Medeniýet

Ýalňyşmak ýalňyşmy?..

- Men özümiň hakyna girdim! - Nädip? - Ýalňyşyp... - Düşünmedim, açyk aýtsana! - Käbir işlerde, özümi adalatly alyp barjak bolup öz hakyma kän giren ekenim... Hawa, köplenç şeýle-de boldy. Adalaty ölçemegi başarmazdan adyl bolmaga synanyşmak - öz hakyňy iýmek. Başgaça aýdanyňda - ýalňyşmak. Ýalňyşmak ýalňyşmy?! Her kimiň özi karar bersin... Ýadyma düşýär, mundan ep-esli ýyl öň, okuwçy wagtlarym, synpdaşlaryma öý işlerinde kömek etmegiň deregine göçürderdim... Hem olaryň hakyna giripdirin, hem zähmetimiň. Mugallymlar meni bagyşlasyn;…

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa Disclaimer: (Dykkat dykkat, üns beriň!) blogda siziň şahsy pikirleriňize we dünýägaraýşyňyza ters pikirleriň bolmagy mümkin. Öňünden duýdurmady diýmäň. 😌🙌 Bugünki temamyz patyşa täji barada bolar. Eýsemde patyşanyň täji näme? Täç monarhyň (patyşanyň, soltanyň, emiriň we ş.m) güýç gudratynyň simwoly. Ýönekeýje hiç zada peýdasy degmeýän täç nädip patyşa güýç gudrat bagyş edip biler? Ritual (ýagny täçgeýdirmek dabarasy) arkaly. Täç geýdirýän boljak patyşaň ýanyna golaýlaýar we täji geýdirýär. Edil şol wagty hamala…

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa

Dünýäniň ýedi täsinligi.

Medeniýet hakynda söz açylanda,ynsanyň döreden ajaýyp,nepis medeni gymmatlyklary we olaryň aýry-aýry görnüşleri barada-da gürrüň etmek zerurdyr. Medeniýetiň taryhynda "Dünýäniň ýedi täsinligi" diýen düşünje saklanyp galypdyr. Dünýäniň ýedi täsinliginiň esasy aýratynlygynyň biri hem olaryň baryp gadymy zamanlarda döredilmegidir. Ýogsa-da dünýäniň ýedi täsinligi diýlende,nämeler göz öňünde tutulýar. Olar haçan,nirede,kim tarapyndan döredildika? Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1.Heopsyň piramidasy.Bu ajaýyp ýadygärlik Müsürde (Gizada) gurlan iň gadymy we iň uly piramidaň biridir.Bina miladydan öňki 2540-njy ýylda Müsüriň faraony Heops tarapyndan…

Dünýäniň ýedi täsinligi.

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Mona Liza we syýahatçylar. Çeşme: [1] Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.…

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Terbiýe nirede başlanýar?

Etika - terbiýemi ýa medeniýet. Adam hemişe beýleki adamlar bilen kontaktda, gatnaşykda ýaşamaga mejburdyr. Dostluk, söýgi, iş, söwda, garyndaşlyk we ş.m. onlarça görnüşli gatnaşyklar biziň durmuşymyzyň özenini tutýar. Başga jandarlardan tapawutlylykda adam çagasy diňe jemgyýetde adam bolup ýetişýär. Ýagny bu, keýigiň çagasyny sürüden aýranyň bilen ol iňsoňy keýik bolup ýetişýär diýildigidir. Emma adam beýle däl. Biz öz jemgyýetimizi agzymyzyň ýetişdiginden ýamanlaýas. Goňşularymyz erbet, aýallarymyz gybatçy, erkekler ownukçyl, çagalarymyz terbiýesiz, gaýynlar ýaman, gelinler ýalta we ş.m.…

Sosializm we kommunizm

Türkmenistan 70 ýyla golaý SSSR döwletiniň düzüminde dörän we şol döwletiň gol astynda ýaşan döwlet bolanlygy sebäpli, kommunizm termini bize gaty daş termin bolmasa gerek. Eysem kommunizm bilen sosializmiň arasynda nähili aratapawutlyklar bar, kommunizm kapitalizmiň öňünde näme sebäpler bilen ýeňildi, has wajyby kommunizm ýaly utopik pikir hakykatdan durmuşa geçirilip bilinerdimi, geliň şu soraglara jogap tapalyň. Ilki bilen sosializm we kommunizm sözleriniň manylaryna düşüneliň. Sosializm özeninde öndürilýän bütin harytlaryň, berilýän bütin hyzmatlaryň halka deň derejede we…

Sosializm we kommunizm

Meşhur alym Mari Kýuri 1934-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň bedeni we goş-golamlary henizem radiasiýa saçýar

Ylym dünýäsiniň iň möhüm aýallarynyň biri bolan Mari Kýuriniň bedeni we goş-golamlary aradan çykandan bäri geçen 90 ýyla garamazdan, radiasiýa çykarmagyny dowam edýär. Radioaktiwlik boýunça eden işleri üçin diňe bir, iki sany Nobel baýragyna mynasyp bolman, eýsem "häzirki zaman fizikasynyň enesi" diýlip hem atlandyrylýan Mari Kýuri gynansak-da, radioaktiw elementler poloniý we radiý boýunça geçiren barlaglaryndan diri galmady. Bu barlaglar oňa hemişelik ylmy mirasy berse-de, şol bir maddalar hem onuň bedenine hemişelik zyýanly täsirini ýetiripdir. Kýuri…

Meşhur alym Mari Kýuri 1934-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň bedeni we goş-golamlary henizem radiasiýa saçýar

Syrly geografiýalar #1: Aždarha üçburçlugy

1-nji bölüm Aždarha üçburçlugy: Deňizdäki gizlin ýitirimler Aždarha üçburçlugy Demirgazyk ujy: 30 ° N, 140 ° E. Günorta-günbatar ujy: 24 ° N, 136 ° E. Günorta-gündogar ujy: 24 ° N, 144 ° E. Bu gizlin ýer Ýaponiýanyň günorta-gündogarynda, Ýuwaş okeanyň çuňluklarynda ýerleşýän ýerleri öz içine alýar. Şol syrly ýer "Aždarha üçburçlugy" bolup, ol öz ady bilen hem meşhurdyr, bu ýer "Iblisiň deňzi" diýlip hem atlandyrylýar. Bermud üçburçlugy ýaly meşhur bolmasa-da, aždarhanyň üçburçlugy suwasty gämileriň ýitip…

Syrly geografiýalar #1: Aždarha üçburçlugy

ZENAN HEKAÝATY...

Zenany tanap bolar, aňlamak mümkin däldir... Sokrat V asyr. M. Annanurowa, “Tomirisiň ýeňiş tansy” “Zenan hekaýaty” spektakldan Erenleriň giriş gazaly. Älemde torç edip sagy hem soly Kän ýerden geçipdir türkmeniň ýoly Ýollarda gol aşyp, gonak bolupdyr Menziller külterläp, tanap bolupdyr Heňňam a:tly lasyrdaýan gazanda - Taplana, taplana polat bolupdyr Bu ýowuz taryhyň her sahabynda Gerçek- är kişiler goýsalar yzyn Diňe bir ärler däl, gaýraty bilen Edebi hünäri, sungaty bilen Döwüşi-söweşi şöhraty bilen Taryhy bezäpdir türkmeniň…

Din we Bilim

Bilim Bilim - adamzat taryhynyñ ilkinji gününden bäri kämilleşip, her döwründe özüniň çäksizligini subut edip gelýär. Daş - töweregimizde görýän we görmeýän zatlarymyzyň ählisiniň aňyrysynda bilim saklanýar. Adamzat bilimden daşlaşdygyça oňa howp salýan zatlardan goranmak mümkinçiligi hiçlige tarap gidýär. Taryhda adamlaryň elmydama gözlegde bolup, daş töwereginde bolup geçýän hadysalaryň sebäbini bilmek isläpdirler. Bir ýere ýyldyrym düşýär. Düşen ýerinde güýçli ses, ot çykýar. Muny gören aň taýdan häzirki zaman adamlary bilen deňeşdirilende has pes derejede bolan…

Din we Bilim