Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öwreniji

Käbir adamlar näme üçin beýlekilerden ökde, üstünlige ýeten?

4 minut alar

Üstünligiň syry

Üstülige ýeten adamlar näme üçin we nädip üstünlige ýetýärler? Hany ol her gün eşidýän biznesmenlerimiz, sportsmenler, sungat işgärleri , ýazyjylar ...Bu üstüliklerini nämä borçly ?Aslyýetinden bolan zehininemi, beýik iqsynamy( zehin...) ýa-da özleriniň ýörite ukyplarynamy? Bular, ýagny zehin we ukyp elbetde möhüm emma siziň pikir edişiňizçe däl.  Serediň ortaça bir adamyň iqsy 100 töwerekleridir, Albert Einsteiniň  iqsy 150-ti. Häzir size aýtjak adamymyň iqsy şeýle bir beýik käbirlerine görä hasaplanyp bilmän ,195+ kabul edilýär. Goýuň siz Einstein ýaly gaty ökde bir alym  bolmagy , Kristofer Langen adyndaky bu zehinli kişi durmuşynda taryha geçer ýaly möhüm hiç bir zat etmändir. Diýmek, ýekeje özi tebigy zehin  ýeterlik däl. Onda ýa ukyp bu barada Mosart akla gelýär... Bu käbirlerine görä klassik saz sungatynyň hudaýy kabul edilýän kompozitor bäş ýaşynda wagty saz düzmäge başlapdyr diýilýär. Eger şol wagtky ýaly ýonekeý sazlary düzüp goýan bolsa bu wagt onuň adynam eşitmezdik,emma ol 25 ýyllyk güýçli iş temposynyň yzyndan şol geniýlik derejesine ýetdi. Bu meselemi berip men mosart aslynda onçada ukyply däldi diýjek bolýanmy!? Elbetde ýok, ol bu derejä diňe ukyp bilen ýetmändir, bu işiň üstünde gaty köp işlädir diýjek bolýan. Eger sizem bu iş bilen belli bir wagt köp işleseňiz sizem geniýlik derejesine ýetersiňiz diýjek bolýan. Belli bir wagt näçe onda? Elbetde 10000 sagat.

10000  sagat düzgüni

Muny  men diýemok muny alymlar diýýärler. Temamyzdan daşlaşmajak bolup esasan hem saz ugrundan gitmek isledim. Emma muny islendik ugurda hem ulanyp bilersiňiz. Indi tema dolansak, bu aslynda saz akademiýasynda geçirilen bir tejribe( eksperiment).

Ana şonda akademiýadaky skripka okuwçylaryny üç topara bölýärler:

  •  1-nji toparda ýyldyzlar bar. Dünýä standartlarynda çykyş edip  biljek okuwçylar. 
  • 2-nji toparda  diňeje ökdeler . Professional şekilde bir ýerde skripka çalyp biler.
  • 3-nji toparda ortalar. Mekdepde saz mugallymy bolup biler.

Elbetde bular dürli ukypdaky okuwçylarmy? Ýok, sebäbi bu akademiýa girmek üçin başlangyçda belli bir ukyp egzamininden geçmeli. Onda, aradaky tapawut nämede? Dürli ýaşda saza başlapdyrlarmy onda? Ýene-de ýok, hemmesem 5 ýaşynda saz çalmaga başlapdyr. Onda aradaky tapawut nämede? Ine, proffessorlar ýörite şunuň yzyny sürüpdirler  we bu üç topar arasyndaky esasy tapawut diýip şuny görkezipdirler:

Okuwçylaryň hemmesem başda ( 5 ýaşynda) ortaça hepdede 2-3 sagat praktika edipdirler. Soňra 8 ýaşyna gelende olaryň käbirleri praktika wagtyny artdyrypdyr. Siziňem takmyn edişiňiz ýaly bular ýyldyzlar topary eken. Bular(ýyldyzlar):

  • Ýaş 5  hepdede praktika wagty -   2-4 sagat
  • Ýaş 9  hepdede praktika wagty -   6 sagat
  • Ýaş 12  hepdede praktika wagty -  8 sagat
  • Ýaş 14  hepdede praktika wagty -  16 sagat
  • Ýaş 20  hepdede praktika wagty -   30 sagat

Serediň,mekdep şol bir mekdep. Mugallym ýetikmi, ýetik. Hemmesine şol bir şekilde öwredilýär. Tapawudy döredýän ,has ökde bolmak isleýän okuwçylaryň  öz islegleri bilen, hiç kim olara et diýeni üçin däl, ellerine  skripkalaryny alyp has köp wagt öz üstünde işlemekleri netijesinde ýüze çykýar. Has köp wagt näçe? 10000 sagat .Geçirilen tejribe şuny görkezýär: Ýyldyzlar  20 ýaşyna çenli 10000 sagat praktika edipdir. Diňeje ökde bolanlar 8000 sagat, ortalar bolsa 4000 sagat praktika edipdir. Bu tejribäni geçiren professorlar diňe skripkaçylar bilen çäklenmän, pianisleriň we beýleki saz gural çalýanlaryň üstünde hem geçiripdir, emma netije üýtgeşik tapawut etmändir. Indi, islendik bir okuwçy gowy bir saz akademiýasyna girer ýaly bir ukyby bar bolsa, arada dünýä standartlarynda bir derejä ýetenler hemişe has köp wagt öz üstünde işlänlerdir. Bu wagt hem 10000 sagat, Diňe aýdymda däl eýsem haýsy-da bolsa bir ugry saýlap alsaňyz onda ökdeleşmek üçin belli bir wagt şol ugur bilen dostlaşyp ,wagt geçirmeli. Ol wagt hem... Siz bilýäňiz.

10000 sagat düzgüni barada

Sazandalar, basketbol oýunçylary, ýazyjylar, futbolistler, küşt oýunçylary we beýleki ençeme ugurda edile tejribelerde bu san ýene-ýene ýüze çykýar.

- Deniel Lewinton

  Indi, bu wagtda praktika eden hemme kişi hökmany suratda ökde bolar diýip bilmeris elbetde, emma şu ýeri gaty möhüm:

Hiç bir alym mundan az wagtda dünýä standarlaryndaky ökdelige ýeten hiç kime duşmady.

- Deniel Lewinton

Dünýädäki hemme üstünlige ýeten adamlar hem başda praktika edip ýetdiler şol derejä. Üstünlik - azyrak zehin we ukyp bilen bilelikde azyndan 10000 sagat praktika bilen gazanylýär.

Outliers( Çyzygyň daşyndakylar) kitaby- Malkolm  Gladwell

Bu düzgün esasan şu kitap bilen bilelikde meşhurlyk gazandy. Bu kitapda ýokarda aýdan maglumatlarym has aýdyň we giňişleýin berilýär. Okamagu maslahat berýän. Üstünligiň syrlaryny doly bilmek üçin bir ömür gerek, şonuň üçin bu ömürleri başdan geçiren adamlaryň durmuşlaryny öwrenip ýalňyşlaryndan sapak almagymyz we üstünliklerinden ylham almagymyz  zerur. Bu kitapda: 

Üstünlige ýeten adamlaryň hiç biri bu üstünliklerini ýekeje özüm men etdim ,men başardym diýip bilmez. Superstar adwokatlar, matematikanyň kandidatlary, programistler...  göräýmäge çyzygyň daşynda görünýär, ýöne bu beýle däl olar taryhyň we pursatyň önümleri, käbiri hak bilen, häbiri hak edilmedik, käbiri  hakykatdanam gazanylan, käbiri bagty çüwüp gelen. Ýöne şonda-da olar pursatlar agajynyň önümleri. Käbir çyzygyň daşyndadyr öýtýän adamlarymyz aslyn hijem çyzyhyň daşynda däl.

- Malkolm Gladwell

Okanyňyz üçin minnetar. Gowy gören bolsaňyz muny belli etmegi unutmaň:) 

Baris Ozcanyň doly wideosyny görmek üçin:

https://gozle.com.tm/videos/watch/8952

208 |
|