Oýlanma

Ene Mähri we Perzent Borjy Asuda awgust gijeleriniň birinde ejemiň mylaýym sesi meni şirin ukymdan oýardy. Ol maňa bir käse suw getirip bermegimi haýyş etdi. Men bolsa süýji ukymdan oýadylanym üçin nägilelik bilen, ýüzümi çytaryp suw getirdim. Ejem suwy içen badyna, onuň mähriban gözlerinden monjuk-monjuk ýaşlar damyp başlady. Şol pursat ejemiň näme üçin aglaýanyny doly aňşyryp bilmedim. Ýöne, boýun alsam-almasam-da, ol gözýaşlaryň meniň çytyk gaşlarymy we nägile nazarymy görendigi sebäpli dökülýändigini içimden duýýardym. Ejemiň öçügsi…

Ýalňyşmak ýalňyşmy?..

- Men özümiň hakyna girdim! - Nädip? - Ýalňyşyp... - Düşünmedim, açyk aýtsana! - Käbir işlerde, özümi adalatly alyp barjak bolup öz hakyma kän giren ekenim... Hawa, köplenç şeýle-de boldy. Adalaty ölçemegi başarmazdan adyl bolmaga synanyşmak - öz hakyňy iýmek. Başgaça aýdanyňda - ýalňyşmak. Ýalňyşmak ýalňyşmy?! Her kimiň özi karar bersin... Ýadyma düşýär, mundan ep-esli ýyl öň, okuwçy wagtlarym, synpdaşlaryma öý işlerinde kömek etmegiň deregine göçürderdim... Hem olaryň hakyna giripdirin, hem zähmetimiň. Mugallymlar meni bagyşlasyn;…

Pikir Ummanyndan Bir Damja…

Arada şeýleräk ýazga duş gelipdim. Setirler maňa tanyşdy birhili. Halkymyzyň kitaba bolan umumy garaýşy surtalandyrylýardy hakykatçyl bir äheňde. Iň begenýän zadymam näme bilýäňizmi? Pikirler we garaýyşlar satyn alynanok, olar mugt:). Şol sebäpli şeýle ägirtleriň işlerini siz okyjylara, ýagny pikirlenýän adamlar bilen paýlaşmak meniň üçin lezzet. Ted aýtmyşlaýyn “Ideas worth spreading” . Hem arada maňa diýildi: “Pikiri pikirlenip bilýän adam bilen paýlaşmaly.” «Türkiýede kitap ýaly gadyrdan gaçan başga hiç zat ýok bolsa gerek. Hamidiýe suwy däl,…

ÝAGYŞ HAKYNDA OÝLANMA Durnagöz asmanyň edil ortasynda, bir-biri bilen kowalaşýan egri bulutlar görünýär başda. Näme sebäpdenligi belli bolman o ýerden bu ýere ylgaşýarlar. Göýäki garagol çagalar ýaly... Ylgadygy saýyn derlärler, garalaşarlar. Edil çagalaryň ullakan adam boluşlary ýaly olaram ulalarlar. Ulalmagyň berýän ezýetindenmi, ýa ulalan saýyn durmuşyň ýowuz daraýanlygyndanmy bilmedim, birdenem aglamaga başlarlar. Näçe ulalsalarda göwünleri entek kiçijik çagalaryňky ýalydyr. Sähel zada aglar olar. Biri başladymy, hemmesi goýberer özüni. Sen gök ýarylandyr öýdersiň. Aýnanyň öňünde durup,…

Ömür Ýolunyň Ýolagçysy Şäheriň galmagally köçelerinden bazara tarap ýöräp barýardym. Birdenem gözlerim garryja, saçlary çalaran, köneje eşikli, ýyrtyjak aýakgaply bir ýaşula düşdi. Daşyndan seredip, 60 ýaşlaryndan geçendir diýip çakladym. Egnine haltadan öz elleri bilen tiken kirlije sumkasyny sallapdyr. Bilmedim, ol sumkanyň içinde näme bar?! Belki, bir döwüm çörekdir, suwudyr... Belki-de içinde birnäçe gyzyl alma bolmagam ahmal. Ýöne ol daýy öz elleri bilen tiken şol çuwal sumkasynda, aslynda durmuşyň iň agyr synaglaryny, üstünliklerini we hasratlaryny göterip…

Utanç

Menem ine indi kim bilyär näçinji gezek ýene-de şol almany dişledim. Almadygam belli däl, asyl möhümem däl. Asyl möhüm zat meniň ony dişlänligim. Iň gynançly tarabam, agzym onuň tagamyna öwrenşip barýar. Käşgä birinji dişlänimde patylap ýere gaçsadym. Gaçandyrnam belki, duýmandyryn. Kellelikgän gaçyp agyryma näme dişlänime düşünsedim. Hiç zada düşünmändirin. Adam ata bir dişläni üçin kyrk ýyl göge nazar salmana utanypdyr. Utanç perdesini dogram-dogram edip taşlanyma-da düşünmändirin. Käşgä menem bir çetinde How enäniň hem barlygyndan habarsyz…

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Biz kim?! - Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan. Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr... Näme üçin we nädip beýle? - Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok! Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin…

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Iň köp eşidýän zatlarym: okajak, baýajak, biznes etjek, gowy ýerde işlejek, abraýly hünäriň eýesi boljak, abraý gazanjak, tanymal boljak, lukman boljak, komitetşik boljak, ministr boljak we ýene köp zat... Näme sebäpden adam boljak diýýänler az-azka?.. Ýa-ha biziň hemmämiz ynsanlygyň aňrybaş nusgasy ýa-da ynsanlygyň ýüz garasy! Ýokarky arzuwlary eşidesim gelenok! Özümem ýokardaky arzuwlar bilen ýaşamok. Gymmatlyk meniň gözümde adam eli bilen elläp bolmaýan zatlarda. Eger sen bir zady alyp bilýän bolsaň (gazanyp däl), onda ol gymmatlyk…

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

2024-2025ý, aýdyňlanma...

Salam! Ömrümiň ýene bir 365 güni geçip gitdi, öňümde ýene näçesi bar bir Allah bilýär. Kän bolsa gowumy ýa-da az, men-ä entäk çözmedim. Haýyrlysy... Geçdi birgiden wagt, sanasaň kän ýaly emma duýulanda welin, sanalgyja ýatlamalaryň toplumy ýaly. Wagt, ýaradylyş, ýaşaýyş - gaty täsin zat, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Adam we adamzat, olam şolar ýaly, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Isleg, talap, zerurlyk, borç, mejburyýet, erk, yrada, hökmanylyk, tötänlik, bagt, şowlulyk, ýazgyt, kysmat,…

2024-2025ý, aýdyňlanma...

GYLDANAM INÇE..

Ömrüň tanapyna-da gyl ýaly inçe diýýärler. Syrat köprüsem gyldan inçe, gylyçdan ýitimiş. Gyl sözi, halk rowaýatlarynda, aýtgylarymyzda-nakyllrymyzda kän geçýär. Ýogsa ol siňe seretmeseň känbir göze-de ilenok. Durmuşda-da inçe senediň ussadynyň çyzyklary mysaly, ujypsyzça mähir ýürege üýtgeşik gözellik bolup ornaýar. Meniň ýuka ýürek aýal doganym bardy. Her görende „Bize geleňizok” diýip zeýrenerdi. „Barýas-a pylan eje. Günde-gün aşa baryp durmagyňam nämä geregi bar? Üýtgeýän zat ýog-a” diýerdik. Emma, üýtgeýän, ýütgejek zat bar eken. Häzir o bende ýogaldy…