3 minut alar
SAGDYN BEDENDE – SAGDYN RUH
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli menzillerinde ýurdumyzda adamyň saglygyny goramak we berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde giň gerimde durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, her ýylyň aprel aýynyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda uly dabara bilen bellenilip geçilmegi halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Türkmen halkynyň paýhas hazynasynda “Saglyk – iň uly baýlykdyr” diýen jümle aýratyn orny eýeleýär. Häzirki döwürde bu pähim täze many-mazmun bilen baýlaşyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli…