Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ganaýança kes!

2 minut alar

Ýyl 2022, ýaňyja 6 ýyllyk okuwymyň 4-njisini gutarypdym. Uniwersitet tarapyndan, islesek-islemesek hirurgiýa bölümlerine paýlanypdyk we tomusky tejribe aýymyza başlapdyk. Men hem şol islemeýänleriň biridim. Näme üçindigini dolyha bilemok welin, hiç hirurgiýa ugruna içim ýylamady. Şonda-da paýlandykmy – gitmeli, gitdimmi – birazam bolsa peýdaly zatlary öwrenmeli. Şeýle pikir bilen tejribäme dowam etdim we onuň köp bölegini operasiýa salonlarynda dälde, hirurgiýa bölüminiň özünde geçirdim. Bölümde operasiýa taýynlanýan hassalar, operasiýadan çykan hassalar we kiçi-kiçi “operasiýajyklara” mätäç bolan hassalar galýardy. Meniň aklymda galan zatlaryň biri hem şeýle, kiçi operasiýajyklara gündelik zerurlygy bolan hassalaryň biri bilen bagly. Bu hassa 80 ýaşlaryndaky bir erkek adamdy. Garrylyk we ýany bilen gelýän keseller ýaşulyny aýakdan ýykyp ýata hala getiren ekeni. Ýata bolmak hem öz ýanynda, bedenimize ýetirýän zeperlerini getirýär. Bu zeperleriň birisi (belkide iň möhümi?) hem ýata ýaralarydyr (Decubitus ulcer). Bu ýaralar ýata hassalaryň öz beden agramynyň aşagynda galyp, gan bilen üpjünçiligi azalýan, hatda kesilýän ýerlerinde emele gelýär (ökjeler, tirsekler, bil). Gan akyşynyň azalmagy, ol ýerdäki dokumalara gerek bolan iýmitiň we kislorodyň azalmagy diýmek bolýar we bu dokumalar “açlykdan” ölmäge başlaýarlar. Ýagny, has sada dil bilen aýtsak, adam pahyr özi diri bolsada, ýuwaşjadan bölek-bölek ölmäge, çüýremäge başlaýar. Bu ýagdaýa geleninden soňra, bu hassalara edip boljak ýeketäk kömek – bu ýaralary kesip aýyrmak. Geleliň 80 ýaşly babamyza. Babamyzyň ökjeleriniň haly gaty erbetdi. Jogapkär lukmanlar her gün ökjedäki ýaralary kesip aýyrmaly bolýardylar. Ertesi güni bolsa barlanlarynda täzeden çüýrän ýerleriň ýoklugyna umyt etmeli bolýardylar. Bu ýagdaýdan näme seniň aklyňda galdy diýseňiz, berip biljek jogabym şu: ýata ýaralaryna iň gowy bejergi bu ýaralary kesip aýyrmak, düýbünden ýok etmek. Doly kesip aýyrandygymyzy nirden bilmeli? Gan görenimizde! Janly dokumalary görenimizde! Hassa bedeniniň bir böleginiň kesilýändigini duýanynda we onun agyrysyna bar sesi bilen gygyranda! Ana şol wagt biz çüýrän we ölen ýerlerden geçip, janly dokumalara gelendigimizi bilýäris. Hiç zady ýatladanokmy? Käbir zatlar biziň bedenimizi çüýretýän bolsa, başga zatlar ruhymyzy, kalbymyzy çüýretýär. Bu çüýrän ýerleriň hem iň gowy bejergisi ganaýança kesmek. Soňuna çenli. Janymyz awaýança. Agyrymyza çydaman ýarty ýolda goýmak bu işiň çözgüdi däl. Beýtsek, galan çüýrük öýjükler, sagdyn öýjüklere hem öz zäherinden “içirer” we kesmäge täzeden başlamaly bolarys. Şonuň üçin, hapalanan kalbymyzyň we ruhymyzyň sagalmagy üçin kes! Soňuna çenli kes! Ganaýança kes!

139 |