Makalam

Ýene düşnüksiz duýgular...

Soňky wagtlar solan güller hoşuma gidýär. Belki şonuň üçindir içimdäki kebelejiklerimiň hem meni terk edeni. Içim daşymdan yza galyp barýar öýdýän, edil wagt täsir etmeýän ýaly. Daşyma bahar gelse-de içimde güýz. Henizem bahara garaşyp oturşym. Ýapynjamam maňa ýylylyk berenok. Sözlerem ýigrenip başladym, olaram maňa päsgel berýär soňky wagt. Seslerden ýadadym, sessizlige tarap ýöräsim gelýär. Hiçkimň ýok ýerinde ümsümligi diňläsim gelýär. Ýazasym gelýär, gorkuly duýgular hakynda ýazasym gelýär, olary maňa aşyk bolaryndan saklasym gelýär. Ýanymdaky sessiz…

Ýene düşnüksiz duýgular...

Makalam täzelikleri

Pikirler Makalamda ulanyjylarymyzyň dürli temalar hakynda diskussiýa etmegi halaýanlygyny gördük, we muny has hem ýeňilleşdirmek maksady bilen size "Pikirleri" hödürleýäris. Pikirlerde ulanyjylarymyz özleriniň gysga pikirlerini paýlaşyp, maslahat ýa sorag sorap bilerler. Bu täzelik bilen makalamyň türkmenleriň arasynda sylanyşykly we gyzykly diskussiýalaryň platformasyna öwrülmegini umyt edýäris. Häzirki wagtda pikirler diňe agza bolup, e-poçta salgysyny tassyklan ulanyjylarymyz üçin elýetirlidir. Pikirler hakyndaky pikirleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Beýleki täzelikler Ýazyjylarymyza makala ýazýan wagtlary kömekçi bolmagy üçin, emeli aň kömekçisini…

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?

Makalam-y ulanylyşa girizenimize bir hepde dolup gelýär we bu gysga wagtda eýýäm birnäçe zatlardan tejribe ýygnap netije çykaryp bildik. Saýtymyza girýän adam sany artdygyça ýüze çykýan meseleler hem artýar we bize saýtymyzy has hem güýçli fundamentiň üstüne oturdyp dowam etmäge mümkinçilik berýär. Edilýän proýektleri goldamak isleýän, ýöne güýçli fundamentiň üstüne gurulmagyny isleýän diňe biz däl, ulanyjylardan hem bu barada soraglar gelip başlady. Twitter-den gelen bu soraglara ýeke-ýeke twitter-dan jogap ýazmak ýerine makalam-da bir makala şeklinde…

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?

Ertir öljekdigiñ ähtimallygy 50%

Ähtimallyk hasaplamalary... Okuw jaýlarynda ähtimallyk atly tema geçilerdi. Mysal üçin, bir torbada on top bar diýilýärä... Ilki şu soragy ýatla: "Bir torbada on sany top bar. Olardan dörüsi ýaşyl, üçüsi gyzyl, ikisi gök, biri ak. Torbadan alynan bir topyň gök reňkli bolmak ähtimallygy näçä deň?" Ýaşaýan ýaşamaýan, matematika bilen gyzyklanýan gyzyklanmaýan herkim bu soraga 20% diýip jogap berer. Sen hem... Indi, ähli öwredilenleri ýatdan çykar we diňle! Ýokardaky torbadan alynan bir topyň reňkiniň gök bolmak…

Ertir öljekdigiñ ähtimallygy 50%

Makalam.com-da näçe sany web sahypa (link) bar?

Bu makalada makalam.com web-saýtyndaky ähli web sahypalary toplamagyň usulyny görerisiňiz, başga-ça aýdanyňda kerep çyrmaşmasy (dogry terjimesini bilseňiz komment ýazyň) barada gürrüň bolar! TEORIÝA Kerep çyrmaşmasy (web crawler) - wikipedia aýtmyşlaýyn - Internet bot-y bolup (käte möý boty hem diýilýär) ulgamlamlaýyn web sahypalyryny gözleýär we köp halatlarda gözleg dwižoklary (search engines) tarapyndan web indekslemesi üçin ulanylýar. Web gözleg dwižoklary we başga käbir websaýtlary kerep çyrmaşmasy arkaly özleriniň kontentlerini täzeläp durýarlar. Kerep çyrmaşmalary gözleg dwižoklary tarapyndan proseslenmeli…

Makalam.com-da näçe sany web sahypa (link) bar?

MAKALAM.COM-YŇ USSAT WE HÖWESJEŇ ÝAZYJYLARDYR MUŞDAKLARYNA!

Dürli ugurlarda okaýan we zähmet çekýän, gymmatly wagtlarynyň belli bir bölegini makaladyr oýlanmalara sarp edýän ildeşlerimizi görüp, diýseň begenýärin. Şeýle höwes we hyjuw bilen irginsiz ýazylýan eserleriň geljekde hasam peýdaly çeşmä öwrüljekdigine hem doly ynanýaryn. Esasanam IT, geografiýa, ekonomika, medisina, psihologiýa, injinerlik we sanaman geçen beýleki ulgamlarda işleýän we hünär öwrenýän ildeşlerimiziň, durmuşa dürli nukdaýnazarlardan garamaklary, öz pikirlerini bir-birine meňzemeýän žanrlarda beýan etmekleri meni hasam guwandyrýar. Häzirlikçe ýazylýan her bir eseriňiziň gymmaty altyna barabar bolmasa-da,…

MAKALAM.COM-YŇ USSAT WE HÖWESJEŇ ÝAZYJYLARDYR MUŞDAKLARYNA!

Makalam - mazmun syýasatynda üýtgeşme

Makalam-yň başlanyna 2 aýdan gowurak wagt boldy we çap edilýän makalalaryň sany her geçen gün artmaga dowam edýär. Makalam-yň ösüp, ýokary hilli türkmen makalalarynyň merkezine öwrülip biljekdigine çyn ýürekden ynanýarys. Soňky wagtlarda, gynansakda, Makalam-da neşir edilýän mazmunlaryň käbiriniň beýleki çeşmelerden göçürilendigini gördük. Bu hereketler diňe bir awtorlyk hukugy kanunlaryny bozman, eýsem platformamyzdaky mazmunlaryň hilini hem peseldýär. Sahypamyzyň bitewiligini saklamak we okyjylara gymmatly we özboluşly mazmun bilen üpjün etmäge dowam etmek üçin mazmun syýasatymyzy täzelemäge karar…

Makalam - mazmun syýasatynda üýtgeşme

tan kyt :P :)

Salam. Biz bugün şu ýerde, şu ýeriň özüni tankytlamaga geldik. Gowy taraplaram bar welin, kem ýerlerem bar. Öňe çykýan makalalaryň nähili algoritmde öňe çykýandygyna düşüner ýaly däl. Näme üçin “soňky paýlaşylanlar” ýeri aýryldy oňa-da düşünmedik. Ýazgylarymyza gelen teswirleri gözläp tapmaly ýa-da Allajanyň özi öňümizden çykarmaly!. Öňe çykýan ýazgylaryň teswirlere görä öňe çykmagy geň. Birem täzeräkligem täsir edýän ýaly. Käbirleri bolsa türkmençilikdäki(!) ýaly öňe çykýana meňzeýär. Garaz hälki aýdyşymyz ýaly, bizä düşünmedik. Şonuň üçin “makalam”-da birzatlar…

Pikir çorbasy

Meşhur filosof Diogenes bir çeşmäniň boýunda çorba etmek üçin merjimek arassalap otur eken. Şol wagt hem imperatora ýakynlygy bilen tanalýan Aristippus atly başga bir filosof ýanyna geldi. Aristippus hem filosof bolmasyna filosof, ýöne bilýänlerini daş-töweregindäkilere öwretmekden has imperatora ýaraňjaňlyk etmekde ulanýardy. Şeýdip hem keýip içinde aňsat we rahat bir durmuşy ýaşamagy tapypdy. Gülkili sesi bilen Diogenese: "Senem imperatora ýakyn bolmagy başaran bolsadyň, şeýdip çeşmäniň boýunda merjimek arassalamaga mejbur galmazdyň" diýdi. Diogenes şeýle jogap berdi: "Sen…