Oýlanma

2024-2025ý, aýdyňlanma...

Salam! Ömrümiň ýene bir 365 güni geçip gitdi, öňümde ýene näçesi bar bir Allah bilýär. Kän bolsa gowumy ýa-da az, men-ä entäk çözmedim. Haýyrlysy... Geçdi birgiden wagt, sanasaň kän ýaly emma duýulanda welin, sanalgyja ýatlamalaryň toplumy ýaly. Wagt, ýaradylyş, ýaşaýyş - gaty täsin zat, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Adam we adamzat, olam şolar ýaly, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Isleg, talap, zerurlyk, borç, mejburyýet, erk, yrada, hökmanylyk, tötänlik, bagt, şowlulyk, ýazgyt, kysmat,…

2024-2025ý, aýdyňlanma...

SAŇA AÝTMALY ZATLARYM BAR!.. Hawa, bu men! Saňa hat ýazmagy gowy görýän dostuň! Meniň saňa aýtmaly zatlarym bar! Men arzuw etmekden ýadadym, gadyrdan! Çünki köňül aýnam döwüleni bäri äpişgämden sowuk şemal girýär ýüregime... Ol ýerdäki gürsüldiniň sesi bolsa barha haýallap, gursagymam daşa öwrülip barýan ýaly... Bärde üşesemem seniň getirjek baharyňa henizem garaşýan men. We ähli güýjim bilen saňa hat ýazýaryn, gadyrdan, seniň kimdigiňi bilmesemem! Hiç kime aýdyp bilmedik zatlarymy saňa ýazyp ugradasym gelýär birhili. Bir…

Ýiten Göwün

Göwün diýsene... Gö-wün... bary ýogy ikije bogun... Ýöne ynsanyň tutuş bedeni, ýüregi, akyly, ruhyny onuň täsirine görä bolýan eken... Meniňem göwnüm bardy birwagtlar, ýöne ony ýitirdim tötänden. Köp wagt boldy göwnümden derek bolmanyna. Ol-a meni unudan bolmagam ahmal, ýogsa gözlegime çykan bolardy, meni tapan bolardy bir eýýäm... Ol meni näme etsin diýsen-e ,,Göwnüne seretmeýänim" üçin... Özüme galsa-ha göwünsiz hem geçip dur ömür gül ýaly bolup, sebäbi göwnüňe degýän adam ýokda ,,Göwnüm" bolmany üçin ... Ýöne…

Ýalňyşmak ýalňyşmy?..

- Men özümiň hakyna girdim! - Nädip? - Ýalňyşyp... - Düşünmedim, açyk aýtsana! - Käbir işlerde, özümi adalatly alyp barjak bolup öz hakyma kän giren ekenim... Hawa, köplenç şeýle-de boldy. Adalaty ölçemegi başarmazdan adyl bolmaga synanyşmak - öz hakyňy iýmek. Başgaça aýdanyňda - ýalňyşmak. Ýalňyşmak ýalňyşmy?! Her kimiň özi karar bersin... Ýadyma düşýär, mundan ep-esli ýyl öň, okuwçy wagtlarym, synpdaşlaryma öý işlerinde kömek etmegiň deregine göçürderdim... Hem olaryň hakyna giripdirin, hem zähmetimiň. Mugallymlar meni bagyşlasyn;…

Pikir Ummanyndan Bir Damja…

Arada şeýleräk ýazga duş gelipdim. Setirler maňa tanyşdy birhili. Halkymyzyň kitaba bolan umumy garaýşy surtalandyrylýardy hakykatçyl bir äheňde. Iň begenýän zadymam näme bilýäňizmi? Pikirler we garaýyşlar satyn alynanok, olar mugt:). Şol sebäpli şeýle ägirtleriň işlerini siz okyjylara, ýagny pikirlenýän adamlar bilen paýlaşmak meniň üçin lezzet. Ted aýtmyşlaýyn “Ideas worth spreading” . Hem arada maňa diýildi: “Pikiri pikirlenip bilýän adam bilen paýlaşmaly.” «Türkiýede kitap ýaly gadyrdan gaçan başga hiç zat ýok bolsa gerek. Hamidiýe suwy däl,…

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Biz kim?! - Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan. Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr... Näme üçin we nädip beýle? - Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok! Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin…

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Sadalyk we ynanjaňlyk, tama

Haçandan bäri ýazmak içimden gelenokdy. Näçe gezek ýazaýyn diýip stol başyna geçdim, her gezeginde içimden bir ses "häzir däl" diýýärdi. Bu gün bolsa şol ses "ine şu wagt, ýaz pikiriňi gaýgyrman" diýýär... Bu gün gozgasym gelýän tema "ynam". Adam näçe ýönekeý, näçe sada bolsa, şonça-da ynanjaň bolýar. Hemişeki ýaly, ýene dessine özüme geçeýin: sadalyk edip, her göz-gaş oýnadana ýürek berdim, sadalyk edip içimdäki hakykaty daşyma çykardym, sadalyk edip käte üstümden güldürdim, sadalyk edip, her kömek…

Sadalyk we ynanjaňlyk, tama

Siz/Biz ýalta DÄL

"Ýaltalyk" diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak "Biz ýalta däl!". Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär: Ýalta - Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz. Ýaltalyk - Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk. Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada "ýalta" diýip ters…

Siz/Biz ýalta DÄL

Jennet Çilgezkuliýewa: Google-da UX dizaýneri: “Muny öwrenýänçäm, nädip UX dizaýneri boljagymy bilmedim”

Jennet Çilgezkuliýewa: Google-da UX dizaýneri: “Muny öwrenýänçäm, nädip UX dizaýneri boljagymy bilmedim” Jennet bilen söhbetdeşlige itergi: Jennet bilen 2022-nji ýylda tanyşdym. Ol UX dizaýnynyň çägine girmezden ozal, bakalawr we magistr derejelerini Interýer dizaýn ugry boýunça okady. UX dizayn hünärini özbashdak öwrenip, frilansda ishläp, tejribe gazandy we netijede 2019-njy ýylda “Motorola Solutions”-da UX dizaýneri hökmünde işe başlady. Ýöne hekaýa bu ýerde tamamlanmaýar. “Motorola Solutions”-da dört ýyl zähmet çekenden soňra, Jennet täze kynçylyklary garşysyna almagy maksat edinip,…

Jennet Çilgezkuliýewa: Google-da UX dizaýneri: “Muny öwrenýänçäm, nädip UX dizaýneri boljagymy bilmedim”

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Iň köp eşidýän zatlarym: okajak, baýajak, biznes etjek, gowy ýerde işlejek, abraýly hünäriň eýesi boljak, abraý gazanjak, tanymal boljak, lukman boljak, komitetşik boljak, ministr boljak we ýene köp zat... Näme sebäpden adam boljak diýýänler az-azka?.. Ýa-ha biziň hemmämiz ynsanlygyň aňrybaş nusgasy ýa-da ynsanlygyň ýüz garasy! Ýokarky arzuwlary eşidesim gelenok! Özümem ýokardaky arzuwlar bilen ýaşamok. Gymmatlyk meniň gözümde adam eli bilen elläp bolmaýan zatlarda. Eger sen bir zady alyp bilýän bolsaň (gazanyp däl), onda ol gymmatlyk…

Okajak, baýajak we ýene köp zat...