Teswirler (8)

Ýüklenýär...
User Avatar

MAKALAM.COM-YŇ USSAT WE HÖWESJEŇ ÝAZYJYLARDYR MUŞDAKLARYNA!

1 minut alar

Writer Cartoon Images – Browse 15,727 Stock Photos, Vectors, and Video | Adobe Stock

Dürli ugurlarda okaýan we zähmet çekýän, gymmatly wagtlarynyň belli bir bölegini makaladyr oýlanmalara sarp edýän ildeşlerimizi görüp, diýseň begenýärin. Şeýle höwes we hyjuw bilen irginsiz ýazylýan eserleriň geljekde hasam peýdaly çeşmä öwrüljekdigine hem doly ynanýaryn. Esasanam IT, geografiýa, ekonomika, medisina, psihologiýa, injinerlik we sanaman geçen beýleki ulgamlarda işleýän we hünär öwrenýän ildeşlerimiziň, durmuşa dürli nukdaýnazarlardan garamaklary, öz pikirlerini bir-birine meňzemeýän žanrlarda beýan etmekleri meni hasam guwandyrýar. Häzirlikçe ýazylýan her bir eseriňiziň gymmaty altyna barabar bolmasa-da, wagtyň geçmegi bilen dürli-dürli platformalarda ýeriniň mäkäm saklanjagyna garaşýaryn. Bu platforma mende, geljekde täze açyljak ençeme gapylaryň çeşmesi bolar umydyny döredýär. Aram-aram ýadawsyz zähmet çekip ýazan eserleriňize degişli gelýän tankytlardyr bellikler, bir bada höwesiňizi gaçyrýan hem bolsa, halkyň aňynda galdyrýan yzlaryny hiç kim siziň eliňizden alyp bilmez. Ol ýazgylar aňlarda elmydama ýaşar. Türkmen dilindäki çeşmeleriň artmagyna, onuň ýitip gitmezligine, galyberse-de ýaýramagyna goşýan uly goşantlaryňyz üçin hemmäňize sag bolsun aýdýaryn. Başyňyz dik, ruhuňyz belentde bolsun! 

 

Suratyň çeşmesi:

https://stock.adobe.com/tm/search/images?k=writer+cartoon

 

262 |
|