň.

Mysal üçin, zatlary näme üçin ýasandyklaryny ýa-da näme üçin başga bir görnüşde dizaýn etmediklerini soraň. Dizaýny gowulandyryp bolar öýdýän bolsaňyz, alternatiwalary teklip ediň. Teklip etmekden gorkmaň. Sebäbi teklibiňiz ulanylsa-da ýa-da ulanylmasa-da, bu siziň üçin ýeňiş bolar. Günüň ahyrynda bir zatlar öwrenersiňiz. Bilesigeliji boluň.

Iň bärkisi, bu meniň başda eden zadym. Taslamanyň bir bölegi bolmadyk bolsam-da, “Adamlar, näme üçin bu proýekti beýle etdiňiz?” ýaly birnäçe sorag bererdim, ýa-da "Bir problemany çözmek üçin bu usuly ulanmaga nädip karar berdiňiz?" diýerdim.

Biriniň ýaňy başlanlygy onuň hökmany suratda otagdaky iň düşünjesiz bolmagy diýmek däl. Täze pikirleri orta atyp bilerler. Ýalňyşýan bolsalar, konteksti ýetmeýänliginden bolup biler we wagtyň geçmegi bilen gowulaşar.

“Lean In” -de “Sen meniň mentorymmy” atly bölümi gözden geçiriň.Sebäbi ýaş hünärmenlere hünäri boýunça has gowy bolan adamlara ýakynlaşmak we umuman mentor tapmak barada gowy maslahatlar bar.

Adamlar siz hakda nireden öwrenip bilerler?

Siz maňa şu ýerde ýüz tutup bilersiňiz:

Bu söhbetdeşlik, hünär durmuşyny üýtgetmäge ruhlanan, ýöne nireden başlamalydygyny bilmeýän adamlara ýardam etmek üçin niýetlenen tapgyryň bir bölegidir.


Şasenem Sopyýewa bu makalany terjime edip berenligi üçin, we biraz_bashgacha bu makalanyň terjimesini redaktirlemäge kömek edenligi üçin köp minnetdarlyk bildirýärin!


Resulkary Saparowa we Mariýa Iwanowa makala we içindäki komikslere goşan goşantlary üçin öz minnetdarlygymy bildirýärin!

Siziň goldawyňyz möhüm maglumatlar bilen has köp adama ýetmäge kömek edip biler. Bu makalany peýdaly hasaplasaňyz hoşniýetlilik bilen el çarpyň/like basyň we bilimleri ýaýratmak üçin paýlaşyň!

Menden has köp zat eşitmek isleseňiz, meni şu ýerlerden yzarlap bilersiňiz:

412 |