Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Gurluşykdan alan tejribäm

3 minut alar

Dynç güni irden säher wagtydy, sagat heniz 7.00. hem bolmandy. Men bolsa düşegimde süýji ukyda ýatyrdym. Bütin hepdäniň beren ýadowlugyndan soň uky şeýle bir süýjidi, ýöne bu süýji uky şol ýakymsyz sesleri eşidýänçäm, dowam etdi. Ukymdan oýandym kelläme gelýän birinji pikir, haýsy goňşyň gurluşyga başlandygy, emma bu pikir tä traktoryň sesini eşidýänçäm dowam etdi. Aýnadan seretsem bu sesleriň daşaryk degişlidigini we öýde näme sebäpden suwyň ýokduguny bildim. 

Daşarda gazuw işleri gidýärdi. Takyk näme iş etýändikleri hakynda bir pikirim ýokdy. Häzirki wagtda kellämdäki ýekeje pikir bu sesiň haçan gutarjagydy, sebäbi kellä ýakymsyz traktoruň sesi ne dynç almaga mümkünçilik berýär ne-de bolsa mugallymyň beren ýumuşlaryny etmäge mümkünçilik berýär. Ejem menden dükana gidip çörek almagymy hem-de işçilerden haçan işlerini bolup öýe suwuň geljek wagtyny sora diýdi.

Kakam dynç günleri hem irden işe barmagy zerurdy. Daşaryk çyksam kakam gelipdir. Nätanyş bir adam bilen söhbetdeş bolup durdy, men olaryň ýanyna baramda nätanyş daýynyň gurluşukçydygyny bildim. Kakam maňa seredip: “ Ine bu körpeje oglum Muhammet” diýip gurluşukça ýüzlendi. Men hem onuň bilen tanyş boldum, onuň ady Batyrdy. Batyr aga kakamyň ýaşlyk ýyllaryndan obadan dosty. Olaryň gürrüňi işçilermiziň azdygy sebäpli işimiz 1-2 gün ýalak alar diýdi. Men dükandan çörek alyp öýe baramda, kakam hem öýe giripdir. Kakam maňa eger doslarmy alyp gurluşyga kömekleşsek şu gün agşama dynyp boljagyny aýtdy. 

Gazuw işiniň gitme sebäbi, öýe gelýän suw turbasynda kemçilik bolup, şol turbany bejermekdi. Göraýmäge aňsat ýalakdy ýöne şol turba ýetmek üçin 1,5 metr ýeri gazyp bolansoňlar bolsa täzeden turbany gömelidi. Töwerekde biz ýalak suwsyz oturan doslaryma jaň edip ýagdaýy düşündirip kömek etmelerini soradym, ýöne men bu kömegi diňe özim üçin däl-de ýaşaýyş jaýyndaky suwsyz oturan hemmeler üçin soradym. Bu köplige bularyň özi hem degişlidi, ýöne hiçisini işlemäge razy edip bilmedim. Aýtman galan soňky kişim 2-nji gatda ýaşaýan boýdaşym Diýardy, bul muňa razy geldi 9 adamyň içinden.

Biz sagat 9 töwerekleri işläp başladyk. Gazmak göräýmäge aňsat ýalydy, ýöne diýseň kyndy. Ýanymyzdan geçýän goňşular bize sagbolsun aýtmak ýerine degişmek isleýardiler, ýöne men bu zatlara üns beremokdym, sebäbi Merdan Ataýewiň aýdan üstünligiň basgançaklary göz öňümden gidenokdy. Biz traktoruň hem-de işçi güýjiň kömegi bilen agşam sagat 20:30 dynypdyk. Batyr aga maňa we dostum Diýara minnetdarlyk bildirdi we ýadygärlik pil sowgat berdi.

Doslar “ýigide müň hünär hem azdyr” diýip, ata-babalarmyz boşuna aýdyp geçmedik bolsa gerek. Men her gezek durmuşyň menden alýan synagynda bir hünär öwrenip galýan, sebäbi geljekde süýji günleriň bolşy ýaly her bir adama kynçylykly günlerem garaşýar. Egerde biziň şul zatlardan hem başymyz çyksa kynçylyklary ýeňillik bilen ýeňip geçeris. 

Gysgaça bu wakadan alan sapagym adam hiç bir käri kiçilik bilmän halal zähmet çekmegi öwrenmeli sebäbi bizi beýik adam etjek zatlaryň biri hem halal zähmetdir.

 

274 |
|