Programirleme

Nädip programmist bolýarlar? Ýa doga bitdimi?

– “Hem akyl ber, hem iliňden akyl al, Kitapdan däl gara ýerden nakyl al, Alan zadyň demiň bilen ýakyp al.” K.G. Aslynda programmist bolunýarmy ýa-da doga bitdimi? Iň gysga näçe wagtda programmist bolup bolar? Başyny hekaýa bilen başlap, onuň mysalynda programmist hünärine gadam basýan dostlarymyz üçin näme etmeli däl, näme etmegi maslahat berilýär ýaly soraglara garap geçeris. (Soraglaryň jogaplary “standart” däldir, ýa-da düzgün däl. Bu diňeje meniň 6-ýyllyk iş-tejribäme, başlangyçlary ýetişdirmekde tejribäme esaslanýan, gara ýerden…

Nädip programmist bolýarlar? Ýa doga bitdimi?

Arassa Dart we Flutter ulanyp dürli platformalar üstünde işleýän faýl paýlaşmak üçin programmany döretdim

Kärimiň ýoluna ilkinji basan ädimlerimden bäri süýnüp gelýän egrem-bugram ýodalaryndan, dürli tehniki päsgelçiliklerden doly bolan bir wakany size gürrüň bermekçi. Meniň ýaşlygymyň ýaş wagtynda ilki React Native tehnologiýany özleşdirmek bilen tanyşyp, köp platforma niýetlenen ulgamlaryň gazanynda gyzyp, gaýnap (ýanyp, bişip) başladym. Şonuň üçin tä şu güne çenli hemme platformalara kanagtlandyryjy bolan çözgütleri gözlemegi hut bir platforma üçin düzülen çözgütlerden ilki öwrenmegi wajyp diýip hasap edýärin. Flutter-iň içgin gurluşugy gowy düzülendigi we programmistleriň tejribesinden tipiki ýüze…

Arassa Dart we Flutter ulanyp dürli platformalar üstünde işleýän faýl paýlaşmak üçin programmany döretdim

Näçe gezek şowsuzlyga uçran hem bolsa, öňki “Facebook” häzirki “Meta” işe kabul edilen Resulkary Saparow bilen söhbetdeşlik

Mazmuny: Resulkary bilen söhbetdeşlige itergi Sizde bar bolan adaty bolmadyk endik näme? Beýleki adamlara iň köp maslahat berýän kitabyňyz haýsy? Näme üçin Asmany başladyňyz? Makalamyň ösüşi indi nähili geçýär? Geçmişde şowsuzlyk, şu wagt bolsa üstünlik diýip hasap eden zadyňyz boldumy? Geliň, ilkinji mysalyňyza biraz çuňňur gireliň. Siz Ýyldyz Tehniki uniwersitetinde iki ýyl okadyňyz, soňra bolsa Bilkent uniwersitetine geçdiňiz. Iki ýyldan soň uniwersitetiňizi çalyşsaňyz, uniwersitetdäki iki ýylyňyzy biderek sarp eden ýaly pikir etmediňizmi? Şowsuzlyklar bilen baglanyşykly…

Näçe gezek şowsuzlyga uçran hem bolsa, öňki “Facebook” häzirki “Meta” işe kabul edilen Resulkary Saparow bilen söhbetdeşlik

#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň

Programmirleme – bu belli bir programmirleme dilleri ulanyp, kompýuter programmasyny düzmek prosesidir. Şu wagtky döwürde programmirleme iň gerekli hünärleriň biri bolup durýar we tehnologiýalaryň ösmegi bilen bu hünäriň wajyplylygy ösýär. Programmirlemegiň kömegi bilen her dürli programmalary, oýunlary, web-sahypalary we başgada köp zatlary ýasap bolýar. Bu bize köp prosesleri awtomatlaşdyrmaga we köp ugurlary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Islendik programmirleme diliniň öz aýratynlyklary we ulanylýan ýerleri bar, şonuň üçin programmirleme dili saýlaňda etjek zadyňa görä saýlamaly. Ýöne islendik…

#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň

Back-End we Front-End

Web sahypalary günsaýyn meşhur bolýar we häzirki wagtda internet ulgamynda aýrylmaz aragatnaşyk platformasy hökmünde ulanylýar. Web sahypalaryň günümizde köp peýdalanmagy bilen ulanyjylar üçin has netijeli, ulanyjy interfeýsi ýokary bolan, dinamiki web saýtlary döredilýär. Şunuň bilen birlikde web programmalaryny döretmek üçin ulanylýan tehnologiýalar hem kämilleşýär. Programmirleme bilen meşgullanýan adamyň bu tehnologiýalardan habardar bolmagy, özüni kämilleşdirmek üçin zerur bolan programmirleme dillerinden baş alyp çykmagy möhümdir. Emma programmirleme öwrenmeklige ýaňy-ýaňy girişen adamlar üçin ilki bilen jogap berilmeli sowallaryň…

Back-End we Front-End

Login we Registrasiýa prosessinde nämeler bolup geçýär?

Haýsy hem bolsa bir platforma ýa-da web sahypasyna girmekçi bolanymyzda (ýa-da platformada käbir işleri ýerine ýetirmekçi bolan ýagdaýymyzda) bizi hemişe login sahypasyna iberýär. Nämüçin men heniz platforma birinji gezek gelen ýagdaýymda meni giriş sahypasyna iberýändigini düşünmekde kynçylyk çekýärdim. "Göni registrasiýa (hasaba alyş) sahypasyna iberse bolmaýarmy? Programmistler muny kod arkaly ýazyp bilmeýärlermikä?" Biziň bu diýýänimiz haçanda men oba baranymda öň hiç ýerde görmedik daýylarymyň "menem tanaňokmy?" diýip üstümden gülýän ýagdaýlaryna çalym edýär. Gynansakda, platformalar bizi tanamaýar.…

Login we Registrasiýa prosessinde nämeler bolup geçýär?

"DÄLI" boluň, emma "KOMPÝUTERŞIK" bolmaň ...

Salam, hormatly Makalam platformasynyň agzalary, Bu meniň bu platformada ilkinji makalam. Bu makalada üstünde durmak isleýän mowzuklarym bolsa "DÄLILIK" (gowy manyda), "KOMPÝUTERŞIKLER" , "KÖPHÜNÄRLIER" we gysgaça entek özüni gözläp tapmadyklar. Sorasaňyz, bularyň biri-birine degýän ýeri näme ? Bulary bir ýerde jemleýän zatlar barada däl de, geliň bulary biri-birinden aýyrýan zatlar barada gürrüň açalyň. Söýýän işiňi et, edýän işiňi söý ... Hünäriňi dogry saýalamak Mežnunyň Leýliniň däli aşygy bolşy ýaly, sizem ömrüňiz ötýänçä işiňizi söýüp onuň…

"DÄLI" boluň, emma "KOMPÝUTERŞIK" bolmaň ...

Makala ýazyp başladym

Salam mähriban adamlar. Bu gün men köp wagtlaryň dowamynda başlap bilmedik işime başladym. Meniň hiç haçan makala ýa-da başga bir eser ýazmaga üýtgeşik ukybym ýokdy, onda näme üçin başlamaly diýen netijä geldiňiz diýip sorasaňyz, Bu soragyň jogaby gysga däl. Meniň ilkinji şu makalamda bu soraga jogap bermäge synanyşaryn. Makala ýazmak, başgaça aýdanyňda Blogging - adama öz pikirlerini doly aňlatmana mümkinçilik berýär. Käte bir adama bir zady düşündireniňde, pikirleriňi dogry beýan etmek örän kyn, aýratynam tehniki…

Aragatnaşygyň howpsuzlygy

Günümizde hemme adam diýen ýaly internetda belli bir şekilde maglumat alyş - çalyşygy geçirýär. Bulara SMS, E-mail, Messenjer ýa beýleki ýollar hem girýär. Ýöne bu gurallaryň üsti bilen hat ugradanymyzda hemmämiziňem kellämizde sorag döreýändir, “Bu haty kimler görüp bilýär?”. Bu makalada üýtgeşik şifrlemek görnüşlerini düşündirerin we her şifrleniş görnüşinde kimleriň maglumatlary görüp biljekligini düşünjek bolarys. Bellik: Makalada agzajak metodlarymy aşa sadalaşdyran ýerlerim bolup biler, bu makalany diňe giňişleýin düşünje bermek üçin örän gysga wagtda ýazdym,…

Aragatnaşygyň howpsuzlygy

Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik

Guwanç bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin itergi: Guwanç Nurgeldiýew Türkmenistanyň kiçeňräk bir şäherinde doglan ýigit. Ol Türkiýäniň Marmara uniwersitetinde Kompýuter bilimi we görkezme tehnologiýalary ugruny gutardy. Onuň bilim alan derejesiniň programmirleme bilen baglanyşygy ýokdy we okan uniwersiteti dünýäde o diýen meşhur däldi. Şeýlelikde, kompýuter inženeri bolmak üçin oňa şertler gaty oňaýsyzdy. Soňra, bu päsgelçiliklere garamazdan, Guwanç Türkiýede programma üpjünçiligi ugrundan öz karýerasyna ädim basmagy başardy we Ýewropada halkara derejesinde ykrar edilen kompaniýalara işe girmek bilen ony…

Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik