Dünýä

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys

Orta mekdebi gutaranymda, kompýuterler bilen baglanyşykly bir zatlar etmek isleýändigimi bilýärdim, ýöne takyk näme edip biljegimi bilemokdym. Daş-töweregimdäkilere-de diňe programmist bolmak isleýändigimi aýdýardym. Ýöne, haýsy ýoldan gitmelidigimi ýa-da bu ýollaryň meni nirä eltjegini bilemokdym. Daş-töweregimde ýagdaýy meniňki bilen meňzeş, üstünlikli mysallar ýokdy. Öz ýolumy özüm anyklamaly boldum. Ýyldyz Tehniki Uniwersitetini taşlap, Bilkent uniwersitetine geçenimde ýagdaý ýuwaşdan üýtgäp başlady. Bilkent uçurymlarynyň köpüsiniň Google, Facebook ýaly uly tehnologiýa kompaniýalarynda işleýändigini gördüm. Olaryň käbiri bilen tanyşmak mümkinçiligimem boldy.…

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa Disclaimer: (Dykkat dykkat, üns beriň!) blogda siziň şahsy pikirleriňize we dünýägaraýşyňyza ters pikirleriň bolmagy mümkin. Öňünden duýdurmady diýmäň. 😌🙌 Bugünki temamyz patyşa täji barada bolar. Eýsemde patyşanyň täji näme? Täç monarhyň (patyşanyň, soltanyň, emiriň we ş.m) güýç gudratynyň simwoly. Ýönekeýje hiç zada peýdasy degmeýän täç nädip patyşa güýç gudrat bagyş edip biler? Ritual (ýagny täçgeýdirmek dabarasy) arkaly. Täç geýdirýän boljak patyşaň ýanyna golaýlaýar we täji geýdirýär. Edil şol wagty hamala…

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa

Dünýäniň ýedi täsinligi.

Medeniýet hakynda söz açylanda,ynsanyň döreden ajaýyp,nepis medeni gymmatlyklary we olaryň aýry-aýry görnüşleri barada-da gürrüň etmek zerurdyr. Medeniýetiň taryhynda "Dünýäniň ýedi täsinligi" diýen düşünje saklanyp galypdyr. Dünýäniň ýedi täsinliginiň esasy aýratynlygynyň biri hem olaryň baryp gadymy zamanlarda döredilmegidir. Ýogsa-da dünýäniň ýedi täsinligi diýlende,nämeler göz öňünde tutulýar. Olar haçan,nirede,kim tarapyndan döredildika? Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1.Heopsyň piramidasy.Bu ajaýyp ýadygärlik Müsürde (Gizada) gurlan iň gadymy we iň uly piramidaň biridir.Bina miladydan öňki 2540-njy ýylda Müsüriň faraony Heops tarapyndan…

Dünýäniň ýedi täsinligi.

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Mona Liza we syýahatçylar. Çeşme: [1] Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.…

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Temperatura - Kelwin we Selsius

Kelwin we Selsius - bular temperaturanyň ölçeg birlikleridir. Fizika/himiýa bilen gyzyklanýanlar bularyň tapawudyny eýýäm bilýändir, ýöne bular nireden gelip çykýar? Bularyň tapawudyna geçmezden öň, ilki bilen temperatura we gyzgynlygyň nämedigine düşüneli. Temperatura - bu bir maddany emele getirýän atomlaryň biri-biri bilen çakyşyp, wibrasiýa netijesinde emele getirýän energiýasynyň ortaça bahasydyr. Ýagny, pes temperaturada atomlar has haýal hereket edýärler, we biri-birileri bilen has az çakyşyp has az energiýa döredýär. Ýokary temperatura-da bolsa atomlar has tiz hereket edýärler…

Temperatura - Kelwin we Selsius

Ewfemizmler bilen mylakatly gepleşik

Türkmen dili özüniň jemgyýetçilik hyzmatyny gepleýiş dili hem ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirýär. Bularyň hersiniň halkymyzyň dil baýlygyny ulanmakda özboluşly aýratynlyklary bar. Gepleýiş dilinde, aýratynam, ýönekeý gepleşikde duýga ýakymsyz täsir edýän gödek sözlere,wulgarizmlere(binamys,haramzada we ş.m) hatda ýazuw dilinde ulanylmagy mümkin däl paýyş sözlere­de gabat gelinýär. Ene dilimiziň çeper, publisistik, ylmy edebiýatlar, resminamalar ýazylýan görnüşi monolog häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. Ol türkmen umumyhalk diliniň iň kämil, normalaşýan görnüşidir. Onda ýönekeý gepleşige mahsus bolan gödek, paýyş sözleriň, wulgarizmleriň…

Ewfemizmler bilen mylakatly gepleşik

Näme üçin gulagymyzy parta goýamyzda galamyň sesini has gowy eşitýäris?

Sebäbi ses tolkunlary atomlaryň biri-birlerini itişmesi arkaly ýaýraýar. Gaty maddalarda atomlar biri-birilerine has ýakyn bolandygyndan ses tolkunlaryny has tiz we gowy daşap bilerler. Emma gulagymyzy parta goýaýan ýagdaýymyzda ses tolkunlary gulagymyza gaty madda bolan partanyň atomlarynyň üsti bilen gulagymyza ýetýändigi üçin has gowy eşitýäris. Emma howa sereden wagtymyz gaz bolandygy üçin we gazlardaky atomlar biri-birilerinden has daşda bolandygy üçin gaty maddalardaky ýaly gowy ses tolkunlaryny daşap bilmezler. Edil şular ýaly basseýne gidemizde kellämiz çala suwa…

Näme üçin gulagymyzy parta goýamyzda galamyň sesini has gowy eşitýäris?

Türkmen Diliniň Ýitip Barýan Sözi: ERMEK (to be)

Essalawmaleýkim ildeşler. Türkmen diliniň ýiten bir baýlygy hakynda sizleri habardar etmek isledim we köňlüm bu sözüň gaýtadan dikeldilmegini isleýär. O ýiten baýlygymyz: ermek işligi. Türkçe bilýänleriň köpüsi bu işligi Türk dilindäki "ermek" ýagny "ýetmek" işligina çalymdaş öýden bolmagy mümkin emma bu 2 işlik tapawutlydyr. Iňlis dilinde " to be " we " to become " işlikleri bar. Bu işlikleriň ikisi-de Türkmençä " bolmak " diýe terjime edilýär. Bu 2 işlik tapawutlydyr we Türkmençede-de aslynda tapawutly…

TAPAWUTLAR

Men ýaş wagtlarymda goşgudyr hekaýajyklar ýazan bolýardym. Aý näme olam ýuwaş yuwaş galdy. Öýlendik, çagajyklarymyz kemala geldi, olary okadyp ýetişdirjek bolup ömrümiziň ýarysyny başagaýlykda geçirdik diýen ýaly. Meniň iki sany oglum bar. Biriniň ady Seýdylla beýlekisi bolsa Abdylla. Aralary ýalňyşmasam iki ýaş bolmaly ( häzir keýwanydan sorasam “Waýýý kakasy şonam bileňokmy?” diýip igenjegini bilýärin). Bäş barmagyň bäşisi hem deň bolmaýşy ýaly bu ikisi hem başga häsiýetlere eýe. Seýdylla biraz keýpi gowy görýär özem ýaltarak, Abdylla…

Zenanlaryñ orny diñe aşhanada däldir…

Salam, Astronomiýa söýerleri el galdyryp bilermi? Ya halamaýanam barmyka :)) Iç gysgynç gelip biler şuwagt, ýöne ýene az ýyldan belki siz Marsda bolarsyñyz? Indiki ýazjak makalalarymyñ yzygyderliligi elim boşadygyndan size Astronomiýa we bilim hakynda gowja we gysga makalalar ýazmakchy! Soraglarynyz bolanda teswire ýazyp bilersiñiz! Ilki bilen Astronomiýa diýilende herkimiñ göz öñüne Kosmonawt gelýändir. Meñkide de şeýle ýöne has hem Zenan Kosmonawtlary we Planetalar, meni haýrana goýýar hemişe. Bizin añ düshünjamiz-de Gyz-gelinleriñ orny diñe hojalygy alyp…