Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Tabu we ewfemizm sözler

2 minut alar

Tabu -- at; dini bilim; fransuzça - tabou.
1) Mukaddes hasaplanýan we başgaça edilse zyýan ýetirjek hasaplanýan käbir adamlara, haýwanlara ýa-da zatlara degmegi ýa-da ulanmagy gadagan edýän dini ynanç.
2) Sypat; gadaganlyk bilen goralýan (obýekt, söz, çemeleşiş)
3) sypat, jemgyýetde -- şowsuzlyk.

Turkish dictionary app:

https://play.google.com/store/apps/details?id=com.dictamp.turkish


Tabu -- Lingwistika. Gadym wagtlarda: käbir sözleri aýtmaklygy, belli bir işi ýerine ýetirmekligi dini taýdan gadagan ediş.

Türkmençe düşündirişli sözlük app:

https://play.google.com/store/apps/details?id=com.ttdictionary.turkmen


,,Tabu" sözi Ýuwaş ummanynyň jümmüşindäki adalarda ýaşaýan polineziýalylaryň dilinde "gadagan etmek" diýen manyny aňladypdyr.Gadymy döwürlerde adamlar köne urp-adatlara uýup, arwah-jynlardan, eýmenç haýwanlardan gorkup, şolaryň atlaryny agzamagy gadagan edipdirler.Netijede, dilde ulanylmasy gadagan edilen sözler we aňlatmalar ýüze çykypdyr.Şeýle sözlere, aňlatmalara hem tabu diýlipdir.
 Tabulaşan sözler türkmen dilinde hem bar.Mysal üçin, türkmenler gijesine gürleşip otyrkalar, ýylanyň adyny tutman, oňa derek ,,gaýyş" diýipdirler. Sebäbi adamlar "adyny agzan erbet zadyň duýdansyz gelip, saňa zyýan berer" diýen yryma ynanypdyrlar.Türkmenleriň "Gurt agzasaň, gurt geler" diýen nakyly hem muny tassyklaýar. "Gurt" sözüniň "möjek" sinoniminiň (manydaş) döremegi-de şonuň bilen baglanyşykly bolmagy mümkin.


 Wagtyň geçmegi bilen sözleriň tabulaşmagy däp-dessurlar, dini ynançlar bilen baglanyşykly ýüze çykyp ugrapdyr.Muňa mysal edip "mazarystan" sözüne derek "öwlüýä, gonamçylyk" sözleriniň, köne harabaçylykda ýa-da mazarçylykda "arwah-jyn bolýarmyş" diýmegiň ornuna "eýe" sözüniň ulanylmagyny görkezmek mümkin.
 Şeýlelikde, "ýylan, mazarystan, arwah, jyn" sözleri tabu, olara derek ulanylýan ,,gaýyş; öwlüýä; gonamçylyk; eýe" sözleri bolsa ewfemizmdir. Ewfemizm grekçe "eu - oňat, phemi - gepleýärin" diýen sözleriň jeminden emele gelen adalgadyr.
  Türkmen dilindäki ewfemizmler diňe bir köne adat, dini ynanç ýa-da gorky-ürki bilen baglanyşykly sözler bolman, eýsem olar aýdylmasy uýat, paýyş, gödek sözleriň ornuna ulanylýan sypaýy sözleri hem öz içine alýar.Muňa mysal hökmünde "ölmek" sözüne derek ulanylýan şeýle sözleri we aňlatmalary görkezmek bolar: ýogalmak, aýrylmak, ýurduny täzelemek, dünýäden ötmek, pahyr bolmak, peýmanasy dolmak, panydan geçmek (ötmek), bakyýa gitmek, bakyýa göç etmek, gurban (wepat) bolmak, aradan çykmak, şehit bolmak, merhum bolmak, ömür tanapy üzülmek (kesilmek;  gyrylmak) we ş.m.

Çeşme: Orta mekdepleriň 9-njy synpy üçin türkmen dili okuw kitaby. Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2009. © K.Babaýew, S.Garahanow.  Sahypa - 80; 81.

74 |
|