Bagt

Ýigitlerimiz esgimi?

Gyzlarymyzdan biri özüni mata deňäp hekaýa ýazypdyr. Özem aň-düşünjesine hormat goýup ýörenlerimiň biri. Ol esassyz bir zat ýazmaz. Ýazgyny okap ol näme üçin ýazyldyka diýip bialaç pikire gitdim. Her bir ýazgy ýazylanda öňüňde haýsydyr bir maksat goýlup ýazylýar. Meniň 3 gyzym, 3-em oglum bar. Olaryň hemmesem öýli-işikli. Megerem şondandyr. Gyzlarymyň kejine gidip, durmuşa çykarmadym. Ogullarymyňam hiçisiniň diýenine däl diýip öýermedim. Ilde-de şeýle. Gyzyny zor bilen durmuşa çykaran hakynda şu ýaşyma enteg-ä eşidemok. Dogrusy käbir eserleri…

Ýigitlerimiz esgimi?

Bagtyň formulasy

"Bagtly bolmak kyn, öz bagtyňy tapmak üçin çykylan ýol bütin ömür dowam edýär" diýýärler. Ýöne men-ä ylalaşamok. Hemme zat ýönekeý, hemme zat şol bir zat... Bagt nämedir eýsem?! Isleýän zadyňy almakmy? Adamyň islegi çäksiz ahyry! Adam islegleri gutarmaýar. Eger bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer. Taparmy?! Gümana... Bagt nämedir eýsem?! Goýan maksadyňa ýeten wagtyň ýa-da arzuwlaryňy amala aşyran wagtyň döreýän duýgumy? Eger şol prosesiň özünde bagtyň barlygyny…

Söýgi we baglanyşyk stilleri.

Irki çagalykda ene-atalar bilen gatnaşyklarymyz bilen emele gelen baglanyş stilleri, ululykda gatnaşyklarymyza ep-esli derejede täsir edýär. Bu stillere düşünmek, söýginiň kynçylyklaryna öwrenmäge we has sagdyn baglanyşyk gurmaga mümkinçilik berýär. Üç başlangyç baglanyşyk stili: Ynamly baglanyşyk: ynamly birikdirilen adamlar ýakynlar bilen özlerini rahat duýýarlar. Söýgülisine ynanýarlar, aç-açan aragatnaşyk saklaýarlar we goldaw berýärler. Gaçýan baglanyşyk: Bu stili bolan adamlar garaşsyzlygy ileri tutýarlar we köplenç ýakynlykdan gorkýarlar. Emosional zerurlyklary peseldip bilerler, uzak dowamly gatnaşyklardan çekinýärler we ýönekeý duşuşyklary…

Söýgi we baglanyşyk stilleri.

Bagtsyz bolmak isleseňiz…

Bagtsyz bolmak isleseňiz…. Jogapkärçilikden gaçyň,topar döretmäň,toý etmäň,biznes etmäň… Bu ýagdaýda başga adamlaryň ýagdaýy we gazanjy size bagly bolýa.Jogapkärçilik durmuşa many berýär.Başgalaryň maňa seredip durany men üçin iň gowy energiýa.Diňe öz bähbitlerim üçin ylgajak bolsamam beýle energiýa berenok. Jogapkärçiliksiz gezmekden gaçyň,utulmagyň netijeleri uly bolmasy gowy bu bolsa durmuşa ýaşamana ýenede azart döredýär. Jogapkärçiligi öz eliňize alyň şonda bagtsyzlyga wagt bolmaýar.Guýjiňiz ýetýän riski ediň bolmasa jogapkärçilik sizi basyp goýar. Ilkinji ädimler bolsada şowsyz,indikler bolmazdy şonsyz… -Merdan A…

Bagtyň birine garaşlylygy

Birnäçe asyrlaryň dowamynda şahyrlar, beýik pelsepeçiler we adaty adamlar söýgüniň nähili derejede ýakymly, eziz, täsirli we ýürek tolgundyryjy duýgudygyny belläp geçýärler. Olar ol duýgudan ejir çekendiklerini birnäçe şahyrana setirleriň üsti bilen hem beýan edýärler. Men söýginiň özüm üçin gaty şahsy temalaryň biri bolanlygy sebäpli, ony ejem-kakam ýa-da dost-ýarlarym bilen ara alyp maslahatlaşardan daşda görýärin. Birini özüňden beter söýmegiň zyýanlary onuň peýdalaryndan köp ýaly göwnüme bolmasa. Öz ene-atamyň tejribesinden pikir ýöredip, gündelik durmuşda olaryň özlerini alyp…

Bagt näme diýseler - Buddha (birazajyk pelsepe 2)

Gadyyym döwürlerde (563-483 b.e.ö) şuwagtky Nepalda owagtlar Lumbini diýen ýerde, gurplyja bir maşgalada gowja oglanjyk ýaşap ýör eken. Bir diýeni iki gaýtalanmaýan, döwrüniñ şertlerine görä maddy ýagdaýy gaty gowy bolan bu oglanjyk bir gün, bu zatlaryñ hiiiiiçisinden lezzet alyp bilmeýändigine göz ýetiripdir. Şeýdip Akyşyñ "bagt näme diýseler, puldur öýtmäñ adamlar" aýdymynyñ sözlerini pikirlenmäne başlapdyr. Yañky oglanjygymyz, Siddharta Gautama, haaas meşhur ady bilen Buddha(ýagtylanan-durmuşy çözüp taşlan diýen manyda), bu barada pikirlenip başlapdyr. Buddha bu keýpleriñ ahyr…

Bagt näme diýseler - Buddha (birazajyk pelsepe 2)

Garaşsyzlyk baýramy.

Ine, ýene-de baýramlaryň naýbaşysy – Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly beýleki köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, olar täze…

Garaşsyzlyk baýramy.

Bagt näme?

Bagt näme? Men bagtlymy?! Şeýle soraglar bardyr hemmämizde. Aslynda bagt hem birnäçe stadiýadan ybaratdyr meň pikirimçe. Çagalykdaky bagt - alynan süýjä bagtly sen. Ýetginjek dörwündäki bagt - bir gyz sözüňe alsa, täze telefon alsaň w.ş.m Orta ýaşdaky bagt - diplom, karýera, jaý, maşyn, maşgala,çaga… Garrylykdaky bagt - agtyk, saglyk, dost-ýar bilen görüşmek. Bular meniň seljermäm, onda bagt ýaşymyz bilen ulalyp ahyr ýaşymyzda-da kiçelýärmi? Men özüme kän berdim bir soragy “Men bagtlymy?” , jogabym men bagtly.…

Bagtyň höwesli improwizasiýasy

Terk edilen teatr... Kim bilýär, bir wagtlar içinde drama, komediýa, tragikomediýa we başga-da birnäçe äheňde ençeme oýunlar oýnalandyr, gülünendir, aglanandyr, söýülendir, halanandyr, ýigrençler dökülendir, sarpalar edilendir... Häzir bolsa sessiz, ähli ýygnan manylary bilen terk edilip, boşap galan... Ony ýönekeý binadan tapawutlandyrýan sungat ruhydy, sungat ruhy bolsa ähli duýgylary bilen oňa durmuş berdi... Ýokarky setirler örän tanyş gerek? Hoş geldiň haçan terk edilen teatra öwrüljegini bilmän, şol güne çenli başaran her pursadynda bagtly bolmak üçin elde…

Bagtyň höwesli improwizasiýasy