Teswirler (11)

Ýüklenýär...
User Avatar

Türkmen Diliniň Ýitip Barýan Sözi: ERMEK (to be)

3 minut alar

Essalawmaleýkim ildeşler.

Türkmen diliniň ýiten bir baýlygy hakynda sizleri habardar etmek isledim we köňlüm bu sözüň gaýtadan dikeldilmegini isleýär. O ýiten baýlygymyz: ermek işligi. Türkçe bilýänleriň köpüsi bu işligi Türk dilindäki "ermek" ýagny "ýetmek" işligina çalymdaş öýden bolmagy mümkin emma bu 2 işlik tapawutlydyr.

Iňlis dilinde "to be" we "to become" işlikleri bar. Bu işlikleriň ikisi-de Türkmençä "bolmak" diýe terjime edilýär. Bu 2 işlik tapawutlydyr we Türkmençede-de aslynda tapawutly işlikler bardy. Bolmak işliginiň Türkmen dilinde günümizde ulanylyş görnüşlerinden 2-sine seredeliň:

  • Geljekde Şahyr bolsaň, goşgularyňy awtorluk hukugy bilen gora! - If you become a poet in the future, protect your poems with royalty rights! - Şair olursan, şiirlerini telif hakkı ile koru!

Bu sözlemde, ýüzlenilýän şahys şu wagt şahyr däl. Biz  bu taýda "bolmak" işligini, bir haldan başga hala geçmek, öwrülmek manysynda ulandyk. Iňlisçede bu manynyň garşylygy "to become" işligidir. Indi, ikinji manysyna seredeliň:

  • Şahyr bolsaň şondan bize habar ber! - If you are a poet, inform us in this topic! - Şair isen bize ondan haber ver

Bu sözlemde, ýüzlenilýän şahys eýýäm şahyr we bu ýerde bolsaň işligi bir haldan beýleki hala geçişi däl, şu wagtky halyň dogrulygyny soraga çekýän manyda ulanylýär. Bu manydaky bolmak işligi tapawutly terjime edildi öňki sözlemdäki bolmak işliginden: to become - isen

Aslynda, Türkmen dilinde-de bu iki işlik tapawutlydy we nusgawy edebiýatymyzda bu işlige köp gabat gelýäris. Birinji manydaky "bolmak" işligi üçin "ermek" işligi ulanylýardy Türkmen dilinde. Nusgawy edebiýatymyzdan mysallara seredeliň:

  • Seniň balaň meniň balam ermesmi? (Görogly dessany, Kempir dessanynda Görogly dolananda Agaýunus periniň goşgusyndan) - Is your child not my child? Görogly eposunuň soňky çapdan çykmalaryna seretseňiz, bu setirler häzirki dilimize uýgunlaşdyrylyp "seniň balaň meniň balam dälmidir?" diýlip ýazylan. Emma irki çaplarda "ermesmi?" diýlip ýazylan, dessanlarda-da şeýle okalýardy. Manysy: "Seniň balaň meniň balam bolmaýarmy?"
  • Erer ol erkin mydam, budur Türkmen galasy (Magtymguly) - It will always be free, that is the Turkmen castle.
  • "Eý pertowy-husnuňda erer nury-sagadat - Eý pertowy-husnuňda, bardyr nury sagadat" manysyndaky bu "Erer" formasy, Iňlis dilindäki "there is" frazasynyň garşylygydyr. to be işliginiň garşylygy = ermek.

Türk dilindäki "ise/idi" sözüniň garşylygy, "bolsa" däl-de "erse/erdi" sözüdir aslynda we Özbek dilinde-de "ese/edi" formasynda ulanylýar bu söz. Türk dilindäki idi formasy hem Nusgawy edebiýatymyzda köp gabat gelýär.

Ýitmäge ýüz tutan baýlygymyz munuň bilen hem çäkli däl. Edil günümiz Türkçesindäki ýaly, aslynda bu "ermek" işligi, sözlemiň habary eren menlik ýöňkemedäki atlara hem goşulýardy. Mysal üçin:

  • Ben Türkmenim - bu ýerde, ermek/imek işligi menliň ýöňkemedä "-im" hökmündedigini görýäris.

Günümiz Türkmençesinde bu sözlemi "Men Türkmen" diýip terjime ederis, zaman bildirýän hiç bir goşulmasyz. Emma nusgawy Türkmençede munuň garşylygy "Men Türkmenem" bolardy. Geliň ýene nusgawy goşgularymyzdan mysallara seredeliň:

  • Nadanam, zat bilmenem. - Nadan men, zat bilmen men.
  • Batypmyşam, çykabilmen, neýlaýin - Batypdyryn, çykabilmen neýläýin.
  • Oglanlykda bilmez idiň, beg idiň (Magtymguly, Är ýanynda bellidir) - Oglanlykda bilmezdiň, begdiň. Türkçedäki idi formasy biziň nusgawy döwür dilimizde gabat gelýär. Günümizde geçmiş zaman üçin ulanýan -dy, -di goşulmalarymyz aslynda idi sözüniň at bilen birikdirilmesidir.
  • Başda binasyny guran kim idi? (Garajaoglan, Kim idi?)
  • "Bir periweş näzenin ýara giriftar olmuşam (Andalyp, Olmuşam) - Bir näzenin ýara giriftar bolupdyryn." Üns beren erseňiz, "olmuşam" diýýär Andalyp. Ermek işligi, edil günümiz Türkçesindäki ýaly, menlik ýöňkemede -am goşulmasy bolup gelýär.
  • Haly-syýahyň müşki-Hytaý-u Hotan erdi. (Andalyp, Berçemen erdi)

Mysallar gaty köp, nusgawy Türkmençedäki bu baýlygymyzy gaýtadan dikeltmek zerur, sebäbi, beýleki dilleriň köpüsinde bar bolan bu işlik, biziň dilimizden ýitse dilimiziň aňlatma güýji (expressive power) peselýär.

Şu maksat babatda, chess.com-uň Türkmençesinde ermek işligini giňden ulandyk.

Chess.com-daky ulanyşlara seredip, pikirleriňizi bildirmegiňizi haýyş edýärin.

117 |