Durmuş

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

Kitaplar dünýäni öwrenmäge, özümizi kämilleşdirmäge we dürli garaýyşlara eýe bolmaga mümkinçilik berýän jadyly gapylardyr. Men 6 ýyl bäri bu gapylardan geçip, Jon Werdon, Dostoýewskiý, Stefan Zweig we Pol Deýwis we başga da ussat ýazyjylaryň eserleri bilen aňymy we ruhumy iýmitlendirýärin. Men bu makalada, okayan temalaryma, halaýan ýazyjylaryma esaslanyp, ylym, aňtawjylyk we şahsy ösüş, goşgylar, pelsepe baradaky kitaplar hakynda pikirlerimi paýlaşaryaryn. Dostoýewskiý eserlerinde adamyň iň çuňňur duýgularyny, ahlak gapma-garşylyklaryny we barlyk hakynda soraglary ussatlyk bilen görkezýär.…

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

1100 Gün

Geliñ siz bilen hyýal güýjümizi ulanalyñ. Bir ada hyýal etmegiñizi isleyan. Daş töweregini uç gyraksyz umman gaplap duran bir ada. "Hawa, hyýal etdim, indi?" Bu adada 1100 adam bar. Hyýal ediñ, bu adamlar dürli materiklerden bu yere getirilipdir. Şu wagt hemmesi yatyr, özlerine nämeler garaşyandyklaryndan habarsyz. Ynha adamlar bir-birden özüne gelşip başlayarlar. Her kim bir birine seredýär, emma nätanyş adamlar, nätanyş ýüzler, her kim hem bu yerde yeke özi, dosty, garyndaşy, tanyşlary yok. Şol sebapden…

Şasenemiň hekaýasy…

Her Mejnunyň bir Leýlasy bar. Her Mejnunyň maksadyna ýetmegi üçin geçmeli bir çöli bar. Ýöne Mejnunyň gözi şol çöli we içindäki kynçylyklary görmez. Ol özüniň söýgüsiniň ululygyna sereder. Her söýýän jübütiň gowuşmasy üçin pida etmeli, el çekmeli zatlary hökman bardyr, eger hakykatdan hem söýýän bolsa. Bu waka şeýle başlandy…. 1-nji sentýabrdy. Säher bilen kim okuwa, kim işe howlugýardy. Men bolsa uniwersitete howlugýardym. Sebäbi talyp bolmak arzuwym hasyl bolupdy. Okuwymyň ilkinji güni hem begenýärdim, hem aljyraýardym……

Şasenemiň hekaýasy…

Gyz Ýazgydy

Akja uzyn boylu saryýagyzdan owadan gyz. Edepli ekramly. Obanyň saýlanýan gyzlaryndan biridir. Akja, seniň agyr ykbalyň seni nirelerden çykardy. Sen obaňyza durmuşa çykdyň. Baran adamyň uruşa gidip gelmedi. Seni gaýynlaryň öýňüze getirip gitdiler. Sen ýalňyz ne çaga, ne ýoldaş bardy. Sen öz agalaryň, gelnejeleriň elinde ýaşadyň. Seň derdiňi çekişmäge ejeňem ýokdy. Sen ol öýüň ody bilen girip küli bilen çykýadyň. Doganlaryň seni şeýle eý görýärdiler. Günleriň bir güni gelnejeleriň seň kastyňa çykdylar. Ýoldaşlaryny gepden doýurýarlar.…

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

- Aňlamak üçin aň gerek, pikirlenmek üçin beýni... ýatlamak üçin hatyra. Hakydamdan gitmedigiň pursat, sen hemişe ýadymda... "Geçmiş ömürler"... Biraz bu film hakynda ýazasym geldi. Çuň manyly we kän zadyň üstünde oýlanmaga mejbur eden filmlerden biri. "- Eger bir adam beýleki biri bilen duşuşan bolsa, onda olary geçmiş ömürleriniň birinde inýen baglandyr..." Ine, şu sözlem "Geçmiş ömürler" filminiň pelsepewi tarapyny doly beýan edýär. Film aslynda durmuşyň manysy, bagt, iş durmuşy, arzuwlar, "men-iň" gadyry, ruhy gymmatlyklar…

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

Bagtyň formulasy

"Bagtly bolmak kyn, öz bagtyňy tapmak üçin çykylan ýol bütin ömür dowam edýär" diýýärler. Ýöne men-ä ylalaşamok. Hemme zat ýönekeý, hemme zat şol bir zat... Bagt nämedir eýsem?! Isleýän zadyňy almakmy? Adamyň islegi çäksiz ahyry! Adam islegleri gutarmaýar. Eger bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer. Taparmy?! Gümana... Bagt nämedir eýsem?! Goýan maksadyňa ýeten wagtyň ýa-da arzuwlaryňy amala aşyran wagtyň döreýän duýgumy? Eger şol prosesiň özünde bagtyň barlygyny…

"Ömri ölçän sagat"

Garaşylan günüň gelenine öýde hiç kim düşünenokdy.Onlarça ýyl bäri öýüň içinde dymmazdan işläp duran, kämahallar "tik-tak" sesi bilen hemmäniň ünsüni özüne çekýän diwar sagady şol gün durdy. Diňsäň, öý düýbünden gelýän ümsümlik howany has hem agyrlaşdyrýardy. Ähli zat öňküsi ýaly bolsa-da, öý bir zatdan mahrum ýalydy. Bu sagat öýüň iň kethuda agzasynyň—atanyň ýaşlykdan bäri ýany bilen alyp ýören zadydy. Ony ýaş mahalynda kakasy sowgat beripdi. Her gezek sagady arassalanda, atanyň ýüzünde bir ýylgyryş peýda bolýardy.…

Erkek we Zenan Zehini (Carl Jung)

*Bellikler: • Ýokarsy san bilen belgilenen sözleriň düşündirilişi iň aşakda görkezilendir. OKAMAGA BAŞLAMAZDAN ÖŇ GÖZ AÝLAMAGYŇYZ MASLAHAT BERILÝÄR. • Öz peýdaňyz üçin, makalany öz tejribeleriňiz boýunça däl-de, obýektiw bir nokatdan okamagyňyz maslahat berilýär • Öz peýdaňyz üçin, makalany doly okap, soňra teswir ýazmagyňyz maslahat berilýär Erkek adam, adatça, animasy we şahsyýeti bilen baglanyşýar. Iş ýerinde (köp manyly iş), ösen personasy¹ bolan erkek adam gowy niýetli, medeniýetli, mylaýym, akylly we ş.m. wagty, öýde tersine bolup bilýär.…

Söýýänsireýänlerden gorasyn...

Söýmeýänlerden däl, söýýänsireýänlerden gorasyn Allajan... Geň galýan, birine ýasamalyk edenlerinden soň nädip özlerini halap bilýäler-kä? Mysal üçin men öz göwnüme degmek islemeýändigim üçin başgalara ýasamalyk edemok. Islendik gatnaşykda-da meniň özüm has möhüm, ýagny özümi garşymdaky kişä içimden gelişi ýaly alyp barmasam men özüme ikilik edenim bolýar...Öz duýgularyma, öz akylyma, öz hormatyma, öz terbiýäme... Şonuň üçin ýasamalyk garşyňdaka däl-de özüňe edilýän erbetlikdir... Öz bolşuňy, içki dünýäňi, içki sesiňi inkär edip birine gowy görünjek bolmak bilen gazanmagyň…

Durmuş gymmatlyklary

Öý ojagynda mamasynyň ýürekli gyzy hökmünde tanalýan Şasenem ýokary okuw jaýyna girip, özüniň durmuş gymmatlyklaryny has içgin öwremmäge başlady. Okuw döwürlerinde her gününi many-mazmuna bulaşdyryp, netijeli bir zatlaryň amala aşmagyna ygrarly bolan birisi üçin uniwersitetdäki gyz maşgalalaryň edýän gep-gürrüňleri onuň üçin asla gyzyksyzdy. Käte-käteler KÄBIR gyz deň-duşlary oturyp toý, zat geçdi, altyn, galyň, gaýyn we maşgala durmuşy ýaly mowzuklarda gepleşikleri alyp baranlarynda Şasenemiň ýüregi gysylyp, dünýäsi daralýan ýaly bolýardy. Ylyma-bilime tarap aýak depýän adam taryh,…