Adam çagasy
Nädip programmist bolýarlar? Ýa doga bitdimi?
4 minut alar
– “Hem akyl ber, hem iliňden akyl al,
Kitapdan däl gara ýerden nakyl al,
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al.” K.G.
Aslynda programmist bolunýarmy ýa-da doga bitdimi? Iň gysga näçe wagtda programmist bolup bolar? Başyny hekaýa bilen başlap, onuň mysalynda programmist hünärine gadam basýan dostlarymyz üçin näme etmeli däl, näme etmegi maslahat berilýär ýaly soraglara garap geçeris. (Soraglaryň jogaplary “standart” däldir, ýa-da düzgün däl. Bu diňeje meniň 6-ýyllyk iş-tejribäme, başlangyçlary ýetişdirmekde tejribäme esaslanýan, gara ýerden alynan pikirler.)
Bu günki hekaýamyzyň gahrymany Maksat, onuň dostlary oňa “Maks haçker” diýýärler. Maksat ýokary okuwa girende kakasy noutbuk alyp beripdi, şondan bäri hem Maksat kompýuter oýunlaryny gijesini gündiz edip oýnaýardy.
Bir adaty güni, Maksat öz dostlary bilen dükanda otyrka, finans ýagdaýyny oýlady: diňe okuwa gaýdanda Kakasynyň beren ýol-kreý puly we käwagt sowalga beräýmese, ýogsa, jübisinde it uwlaýardy. Şu ýerde hem Maksat geljegini göz öňüne getirdide, içini gepletdi: “Durmuşda men özümi özüm ekläp bilmesem, özbaşdak bolmasam, haçana çenli Kakamdan pul diläp gezeýin, öýlenemde dagy maşgalamy nädip eklärin? Nirede işlärin? Men şuwagtdan iş-hünär saýlamaly, ýöne men bu durmuşda näme oňarýan? ... Kompýuter!” diýip soňky sözüni daşyndan aýdanyny duýmady.
Maksat kompýuter oýunlarynda “ip serwer” diýilýän zady tapmak üçin “google edýärdi”, şonuň üçin maglumat hem nirden almalydygny bilýärdi. Google girip näme hünär bardygy hakda, has dogrysy “Programmist” diýen hünär hakda gyzyklanyp başlady. Internetdan bir topar widýo hem alyp başlady. Soňa baka kompýuterinde “Programmist Kurslary” diýen papkasy köp gigabaýt bolup başlady. Ahyr 1 aýdan soňra Maksat haltasyny dolduryp, özüne “Indem okap başlaýyn” diýip widýo-sapaklary bir uçdan görüp başlady.
2-nji aý geçen soňra widýolary doly görüp, onda öwredişleri ýaly “kod” diýilýäni “Gara ekranda älemgoşar reňkli sözler” bilen “VS code” diýilýän programmada kod ýazmaga başlady. Dogrysy Maksat diňe widýolardan göçürip kod ýazýardy. 3-nji aý geçdi, Maksat entägem göçürip kod ýazýar, geljekde işde başlygy eýle-beýle programma ýazyp ber diýse dagy ýazyp bilmejegine gözi ýetýärdi. Ýöne Maksat näçe gaýtalap görsede ýatdan kod ýazyp bilmedi.
Umumy 4-5 aý geçdi, Maksat internetde bir zakaz-proýekt hakda okap görüpdi we şol diýilýän işi özüçe etjek boldy, ýöne hiçhili başa barmady.
Programmist bolasy gelýänleriň 80% şu ýerde iş-pişesini taşlaýan ekenler. Emma Maksat 20% içine girýär.
Jemi 5-nji aýdan soňra Maksat saýt düzmegi öwrendi, we işe girmekligi niýet edindi we “google edip” edip başlady. Netijede 5 sany işgär gözleýänleriň poçtasyna hat ugratdy. Ýöne işiň mazmunynda Maksadyň düşünmeýän sözleri hem bardy, bada-bat şulary hem öwrenmegiň ugruna çykdy. Şol işgär gözleýänçilere (HeadHunter) “Rezume” we “Portfoliya” diýilýän maglumat hem gerek eken, ony hem taýýarlap ählisini täzeden ugratdy. Ilki Maksat Portfolio’da näme ýazjagyny bilmedi we öwrenmek üçin eden proýektlerini beýan ediberdi.
1 hepde soňra 5 iberilen hatdan yekejesi jogap ýazdy, “Ertir sagat 15:00 interwýu edip bilýäsmi?” diýip. Bardym, gürleşdik. We şol ýerde işe kabul edilendigimi aýtdylar (ur-ra). Ertesi işe geldim, ilkinji iş günlerinde gaty tolgunýardym we köplenç hiç kim bilen gürleşmän öz-özüm bilen otyrýardym, başlyk dagy çagyrmasa. Sagat 6:00 boldugy, çykyp gaýdýardym. 1 aý geçdi. Bir gün başlyk ýanyna çagyryp işimi dowam etmek üçin entäk “tejribämiň çygrakdygyny” we öwrenmelidigmi aýtdy. Garaz ýerleşmedim. Soň ýene gözleg edip 10 sany işgär gözleýänlere hat ugratdym. Hatda mugt işlemäge razylygymy hem ýazdym bu gezek. Olardan 2-si jaň etdi we 1-i email ýazypdyr. Jemi 3-sine hem interwýu gatnaşdym (Käwagt bolýan zat). Netijede 2 sany kompaniýada meni işe almaga razy diýen netije geldiler. Ikisiniň tapawudy hakda pikir edip: “Birinjiniň edýän işini men edip görüpdüm, bu aňsat we şol birzat gaýtalanýan eken, ikinjide biraz düşnüksizler bar, şeýle hem işleri köpräk ýaly” diýip içimi gepletdim. Menem elbetde bilýän zadymdan işe gireýin diýip birinjä razylygymy aýdyp, işe ýerleşdim. Täze işe başladyk, eýýäm birinji gün gowy geçdi. 1 aý soňra 1500 manat aýlyk alyp başladym (indi ýuwsagam bolýar). Nesip etsin.
12 aý zähmet çekdim, aýlygymy 2500 manat çenli galdyrdylar. 5 ýyl geçdi … entägem şol öňki edýän işimi edýärin … entägem şol öňki manady alýaryn. Men muňa razy. Sebäbi işden çyksam, başga ýerde şunýaly iş ýokdur öýdýän (aslynda hem ýok), soňam kynçylyk ýok, howlukmaçlyk ýok. Nesip bolsa, maşgala bolsam hem ýetirinerin. Soňy.
Ýöne Maksadyň bu hereketi dogrymy, Ýyllar boýy şol bir iş edip şol bir derejede galmak howplymy? Belki başga işgär gelip biler, belki kompaniýa ýa-da bölüm ýapylar, belki awtomatlaşdyrarlar? We kim bilýär, edil şunýaly iş etdirýän ýokdur we iş tapyp bilmerin? (Pessimist bolýaryn)
Şu soraglara jogap we Maksadyň hereketleri hakda makalamyzyň indiki bölümlerinde ýazarys.
1-nji bölümiň soňy.
Halan bolsaňyz ýa-da indiki bölüm üçin “laýk” basyň. Öz pikirleriňizi komentariýada paýlaşmagy unutmaň, çünki başganyň pikirinden kämilleşýäris!
Surat: https://turkmenistan.gov.tm/en/post/62137/if-student-does-not-surpass-mentor-then-craft-will-disappear