Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Adam çagasy

Nädip programmist bolýarlar? Näme üçin? (Bölüm II)

3 minut alar

1-nji bölüm: https://makalam.com/nadip-programmist-bolyarlar-ya-doga-bitdimi-962

Bu makala ýöneje pikir ýöretmeler toplumy diýsek dogry bolar, belki bir-ki adama peýdaly bolar. Teklipler üçin sagbolsunlar! Türkmen dilinde ýalňyşlar bolup biler, ilkinji ýazmak tejribäm! Dowam.

 

Aslynda makaladaky Maksadyň şu programmirleme diýen zada girmegine düýp näme sebäp boldy? Köp zat elbetde, ýöne esasy sebäp gazanç etmek. Maksatjan şu “sebäbi” bilen uzak gidip bilermi? Ussat programmist bolup bilermi? Bu soragyň jogabyny başga sorag bilen alyp gideliň: maksada ýetmek üçin näme baha töleýäris? Başgaça: Näme üçin? Programmirlemäniň nähili dereje kyn pişeligine seredip geçeliň, sebäbi biz diňe bir näme gazanýanymyz, alýanymyzy bilmek dälde, eýsem näme berýänimizi, näçe baha töleýändigimizi bilmek hem wajyp.

Ilki bilen bu ýerde köp kişi diýer: programmist saglygyny ýitirýär, saglygyna seretmeýär ýa-da wagty bolmaýar. Dogry diýýärler, emma bu diňe bu hünäriň bizden uly zadyň talap edýändigini we netije ulydygyny aňladýar. Beýleki hünärlerde saglyk adaty zat bolsa, programmist hünärinde saglyk ýörite üns berilýän ugur, biz işde arassa pikirlenip, has köp öwrenip, has uly netije almak üçin saglygymyza seretmegimiz gaýra goýulmasyz hereketleriň biridir. Her bir ussat programmist bilýär we edýär, saglygym ýokary bolsa işde hem netijeligim ýokarydyr diýýär.

Ikinji töleýän bahamyz bu köp zatlary öwrenmegimiz we dowamly tejribe alyp durmagymyz. Biziň hünärimizde “Programmirlemäni doly öwrenip boldum indem işe başlaýyn” diýen düşünje ýokdur. Başga ýerde şuny diýseňiz, programmistler gaşyny galdyryp serederler. 

Üçünji we esasy zatlaryň biri hem, galan 2 meseläniň çözgüdi bolan: özümiziň erkliligimiz, sabyrlylygymyz. Programmistiň esasy gündelik edýän işi kodda mesele çözmek, pikir edişimiz ýaly işlemedik kody isleýşimizçe işletmek. Bu bolsa elmydama birinji ýa-da 5-nji gezekde bolmaýar. Ýagny köp gezek başga usulda barlag geçirmeli bolýar, bu bolsa otagyňdanam giň sabyrlylyk talap edýär. Erklilik bolsa ähli zady wagtynda ýetişmek, keýpiňe garamazdan etmeli zatlarymyzy günde edip durmak, ýa-da iň kyn zat bolan täze zatlary dowamly öwrenmeklik. 

Mundan başga-da, özbaşdak meseläni çözmek, internetden gerek bolan zadyňy gözläp tapyp bilmek, düşünmedik zadyň bilen iş salyşyp bilmek ýaly ukyplary gazanmak hem bar we bular işimiziň hiline uly täsir edýär. 

Şunça kynçylyklar = bu biziň töleýän bahamyz. Göz öňüne getiriň, şunça kynçylyklar tereziň bir tarapynda, beýleki tarapda bolsa, gulagymyzda ýaňlanyp duran programmist bolmagymyza öz sebäbimiz. Indi şu ýerde gazanç etmek - bu ýeterlik sebäp bolup bilermi? Hiç hili bolup bilmez. Kelläňi agyrdanyňa degmez, ondan söwdegär ýa-da ofis işgäri bolup durmuşdan lezzet alyp ýaşanyň gowy. Nämä gerek şunça kösenç? Netijede bize has uly sebäp gerek, kynçylykda alyp çykjak sebäp, täze menzile gitmäge at güýji ýokary sebäp gerek. We elbetde beýleki tarapdaky bahaňy bilip tölemek. Dogry maksat goýduňyz, ýeterlik sebäp bilen atlandyňyz, şeýdibem öwrenmäge başladyňyz. Ýoluňyz ak, görjegiňiz hak bolsun! 

2-nji bölümiň soňy.

Halan bolsaňyz ýa-da indiki bölüm üçin “laýk” basyň. Öz pikirleriňizi komentariýada paýlaşmagy unutmaň, çünki başgalaryň pikirinden kämilleşýäris!

Indiki bölümde:

  • Programmist nädip öwrenýär? Usullary.
  • “Mugallyma gatnamak” pikir edişiňiz ýaly peýdaly däl.
  • Iňlis dilini bilmezden şu hünäre girip bolarmy?
36 |
|