Durmuş

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

Kitaplar dünýäni öwrenmäge, özümizi kämilleşdirmäge we dürli garaýyşlara eýe bolmaga mümkinçilik berýän jadyly gapylardyr. Men 6 ýyl bäri bu gapylardan geçip, Jon Werdon, Dostoýewskiý, Stefan Zweig we Pol Deýwis we başga da ussat ýazyjylaryň eserleri bilen aňymy we ruhumy iýmitlendirýärin. Men bu makalada, okayan temalaryma, halaýan ýazyjylaryma esaslanyp, ylym, aňtawjylyk we şahsy ösüş, goşgylar, pelsepe baradaky kitaplar hakynda pikirlerimi paýlaşaryaryn. Dostoýewskiý eserlerinde adamyň iň çuňňur duýgularyny, ahlak gapma-garşylyklaryny we barlyk hakynda soraglary ussatlyk bilen görkezýär.…

Kitaplar durmuşuň kompasydyr.

1100 Gün

Geliñ siz bilen hyýal güýjümizi ulanalyñ. Bir ada hyýal etmegiñizi isleyan. Daş töweregini uç gyraksyz umman gaplap duran bir ada. "Hawa, hyýal etdim, indi?" Bu adada 1100 adam bar. Hyýal ediñ, bu adamlar dürli materiklerden bu yere getirilipdir. Şu wagt hemmesi yatyr, özlerine nämeler garaşyandyklaryndan habarsyz. Ynha adamlar bir-birden özüne gelşip başlayarlar. Her kim bir birine seredýär, emma nätanyş adamlar, nätanyş ýüzler, her kim hem bu yerde yeke özi, dosty, garyndaşy, tanyşlary yok. Şol sebapden…

Bagtyň formulasy

"Bagtly bolmak kyn, öz bagtyňy tapmak üçin çykylan ýol bütin ömür dowam edýär" diýýärler. Ýöne men-ä ylalaşamok. Hemme zat ýönekeý, hemme zat şol bir zat... Bagt nämedir eýsem?! Isleýän zadyňy almakmy? Adamyň islegi çäksiz ahyry! Adam islegleri gutarmaýar. Eger bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer. Taparmy?! Gümana... Bagt nämedir eýsem?! Goýan maksadyňa ýeten wagtyň ýa-da arzuwlaryňy amala aşyran wagtyň döreýän duýgumy? Eger şol prosesiň özünde bagtyň barlygyny…

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

- Aňlamak üçin aň gerek, pikirlenmek üçin beýni... ýatlamak üçin hatyra. Hakydamdan gitmedigiň pursat, sen hemişe ýadymda... "Geçmiş ömürler"... Biraz bu film hakynda ýazasym geldi. Çuň manyly we kän zadyň üstünde oýlanmaga mejbur eden filmlerden biri. "- Eger bir adam beýleki biri bilen duşuşan bolsa, onda olary geçmiş ömürleriniň birinde inýen baglandyr..." Ine, şu sözlem "Geçmiş ömürler" filminiň pelsepewi tarapyny doly beýan edýär. Film aslynda durmuşyň manysy, bagt, iş durmuşy, arzuwlar, "men-iň" gadyry, ruhy gymmatlyklar…

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

Gyz Ýazgydy

Akja uzyn boylu saryýagyzdan owadan gyz. Edepli ekramly. Obanyň saýlanýan gyzlaryndan biridir. Akja, seniň agyr ykbalyň seni nirelerden çykardy. Sen obaňyza durmuşa çykdyň. Baran adamyň uruşa gidip gelmedi. Seni gaýynlaryň öýňüze getirip gitdiler. Sen ýalňyz ne çaga, ne ýoldaş bardy. Sen öz agalaryň, gelnejeleriň elinde ýaşadyň. Seň derdiňi çekişmäge ejeňem ýokdy. Sen ol öýüň ody bilen girip küli bilen çykýadyň. Doganlaryň seni şeýle eý görýärdiler. Günleriň bir güni gelnejeleriň seň kastyňa çykdylar. Ýoldaşlaryny gepden doýurýarlar.…

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

Şu gün bilen ýaşamaly - diýilýär. Şu gün haçan? Düýnki şu günmi ýa ertirki şu gün? Her günem "şu gün" bolup bilermi? Ýa-da belki düýnki gün "şu gündir"?.. Şu meselä men şeýleräk seredýärin: şu gün diýilen zat bolman biler; ki düýniň täsiri hemişe bar, ertiriň täsiri hem şeýle. Bu mende hemişe şeýle bolupdy. "Pursaty ýaşa" jümlesini kän eşiden hem bolsam "pursatda ýaşamagy" başarmadym. Köplenç, özümi iki zadyň arasynda elewräp ýören sergezdan ýaly duýýaryn. Ne belli…

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

Erkek we Zenan Zehini (Carl Jung)

*Bellikler: • Ýokarsy san bilen belgilenen sözleriň düşündirilişi iň aşakda görkezilendir. OKAMAGA BAŞLAMAZDAN ÖŇ GÖZ AÝLAMAGYŇYZ MASLAHAT BERILÝÄR. • Öz peýdaňyz üçin, makalany öz tejribeleriňiz boýunça däl-de, obýektiw bir nokatdan okamagyňyz maslahat berilýär • Öz peýdaňyz üçin, makalany doly okap, soňra teswir ýazmagyňyz maslahat berilýär Erkek adam, adatça, animasy we şahsyýeti bilen baglanyşýar. Iş ýerinde (köp manyly iş), ösen personasy¹ bolan erkek adam gowy niýetli, medeniýetli, mylaýym, akylly we ş.m. wagty, öýde tersine bolup bilýär.…

Optimizm

Pessimist her pursatda kynçylyk görýär; optimist her kynçylykda pursat görýär Winston Çerçil Käbir adamlaryň kyn ýagdaýlarda-da hemişe kümüş örtük tapýandygyny gördüňizmi? Pozitiw bolmak ukyby, optimizm diýlip hem bilinýär, akyl saglygymyz üçin täsinlikler döredip biler. Bu diňe ýyly häsiýet däl; meseleleri nädip çözüp biljekdigimizi we stres bilen nähili göreşip biljekdigimizi kesgitläp biljek pikirdir. Optimizmiň akyl saglygymyza nähili täsir edip biljekdigine has çuňňur göz aýlalyň we näme üçin oňyn dünýägaraýyş ösdürmegiň bagtly, sagdyn durmuşa alyp barjakdygyny öwreneliň.…

Optimizm

Siziň häsiýetiňizi doglan senä görä kesgitläp bolýar

Siziň häsiýetiňizi doglan senä görä kesgitläp bolýar Haýsy senede doguldyň? Bu günüň tebigatyny bilýärsiňizmi? Indi orta ýer hakda gürleşýän bölümimize gelýäris. Aýyň 1-sinde doglan adamyň pikirleriniň we hereketleriniň aýratynlygy, häsiýetiniň erkinligi we ýolbaşçylyk ukyby bilen beýlekilerden tapawutlanýandygyny aýdyp başladyk . 2-nji senede doglanlar täsirli we ýürekleri duýgudan doly. Duýgularyny gizläp bilmeýärler. Şatlyk, gynanç, gahar, haýran galmak - bularyň hemmesini ýüzünden açyk kitap okaýan ýaly öwrenip bolýar. Şeýle adamyň bir toparda işlemegi has gowudyr, aýry-aýry işler…

Siziň häsiýetiňizi doglan senä görä kesgitläp bolýar

Eje eşt sesimi…

Eje eşt sesimi... Eje salam, diýişleri ýaly sen ýanymdamy?! Men saña bir zat gürrüň bersem diňlejekmi? Ýa-da ýok eje eştjekmi? Men 17 ýaşymdadym eje bilýäňmi? Bir gün meni ýanyňa çagyryp : “Gel oglum, otyr” diýip öňüme surat goýdyñ. 3 sany surat, bu pylanyň gyzy Merjen, bu goňşyň Jennet we bu da klasdaşyň Leýla, saýla diýdiňiz. Eje, meniň durmuşymyň iň uly we iň kyn kararyny aldyrýanyňy bilýärdiňmi? Eje men 17 ýaşymda atlaryna görä saýlamalydymmy? Daşky keşbine…