Üstünlik

Üstünligiň syry

Adamyň biri parkda ýeke özi oturdy, kellesini elleriniň arasyna syrly-syrly pikirlenýärdi. Işleri bulaşyp, batmaklayga ýakyn bolan telekeçi biridi. Näme etse etsin işleri düzelmeýärdi. Bir tarapdan kredit berenler ony gyssaýarka, beýleki tarapdan-da bir topar adam töleg edilmegine garaşýardylar. Erbet içi gysypdy, hiçbir çözüw ýoluny tapyp bilenokdy. Şonuň üçin hem parkda ýadawlykdan ýeňlemek üçin oturýardy. Edil şol wagt hem ýanyna garry ýaşuly geldi-de: “Gaty gamgyn görünýäňle. Seni birahat eden bir zadyň bardygy belli...Meň bilen paýlaşmak isleýärmiň?” diýip…

Üstünligiň syry

Gurluşykdan alan tejribäm

Dynç güni irden säher wagtydy, sagat heniz 7.00. hem bolmandy. Men bolsa düşegimde süýji ukyda ýatyrdym. Bütin hepdäniň beren ýadowlugyndan soň uky şeýle bir süýjidi, ýöne bu süýji uky şol ýakymsyz sesleri eşidýänçäm, dowam etdi. Ukymdan oýandym kelläme gelýän birinji pikir, haýsy goňşyň gurluşyga başlandygy, emma bu pikir tä traktoryň sesini eşidýänçäm dowam etdi. Aýnadan seretsem bu sesleriň daşaryk degişlidigini we öýde näme sebäpden suwyň ýokduguny bildim. Daşarda gazuw işleri gidýärdi. Takyk näme iş etýändikleri…

Gurluşykdan alan tejribäm

Şowsuzlygyň ädimleri, üstünlige tarap!

Salam gadyrly adamlar. Size birnäçe sowal: Siz şowsuzlykdan gorkýarmysyňyz? Işiňiz ugrukmazlygyndan howatyrlanýarmysyňyz? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp, synanyşyp görmekden gaça durýarmysyňyz? Eger-de siz “ hawa ” diýip jogap berseňiz, onda siziň öňüňizde, dogrudanam, ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we siz şeýdip öz maksatlaryňyza ýetip bilmersiňiz. Meniň pikirimçe sowşuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzluk bu üstünligiň ganatydyr. Şu wagtky döwürde bilşimiz ýaly üstünlige ýeten adamlar, milliarder hem-de millioner adamlar, ýa-da bolsa özüniň korýerasynda täsin işleri edýän adamlar…

NUR SAÇMAK

Firmanyň eýesi garry bir adam hassa bolupdy. Indi günleriniň salgydygyny duýýardy. Garry adamyň üç ogly bardy. Ogullaryny ýanyna çagyrdy. Olara indi garrylygyndan işiň başynda durmagyna päsgel berýändiginden aýtdy. Geljek bilen baglanyşykly ogullaryna öwüt-ündew berdi. “Üçüňizde meniň çagalarym, ogullarymsyňyz. ” diýdi. “Içiňizden haýsyňyzyň firmamyzyň başyna geçmeli, muňa karar bermek örän kyn. Men ölemden soň hem gatnaşygyňyzyň bulaşmagany islämok. Şol sebäpden siziň haýsyňyzyň işe mynsypdygyňyzy bilmek üçin sizi synaga salmaga karar berdim. Üçüňizide 100 manat berjek. Häzir…

Käbir adamlar näme üçin beýlekilerden ökde, üstünlige ýeten?

Üstünligiň syry Üstülige ýeten adamlar näme üçin we nädip üstünlige ýetýärler? Hany ol her gün eşidýän biznesmenlerimiz, sportsmenler, sungat işgärleri , ýazyjylar ...Bu üstüliklerini nämä borçly ?Aslyýetinden bolan zehininemi, beýik iqsynamy( zehin...) ýa-da özleriniň ýörite ukyplarynamy? Bular, ýagny zehin we ukyp elbetde möhüm emma siziň pikir edişiňizçe däl. Serediň ortaça bir adamyň iqsy 100 töwerekleridir, Albert Einsteiniň iqsy 150-ti. Häzir size aýtjak adamymyň iqsy şeýle bir beýik käbirlerine görä hasaplanyp bilmän ,195+ kabul edilýär. Goýuň…

Käbir adamlar näme üçin beýlekilerden ökde, üstünlige ýeten?

Her kim öz durmuşynyň serkerdesi

Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň ählisiniň öz işlerine jogapkärli çemeleşendiklerine seni ynandyrmagym üçin, meniň bu hakykatlary saňa gaýta-gaýta ýanjap oturmagym gerekmikä? Olar ömürleriniň bir sekundyny hem ýüzbe-ýüz bolan ýaramaz ýagdaýlary, teň hallary üçin kimdir birini ýazgarmaga sarp etmediler. Gaýta, durmuş bulara köp zatlary öwretdi — ýetip barýarka öň açyk duran gapynyň bulara ýapylandygy üçin ýa-da ýollaryna oklanan mydarsyz päsgelçilik üçin kimdir birini ýazgarjak, kimdir birine iňirdejek, igenjek bolmadylar. Hemme zady adaty bolaýmaly, hökman bolaýmaly bir waka,…

Nädip "bet" bolmaly, sowuk e-maillaryň (cold e-mail) güýji we ussatlyk barada (dizaýnerdan...).

"Bet" bolmak üçin, durmuşyňyz bilen näme edip näme goýjagyňyzy bilmek hökmän dal, şu hepde näme etjekdigiňizi bilseňiz hem ýeterlikdir. Barjak ýeriňde duşýan zatlaryň hemmesine düşünmek hökman däl. Diňe indiki ädimiňizi bilseňiz hem ýeterlikdir. Siz islendik adama sowuk e-mail ugradyp bilýäňiz, ýöne näme üçindir hemmeler bu zadyň güýjüni bilmeýär. Hepdede bir e-mail ugratmak kyn, wagt alýan bir zat ýalydyr welin, durmuşuňyzy çalşyp biljek güýji bardyr. Dogry ýazan hatlaryňyza köplenç jogap bolmaz. Ýöne ajaýyp bir zata ýetmek…

Minimalizm bilen täze durmuş

Pikirlenip görüň, öňüňizde bir düwme bolsa we siz şol düwmä basan ýagdaýyňyzda durmuşyňyzy düýbinden üýtgedýän bolsa, gereksiz ähli zatlary siziň durmuşyňyzdan aýyryp, meşgullanýan zadyňyza ünsi jemlemäge kömek edip, sizi has üstünlikli biri edip, gereksiz köpçülikden seni daşlaşdyryp diňe saňa zerur bolan zatlar bilen meşgullandyrýan bolsa onda siz şol düwmä basardyňyzmy? Ynha minimalizm hem adamlara maddy we ruhy taýdan täze bir durmuş hödürleýär. Minimalizm ýa-da az köpdir düşünjesi özüňdäki manyny, durmuşdaky manyny gözlemäge çalyşmakdyr. Bu bize…

Minimalizm bilen täze durmuş

Durmuşymyzy kynlaşdyrýan gereksiz aladalar.

Durmuşymyzyň uly bölegini eýeläp barýan, bizi negatiw pikirlenmäge getirýän, ýöne biziň parhynda bolmadyk birnäçe gündelik gereksiz aladalar bar. Şeýlede bu gereksiz aladalar biziň gündelik sarp edýän energiýamyzyň köp bölegini alýarlar. Şeýlelik bilen bize gereksiz köp zatlary alada edýäris. Olardan käbirileri: · Üýtgeşik ýöne gereksiz zatlar Şu makalany okap oturan wagtyňyzda hem dünýäde birnäçe wakalar, täsin habarlar bolup dur. Eger-de biz hem şol gereksiz täsin habarlary, wakalary internetde bolsun sosial mediýada bolsun yzarlap başlasak günümiziň näçe…

Durmuşymyzy kynlaşdyrýan gereksiz aladalar.

Iñ uly arzuwyň amala aşmasy

Oglanjygyň iň uly arzuwy meşhur karateçi bolmakdy. Ol bir gün betbagtçylykly hadysa sebäpli çep elini ýitirýär. Ene-atasy onuñ iň uly arzuwlaryny amala aşyrmak, çagalaryny begendirmek üçin karate mugallymyny hakyna tutýarlar. Birinji sapakda mugallym oglanjyga garşydaşynyň sag elini tutup, üstünden agdarma hereketini görkezýär. Ikinji, üçünji we hatda soňraky sapaklarda hem elmydama şol bir zady gaýtalaýarlar. Bir gün oglanjyk mugallymyna: "Jenap, men bu ýagdaýdan gaty ýadadym indi başga herekete geçip bilmerismi?". Mugallym bu haýyşy kabul etmeýär we…