Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öwreniji

Ewfemizmler bilen mylakatly gepleşik

2 minut alar

  Türkmen dili  özüniň jemgyýetçilik hyzmatyny gepleýiş  dili hem ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirýär. Bularyň  hersiniň halkymyzyň dil baýlygyny ulanmakda özboluşly  aýratynlyklary bar.
  Gepleýiş dilinde, aýratynam, ýönekeý gepleşikde duýga  ýakymsyz täsir edýän gödek sözlere,wulgarizmlere(binamys,haramzada we ş.m) hatda ýazuw dilinde ulanylmagy mümkin däl paýyş sözlere­de gabat gelinýär. 

  Ene dilimiziň  çeper, publisistik, ylmy edebiýatlar, resminamalar ýazylýan görnüşi monolog häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. Ol türkmen umumyhalk diliniň iň kämil,
normalaşýan görnüşidir. Onda ýönekeý gepleşige mahsus bolan gödek, paýyş sözleriň, wulgarizmleriň ulanylmagyna ýol berilmeýär. Bu hili sözler ýazuw dilinde eneden doguldy – dünýä indi; öldi – dünýäden ötdi, aradan çykdy; pyrryldak – ýalan; çypdyrmak – aldamak; jyrmak – gaçmak; züwwetdin – gorkak; kezzap – ýalançy; ýezit – iki ýüzli; bogaz – toýly, hamyla ... ýaly sypaýy sözler (ewfemizmler) bilen çalşyrylýar, şol bir düşünje başgaça sypaýylaşdyrylyp,
medeniýetli aňladylýar. Ewfemizmleriň esasy hyzmatygödek, medeniýetsiz sözleri sypaýylaşdyryp aňlatmakdan ybaratdyr.Tabulaşan, ýagny aýtmasy gelşiksiz hasap edilýän ýa-da gadagan edilýän sözleriň dergine köplenç ewfemizmler ulanylýar.
  Ýönekeý gepleşige häsiýetli sözler(elbetde,paýyş sözlerden başga) çeper eserleriň dilini halkyň sözleýiş diline ýakynlaşdyrmak hem­de gahrymanlaryň medeni derejesini görkezmek üçin stilistik serişde bolup hyzmat edýär.Эвфемизмы в английском. Часть 1: Never say 'die' - Lingua-Airlines.ru
Ewfemizmleriň sözlemde sözleri mylakatlaşdyryp,ýumşadylyp ulanylýandygyny bilýäris. Bular sözlem görnüşinde gelende "ora bilen aýtmak" hem diýilýär. Bu barada gysgaça hekaýa okapdym:

 "Aýtmaklaryna görä, bir gezek Mäti agadan: «Mugallym,ora bilen aýtmak diýeniň näme bolýar?» diýip, talyplaryň
biri sorapdyr.
  – Sen­ä bir sygyr ýaly ekeniň diýmegiň ýerine: «Bolşuň nähili, şahyňa ýüp dakaýmaly bolupsyň» diýseler, şol ora bilen aýtmak bolýar – diýip, mugallym düşündiriş beripdir.
  Gowy, ýakymly sözler ora bilen aýdylmaýar. Adamyň ýakymsyz, batnyksyz taraplary jana batarlykly aýdyljak bolsa, sözleýän adam hem akylly, salyhatly bolsa, beýle gödek sözleri diline almakdan çekinýär. Onsoň janyna batyp duranzady aýlawly, ýöne düýp manysyny oýlanyp, özüň aňmaly edip aýdýar. Ana, şol aýdylyşyna hem «ora bilen aýtmak» diýilýän eken. «Bu eden işiň agzyndan çörek iýýän adamyň etjek işi däl» diýilýär. Şeýle aýdylanda adama ýüzüne bakyp:
«Sen haýwan!» diýmekden juda salyhatly eşidilýär. Türkmen dilinde sözleýiş edebini saklamagyň özboluşlydüzgünleri bar. Ora bilen aýtmak hem şeýle kadalaryň biridir. (Ş. Abdyýew).

Ulanylan çeşmeler:

https://en.wikipedia.org/wiki/Euphemism

Beýleki çeşmeler:

Türkmen dili 9, Aşgabat,Türkmen döwlet neşirýat gullugy- 2016(sah 61-63)
K.AGAÝEW, T.BEKJÄÝEW-DIL BILIMINE GIRIŞ,Aşgabat,Türkmen döwlet neşirýat gullugy -2007(sah 181)
 




 
 

39 |
|