3 minut alar
Begenjimiň çägi ýok…
Bolan waka. Waka diýsem geňirägem eşdiläýer öýüdýän. Gepiň gysgasy, okuw wagty agşamlary kitaphanadan gelip halys ýadap öýe zor ýeterdim…Ýöne welin özüme kiçijek ýetmeli maksatlar edinemsoň otagyma giren badyma diwardaky suratdyr hatlary görüp ýadowlygym aýrylypjyk gidýärdi. Şol kiçi maksatlarymdan biri hem diwarymdaky asylgy duran “ 30min Kitap” okamaly ýazgydy. Sebäbi iki sözi zordan birleşdirerdim. Bir gün öýdäki gyzlara hem şeýle teklip etdim: - “geliň üýşüp 30mintjik kitap okalyň, soňam okan setirlerimizden bir bölek gürrüňdeşlik edeliň ”……