Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Makalam täzelikleri

1 minut alar

Pikirler

Makalamda ulanyjylarymyzyň dürli temalar hakynda diskussiýa etmegi halaýanlygyny gördük, we muny has hem ýeňilleşdirmek maksady bilen size "Pikirleri" hödürleýäris. Pikirlerde ulanyjylarymyz özleriniň gysga pikirlerini paýlaşyp, maslahat ýa sorag sorap bilerler. Bu täzelik bilen makalamyň türkmenleriň arasynda sylanyşykly we gyzykly diskussiýalaryň platformasyna öwrülmegini umyt edýäris.

Häzirki wagtda pikirler diňe agza bolup, e-poçta salgysyny tassyklan ulanyjylarymyz üçin elýetirlidir. Pikirler hakyndaky pikirleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

Beýleki täzelikler

  • Ýazyjylarymyza makala ýazýan wagtlary kömekçi bolmagy üçin, emeli aň kömekçisini goşduk. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ulanyjylarymyz azyndan bir makala paýlaşan bolmalydyr. Barlaň we pikirleriňizi biz bilen paýlaşyň.

  • Makalamda registrasiýa etmegi has hem sadalaşdyrdyk, ulanyjylarymyz indi registrasiýa edýän wagtlary has az informasiýa berip makalamy ulanyp başlap bilerler.
  • Ulanyjylaryň halan makalalaryny gizledik, mundan beýläk halan makalalaryňyz diňe siziň özüňize görüner.
135 |