Myrat Muradow
Inžiner
Hemmeler nirede
1 minut alar
Hemmeler nirede?... Bu soragy ilkinji men bermedim, iň soňky soran kişi hem bolmaryn. Ýer Şary - adamlar üçin uly; kosmos üçin kiçi; içinde ýaşaýyş bolan Planeta. Milyonlarça Galaktikalaryň arasyndaky Milyartlarça planetalardan biri. Alymlaryň hasaplamalaryna görä Dünýämize meňzeş ummasyz planeta bar. Çyndanam hemmeler nirede?
- Biz Kosmosyň Indeýleri - Afrikanyň bir indeý taýpasyna baryp " Air Podslaryň " işleýşini düşündirmäge synanyşyň. Gulaga kyn eşidilýär şeýlemi? Gulagymyza kiçijek zady dakanymyzda içinden saz we sözleriň gelmesini aýtmak ýeňil bolmasa gerek. Üstesine nähili ýagdaýlarda işläp, nähili ýagdaýlarda işlemejegini hem düşündirmeli. Soňam akly ýerinde adam gidip özüne beýle kelle agyrsyny satyn almasa gerek. Bu çaklama hem şeýle diýýär. Biz Kosmosda şeýle yza galypdyrys welin, gürrüňini etýän "Hemmelerimiz" bizde golaýlaşmak islemeýärler. Kim bilýär, belki bize garaşýandyrlar...
- Biz Başynda ýa-da Soňunda - Bu çaklamada biz kosmosyň başynda: Biziň akyl derjämize ýakyn ýa-da deň jemgyýetiň ýokdygny; Soňunda: "Hemmeleriň" käbir sebäplerden ýok bolup gidendigni aýtýar. Siziň pikiriňiz nähili?
- Bu hakykatdanam biraz gorkunç. Ullakan kosmosyň içinde bizden başga hiç kim ýok. Şu wagta çenli bar bolan ähli Planetalarda akyla eýe bolan ýeke täk jandar Adam. Belki-de biz tebigat ewalusiýasynyň bir ýalňyşydyrys.
Ýazýan Makalalarymda harp ýalňyşlygy we kadadan çykmalar üçin ötünç soraýaryn. Öz pikirleriňizi belläp geçmegiňizi haýýyş etýärin.