Saglyk

ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝADAKY ORNY WE JEMGYÝETÇILIK JOGAPKÄRÇILIGI

Häzirkizaman ekologiýa meseleleri diňe alymlaryň, döwlet edaralarynyň ýa-da halkara guramalarynyň çäginde galmaýar. Olar gündelik durmuşymyzyň, pikirlenişimiziň we geljegiň gönüden-göni bir bölegine öwrüldi. Bu meseleleriň merkezinde bolsa, aýratyn bir jemgyýetçilik topary – ýaşlar durýar. Sebäbi geljek hem-de geljegiň nähili boljakdygy ýaş nesliň şu günki gün nähili karar kabul edýändigine baglydyr. Ýaşlar jemgyýetiň iň hereketli, üýtgeşmelere açyk we täzelige çalt uýgunlaşýan gatlagydyr. Hut şu aýratynlyklary sebäpli, ýaşlar ekologiýa meselelerinde hem hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýärler. Ekologiýa bilen…

Pikir Ummanyndan Bir Damja…

Arada şeýleräk ýazga duş gelipdim. Setirler maňa tanyşdy birhili. Halkymyzyň kitaba bolan umumy garaýşy surtalandyrylýardy hakykatçyl bir äheňde. Iň begenýän zadymam näme bilýäňizmi? Pikirler we garaýyşlar satyn alynanok, olar mugt:). Şol sebäpli şeýle ägirtleriň işlerini siz okyjylara, ýagny pikirlenýän adamlar bilen paýlaşmak meniň üçin lezzet. Ted aýtmyşlaýyn “Ideas worth spreading” . Hem arada maňa diýildi: “Pikiri pikirlenip bilýän adam bilen paýlaşmaly.” «Türkiýede kitap ýaly gadyrdan gaçan başga hiç zat ýok bolsa gerek. Hamidiýe suwy däl,…

Beden Massa Indeksi ýa-da Gysgaça "BMI"

Semizlik 21-nji asyryň iň esasy saglyk problemalarynyň biridir. Hatda käbir ýurtlarda epidemiýa halyna hem gelendir. Biziň şu döwürdäki stresli we saglyga zyýan ýetirjek durmuş stilimiz bu meseläniň asyl çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin öz bedenimizi we saglyk normalarymyz tanamak - saglykly bolmak üçin birinji ädim bolup durýar. Gereginden artykmaç agram bolsa öz gezeginde 1000-lerçe kesellere ýa sebäp bolýar ýada olaryň döreme howpuny artdyrýar. Mysal üçin ine olaryň käbirleri: Ýokary gan basyşy ; Gandaky ýaglaryň deňagramlylygynyn…

Beden Massa Indeksi ýa-da Gysgaça "BMI"

Ganaýança kes!

Ýyl 2022, ýaňyja 6 ýyllyk okuwymyň 4-njisini gutarypdym. Uniwersitet tarapyndan, islesek-islemesek hirurgiýa bölümlerine paýlanypdyk we tomusky tejribe aýymyza başlapdyk. Men hem şol islemeýänleriň biridim. Näme üçindigini dolyha bilemok welin, hiç hirurgiýa ugruna içim ýylamady. Şonda-da paýlandykmy – gitmeli, gitdimmi – birazam bolsa peýdaly zatlary öwrenmeli. Şeýle pikir bilen tejribäme dowam etdim we onuň köp bölegini operasiýa salonlarynda dälde, hirurgiýa bölüminiň özünde geçirdim. Bölümde operasiýa taýynlanýan hassalar, operasiýadan çykan hassalar we kiçi-kiçi “operasiýajyklara” mätäç bolan hassalar…

EKOLOGIÝA — GELJEGIŇ GÖZBAŞY

Tebigat adamzadyň öýi, ony goramak bolsa, biziň her birimiziň borjumyzdyr. Adamzat XX-XXI asyrlarda ösüşde ägirt uly sepgitlere ýetdi: senagat, tehnologiýa, şäherleşme, döwrebap durmuş serişdeleri... Ýöne bu ösüşiň täsirlerinden bir zat yza galýardy – tebigat. Günübirin ösýän şäherler, çykdaýjysy köp bolan önümçilikler, suwuň we howanyň hapalanmagy, tokaýlaryň gyrylmagy – bularyň hemmesi ekologiýamyzyň durnuklylygyny howp astynda goýýar. Ekologiýa bu diňe ylmy düşünje däl – ol biziň ýaşaýyş şertimizdir. Sagdyn tebigat bolmasa, sagdyn durmuş bolmaz. Şonuň üçinem, häzirki…

Düwünýän Adama Ilkinji Kömek

Adaty bir gün. Ýene giç oýandyňyz we bilelikde ýaşaýan dostlaryňyz bilen gyssanyp ertirlik nahary üçin garbak-gurbak edinýäňiz. Gyzykly gürrüň hem gidip dur we ondanam galmak isläňizok. Ine kelläňize gowy aýdyljak birzat geldi we agzyňyz naharly wagty ony aýtmak üçin agzyňyzy açdyňyz – ýöne ses çykmady. Ses çykmasyn welin, ýöne howada gelmedi. Eýwaý, nämeler bolýar? Ýene bir synanyşdyňyz, üýtgän zat ýok. El hereketleri bilen dostlaryňyza düşündirjek bolýarsyňyz, kömek soraýarsyňyz. Olar bolsa näme etjegini bilmän aljyrap durlar.…

Düwünýän Adama Ilkinji Kömek

Hrizantemalar haçan gülleýär?

Soragyň jogaby kimden soraýanyňa görä üýtgeýär. Botanika kitaplary bilen garnyny doýuran birine sorasaň “Paheý, bu-da bir soragmy? Elbetde güýzde gülleýär. Sebäbi Hrizantemalar “Uzak gije - gysga gündiz” ösümlikleridir. Şonam bileňogaý” diýer. Umumy gülleriň güllemegi barada hiç pikir etmeýän, ösümlikleri görende diňe saryja sygyry ýadyna düşýän birinden sorasaň “Aý haçan güllese şonda güllesin, maňa näme.” diýer. Ikisiniň hem jogaby özüne görä dogry. Meniňem özüme görä bir jogabym bar. Hrizantemalar gije güllär! “Goýsaňa houuu, gijede bir gül…

Hrizantemalar haçan gülleýär?

WI- FI-yñ ýetirýän zyýanlary

Tehnologiýasyz ýaşap bilmeris - bu hakykat. Emma zyýanly netijelerden özümizi nädip goramalydygymyz hakda has köp bilmeli. Wi-Fi marşrutizatoryny howpsuz ulanmak ýa-da iň bolmanda bolup biljek zyýany azaltmak barada käbir maslahatlary belläp geçeliñ. Internete birikmek üçin ulanylýan simsiz Wi-Fi ulgamy häzirki wagtda hemme ýerde diýen ýaly giñden ulanylýar. Şeýle-de bolsa, Wi-Fi enjamlaryny oturtýan hyzmat işgärleriniň saglyga howp salmagy barada anyk görkezmeleriň bardygyny az adam bilýär. Simsiz enjamlary birikdirmek üçin routerleri ulanýarys.Routeriň özi saglyga ep-esli zyýan ýetirip…

WI- FI-yñ ýetirýän zyýanlary

COCA-COLA KOMPANIÝASYNYŇ ÖŇKI CEO-SY BRAÝAN DAÝSONYŇ 30 SEKUNTLYK ÇYKYŞYNDAN DÜRDÄNELER.

Durmuşy bäş sany kiçijek topy oklap-gapmak oýny diýip göz öňüne getireliň. Bu topjagazlar: 1. Iş, 2. Maşgala, 3. Saglyk, 4. Dost-ýar, 5. Göwün. Siziň wezipäňiz olaryň hemişe howada bolmagyny gazanmakdan ybarat. Basym siz iş diýen topjagazyň rezinden ýasalandygyna, birden ony gaçyraýsaňyz hem onuň ýene ýokary göteriljekdigine göz ýetirersiňiz. Emma beýleki dört top - maşgala, saglyk, dost-ýar we göwün aýnadandyr. Eger siz olaryň haýsy hem bolsa birini gaçyraýsaňyz, çat açar, bir ýerjigi uçar, hatda kül-uşak bolmagy…

Düwünýän Çaga Ilkinji Kömek

Geçenki makalada düwünýän uly adama nähili kömek etmelidigini öwrenipdik we soňunda öwrenen zatlarymyzyň çagalar üçin ulanyp bolmaýandygyny belläp geçipdim. Ynha, indi bolsa birlikde düwünýän çagalara nähili görnüşde ilkinji kömek berip bilýändigimizi göreliň. Uly adamlardan tapawutlylykda, çagalar köplenç iýmit bilen dälde agyzlaryna salýan kiçi jisimleri, obýektleri bilen düwünýärler. Esasan hem 1-5 ýaş arasy çagalar üçin eline alan jisimlerini agyzlaryna salmak tebigy bir ýagdaýdyr we beýle hereketleriniň üsti bilen olar daşky gurşaw, dünýä bilen tanyşýarlar. Şonuň üçin…

Düwünýän Çaga Ilkinji Kömek