Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

TAPAWUTLAR

3 minut alar

 

Men ýaş wagtlarymda goşgudyr hekaýajyklar ýazan bolýardym. Aý näme olam ýuwaş yuwaş galdy. Öýlendik, çagajyklarymyz kemala geldi, olary okadyp ýetişdirjek bolup ömrümiziň ýarysyny başagaýlykda geçirdik diýen ýaly. 

Meniň iki sany oglum bar. Biriniň ady Seýdylla beýlekisi bolsa Abdylla. Aralary ýalňyşmasam iki ýaş bolmaly ( häzir keýwanydan sorasam “Waýýý kakasy şonam bileňokmy?” diýip igenjegini bilýärin). Bäş barmagyň bäşisi hem deň bolmaýşy ýaly bu ikisi hem başga häsiýetlere eýe. Seýdylla biraz keýpi gowy görýär özem ýaltarak, Abdylla bolsa şu okuw diýip ölüp ýatyr.

Okuwy gutarmaly ýyly Seýdylla bilen gürleşmegi makul bildim;

– Seýdylla hany oglum bu ýyl mekdebi hem gutarýarsyň. Näme etsem petsemiň bar? Okuwa salmasaga bolmaz seni? Nirede okasyň gelýär?

– Aý kaka klasdaşlarymyň köpüsi Kazana gitjekmiş menem şolardan galmaýynla!

– Bolýa oglum ýöne haýsy ugurdan okamakçy?

– Aý tapawudy ýok, elimde diplom bolsa boldu-da.

Şeýdip ony Kazana maliýe ugrundan okuwa ugratdym welin welindä. Eşejik baryp kän bir okuw bilen işi bolmandyr. Köpräk pul sorap başlady. Näme etjek çagaň-da, men dözsem ejesi dözenok ýööööne “Oglum ýat ýerde kösenýändir” diýip gözüni ýaşardyp otyr.

Onsoň hä diýmän Abdylla hem mekdebi gutarmaly ýyly ýetip geldi. Ony hem ýanyma çagyryp soradym;

– Oglum sen hem 1-2 aýdan mekdebi gutarýarsyň. Sen näme etsem petsemiň bar? Agaň ýanyna ugratsam nädersiň?

– Aý kaka ol tarap maňa garaňkylaý!

– Ol nähili garaňky?

– Şol Orsýedi gutaryp gelenlere üns berip seredýän welin aglabasy betçilik edip okaman gelen. Menä okanyma görä do konsa okajak!

– Nirede bar olar ýaly do konsa okalýan ýer?

– Ýewropada kaka ýöne men bakalawry Türkde okajak!

– Haýsynda?

– Stambulda kaka! Dokumentleri zady özüm daş edýän sen dobro berseň!

– Bolýa oglum durmuş seniňki. Men bir öňüňde böwet bolmaýyn.

Ynha şeýdip Abdylla hem uçdy Stambula. Ýyldyz tehnika diýýämi nämemi bir okuwda okaýarhow. Birinji ýyl biraz pul sorady welin soň “Pul gerek däl kaka, hemme zat normalny” diýip dur. Arasynda eşik zadam ugradyberýär.

Ýyllar saňa garaşýarmy diýsene ogullarymyň ikisi hem okuwlaryny gutaryp geldiler. Seýdylla bir edarajykda gymyldap ýör bugalter bolup welin Abdyllany saklap bolmady. Bir zatlar bir zatlar edişdirdi-de Germaniýa gidiberdi.

Şu wagta çenli garyndaşlar iki çagamy deňeşdirip ýürege düşäýdiler. “Ulyň beýle-de kiçiň beýle!” diýişip. Ol wagtlar kän bir üns bermeýärdim welin indi indi men hem biraz deňeşdirip görýärin. Bu Orsýet tatapy gutaryp gelenleriň köpüsi hakyna kaýyl bolup işleşip ýörler welin bu Türke gidip gelenler zybyrt-da zybyrt bir ýerde duraslary gelenok. Hersi bir ýurtda gymyldaşyp ýörler. Bäh menem bir şol ýerleri gezip göräýsemmikäm? Abdylla “Kaka ejemi hem alyp  arkaýyn geliň Stambula, oglanlar öňüňden çykyp gowy edip gezdirerler!” diýýär welin bu ýaşdan soň kän bir ýerimizi üýtgedesimiz gelenok.

Indi men hem goňşy golamlara çagalaryny Türke ugratmaklaryny maslahat berip başladym. Wah käşgä Seýdyllany hem Türke ugradan bolsam beýle bolmazdy. 

Aý näme etjek, indi geçen geçdi. Allajan nesibeleri güýçli bolsun-da hernä. Indi şulary öýerip öýli işikli edibersek armanymyz ýok. Ejesi “Menä Abdyllajandan arkaýyn, ol öz göbegini özi keser, öýlenerem jaýam ediner welin şu Seýdyllajan meni biraz alada goýýar. Kä wagtjyk arajygam ysgaýýar öýdýän” diýýär. Etse özüne eder, menä bu ýaşdan soň el galdyryp zat düşündiresim gelenok. El galdyranyň bilen edinilen endik goýulýarmy näme? Bizem arasynda 50 gram toýlarda içäýýäris ahyry. Onsoň öz edýän zadyňy çagaňa etme diýseň yzyna jogap gaýtarjak ýaly bolup dur.

 Aý bolýar-da esasy zat jan saglygy. Azar bermänjik gezip ýörseler muňa-da şükür. Töwerege seredýäň welin içlerinde meniň çagajyklarym maňlaýyňa sylaýmaly. Köp deň duşlary hool Kozzunlaryň çüňkünde çommalyşyp geçeniň gybatyny edip otyrlar. Žalko ýaşajyk oglanlar özlerem…

 

76 |
|