Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jadygöý

“Bir zatlar et” ýörelgesi.

5 minut alar

Dogrusy, häzir ýatlap otursam, makalany ýazmagymyň asyl sebäbi hem şol wagtdaky zähmet dersi mugallymymyň gaýtalap aýdan sözlerinde ýatyr. Meniň okan mekdebimde zähmet sapagy oturylyp gürrüň edilip geçirilýän sapaklaryň biridi (belki siziň mekdebiňiz hem şolar ýaly bolandyr, şübhe ýok). Ýöne asyl diýjek bolýan zadym onda däl. Şol wagtky mugallymymyň aýdan zady ýadyma berk ýazyldy, her gezek oglanlar bilen oturyp “gybat” edilen wagty mugallym:

Beýdip oturmaňda oglanlar, bir zatlar ediň - diýerdi.

Biz hem ýaşlyk edip, “Näme edeli mugallym? Şeýtmesek içgysgynç bolýa” diýip gürrüň etmämizi dowam ederdik. Şeýle aýtsam belki-de mugallym ýalta eken diýen, ýa bolmasa şoňa meňzeş pikirler kelläňize gelmegi mümkin, ýöne ol beýle däl. Asyl mugallym öwrenjekler üçin öwretmäge taýýardy, mesele biziň özümizde bolandygyny men şu wagt düşündim.

Birnäçe wagtdan soň we mugallymymyň 50 gezek “bir zatlar ediň” diýip gaýtalanyndan soňra men bilesigelijilik bilen gyzyklanyp başladym. Näme sebäpden mugallym ýöne her gezek boş bir zatlar edip oturanymyzy görseler bir zatlar et diýmek bilen bolýar? We ahyrynda kellämi elime alyp mugallyma soragy berdim. Öz ýazyp oturan depderinden kellesini galdyryp mugallym:

Sebäbi bir zatlar edip başlasaň yzyny alyp gitmek aňsat.

Elbetde, men düşünmedim we ýene-de yzygiderli sorag ýüze çykdy:

-Yzyny alyp gitmek diýip nämä diýýaňiz?

-Meselem bir işi etmeli, ýöne ýaltanýan bolsaň üstünde dur-da 5 minutlap şol işi etjek bolup gör, soňra görersiň.

-Ýöne 5 minut bilen ulurak işi gutaryp bolýarmy näme? — diýip sorady

-Sen ilki ýaňky aýdanymy barlap gör. 5 minutlap özüňe erk edip bir zat etmäne başla.

Men näme edendirin öýdýäň? Hiç zat. Men şol 5 minutlyk usuly barlap hem görmedim, soňra bolsa ýadymdan çykdy.

Indi ýokardaky aýdylanlardan bir azajyk ünsüňizi sowaýyn we 2020-nji ýyla gaýdyp geleýin. Men daşary ýurtda talyp we şol bir wagtyň özünde dünýäniň ýüzünde ýowuz pandemiýa belasy bar. Talyp üçin kän bir gowy ýagdaý däl, ýöne şonda-da umydymy ýitirmän täze bir hünär öwrenip özümi ösdüren ýyllarymyň biri boldy.

Meniň bulary aýdýanymyň sebäbi, men şol ýetilen derejeleriň ählisine şol öňki zähmet mugallymyň maslahat beren zady bilen ýetdim. Hawa! Dogrudanam şolar ýaly.

Belli bir hünär öwrenmek üçin öýde oturyp kursa gatnaşmak we şony stoluň başynda oturyp birnäçe sagatlap etmek aslynda gaty iş gysgynç we kyn zat bolup biler. Ýöne siziň edip biljek zadyňyz näme?

Bir zatlar edip başlaň! Meselem diýeli siz her hepde bir kitap okamakçy. Ýöne ony etmek üçin azyndan günde 30 sahypa okamaly. Şol sebäpden hem biziň aňymyzda bu gaty uly iş (elbetde, gürrüň endik edilmedik zatlar hakynda). Her gün 30 sahypa uly zat ýaly. Ýöne meselem diýeli, her gün 5 minut okaýyn diýiň özüňize, soň görersiňiz. Barlap görüň.

Men hem edip gördüm, netijäni öňräk belläp geçdim. Ýöne jikme-jik aýtsam, şol 5 minutlap okan kitabym belli bir wagtda 1 sagada öwrüldi. Hawa. Okap oturan zadyma şeýle bir gyzygyp gitdim welin sagada seretmek hem ýatdan çykypdyr.

Ýa bolmasa ýakynda 3D etmek üçin belli bir programma kursuny okap başladym. Meniň üçin kyn, ýöne gyzykly. Şol bir wagtda-da bir zatlar başa barmasa özüme ynamym gaçýar. Ynamym gaçan wagty hem hiç zat edesim gelenok. Şonuň üçin her gezek:

Häzir gidip 5 minut işläýin we göreli, näme netije alyp bilerin - diýýärin özüme.

Soňra üns bersem kompýuter açyk, aňym doly şol işde we soňky gezek özümi ynamsyz duýan wagtym ýadymdan çykypdyr. Näme üçin? Sebäbi islendik bir zatda ussatlyk gazanyp şol zatda özüňe ynam gazanmak üçin netije gerek.

Her gün sport zala gitmegimizi dowam etmek üçin horlanýandygymyzy ýa-da myşsalarymyzyň daýowlaşýandygyny görmeli.

Her gün säher bilen oýanyp başlan işiňe dowam etmek üçin öň eden işlerimiziň netijesini, miwesini görmegimiz gerek. Mysal üçin, surat çekmegi öwrenýän bolsaň her sapak öwrenen täze bilimiňi özleşdirmeli we terjibede edip görmeli. Ahyrda bolsa öwrenen zatlaryň jemlenmegi esasynda sen her gezek has gowy surat çekip bilersiň.

Şol sebäpden hem “Bir zatlar et” ýörelgesi gaty täsirli zatdyr. Sebäbi bu ýörelgäniň aňyrsynda uly psihologiki güýç bar. Dogry, men bu ýörelgä özüm hem birnäçe ýylyň dowamynda düşündim.

Ýöne gysgaça düşündirmek üçin şuny aýdaýyn:

Bir zatlar etmek bizde bolan motiwasiýanyň netijesi däldir. Aslynda bu tersine. Bir zatlar etmegiň özi indiki etmeli zat üçin motiwasiýa döredýär.

Ýöne adam psihologiýasy beýle aňsat hem däl. Şol sebäpden ýokardaky kesgitlemä ýene bir bellik goşmaly. Muny berkitmek üçin ýene bir maglumat bereýin:

Bir işi etmek (herekete geçmek) → motiwasiýa → täze ideýalar

we şu ýagdaýda hem yzygiderli dowam edýär.

Durmuşyňyzda möhüm üýtgeşiklik döretmäge höwesiňiz we islegiňiz ýok bolsa, häzir näme wajyp bolsa şol iş bilen başlaň. Instagramda, YouTubeda, Facebookda ýa-da IMOda boş wagt öldürmegiň deregine bir zatlar etmäge başlaň. Şol ýagdaýda siz bu reaksiýany başlap bilersiňiz we şonda siz bu ýörelgäniň güýjüni görersiňiz. Bir zat edip başlamagyň özi size indiki zady etmek üçin höwes döreder we şol bir wagtda täze pikirlere eýe bolarsyňyz.

Meselem, arada bir makalada 70 sany roman ýazan awtor barada okadym. Intewýuda şol adamdan nädip 70 kitap ýazandygy barada soralanda, awtor:

Aý, günde 200 söz ýazaýyn diýip işe başlamak niýetim bilen 70 kitaba ýetdim

diýip jogap beripdir. Bu ýerde asyl pikir, özüne erk edip 200 söz ýazan adam birnäçe wagtdan 1000 söze ýetendigini bilmäni galýar.

Meniň öz durmuşymda-da bir zatlar et diýen ýörelgäniň uly orny bar. Sebäbi men bu aýdylýany domino daşlary ýaly görýärin.

Eger-de ilkinji dominony ýykmana güýç we pikir toplap şony itekläp bilsem, onuň yzyndan ähli dominolar hem ýykylar.

101 |