Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ar

11 minut alar

AR 
(hekaýa)
Onuň hereketleri adatdakysyndan has çalasyndy. Oňa nähilidir bir güýçler ornaşan ýaly, edýän hereketleriniň çaltdygyny bilse-de, mundanam beter güýçlülik görkezesi gelýärdi. Özüniň başarjaňdygyny öz öňünde subut edesi gelýärdi, sebäbi daş-töwerekde diňe bir ýany kert daglara degip gidýän asman bilen biri-birine boýuny deňleýän daglar bardy. Ol maşyndaky adam göwresini çykaryp, ýere taşlanda özüniň amatly ýeri tapyp-tapmandygy barada pikirlendi. Daş-töwerek şeýle imisalalyk bolup, ol birsalym näme etjegini bilmän ikirjiňlendi. Bu ýerleri edil jennetiň bir bölegi ýaly, ýagty hem-de arassady. Asmanyň goýnunda ýukajyk perde ýaly ak bulutlar ýazylyp ýatyrdy. Asmanyň bir gyrasy daglara degip, ol aşaklygyna gitdigiçe kiçelýän geometrik trapesiýa çalym edýärdi. Daglar bir maşgalanyň ogullary ýaly hatar-hatar ýerleşip, tegelenşip duransoň, ýerde ujypsyz töwerek emele gelipdi. Şol töwerek maşgalany daşyna jemlän ojak ýaly çuňdy. Ol duran ýerinden daglaryň açyk galan bir ujuny görjek bolup, bäş-alty ädim öňe süýşdi. Ýok, ol ýalňyşmandyr. Onuň duran beýikliginden daglaryň bir ujy açyk ýaly görünse-de, ol ýerde dag bardy. Dagyň ýaýraw gerişleri gutaran ýerinden ýene bir dagyň “ökjesini basýardy”, özüni ýene bir dagyň üstüne atýardy. Bu jelegaýlarda şular ýaly öz arasynda ylalaşan dag gerişlerinden başga hiç zat ýokdy. Daglaryň ululy-kiçili hataryna seredip durşuna, ol şundan amatly ýeriň tapylmajakdygyna ymykly göz ýetirdi. Ätiýaçlyk üçin duran ýerinden üç-dört sapar böküp gördi. Şeýdip, ol hem-ä özünde bar bolan jinnek ýaly gowuşgynsyzlygam gaçyrjak bolýardy, hem-de, aýagynyň ýer tutup-tutmaýandygyny barlap görjek bolýardy. Ol gelşi ýaly çalasynlyk bilen yzyna öwrüläge-de, sessiz-üýnsüz ýatan adam göwresini süýräp diýen ýaly dagyň kert gyrsasyna getirdi. Aslynda göwräni tutuşlygyna süýrejekdi, ýöne beýtmek garaşyşyndan has agyr hem kyn bolup çykdy. Şol sebäpden ol hereketsiz göwräniň diňe ýeňiljek ak köýnegi bilen jalbarynyň bardygyna seretmezden, ähli eşiklerini sypyryp aýyrmak isledi. Ýöne göwräniň ak köýneginiň iliklerini ýazdyryp durka, bu pikirinden el çekdi. Ol howlugýardy. Näçe üns bermejek bolsa-da pikirleri bulaşýardy. Şu başagaýlykda birden üstüni gürp-basdy edäýmesinler diýen gorky ony çalasyn bolmaga mejbur edýärdi. Ol iki elini göwräniň goltugyndan geçirdi-de, dagyň göni kert gyrasyna tarap süýräp getirdi. Şonda onuň ýyly demi hiç hili alamatsyz ýatan göwräniň sowuk ýüzüne çabrady. Dem salym pursatda göwräniň tozan bilen garyşan saçynyň ysy, gan bilen garyşan sabynyň ysy burnuna gelip urdy. Onuň ýüregi erbet sanjyp gitdi-de, özem aňşyrmazdan, göwräniň ýüzüne başyny sürtedi. Soňundan näme edenine düşünen ýaly hereketsiz duransoň, göwräni dözümlilik bilen ýere taşlap goýberdi. Onuň aňynda iki sany biri-birine gapma-garşy duýgular söweş edýärdi. Munuň şeýle boljakdygyny öňünden çaklap, ol ähli zady öňden ölçerip goýşy ýaly sowuk hasap bilen etmäge çalyşýardy. Ol kiçijek ýalňyşlygyň hem bütin ömrüne deň bolup biljekdigine aňryýany bilen düşünýärdi. Şol sebäpden duýgularyny edil akar suwuň öňüne bent tutan ýaly gözegçilikde saklaýardy. Häzir hiç bir pikire ýa-da duýga berilmeli däldi. Bu örän howpludy. Ol maşynyna dolanyp, iki barmak ýogynlykdaky ýüp çykardy. Hereketsiz ýatan göwräniň bir aýagyny ýüpe sarap durşuna, ol aýgytlylyk bilen ýüpüň ujuny çekýärdi. Öňler şular ýaly dözümlilik bilen ol birnäçe maly güýlüp taşlapdy. Şondaky başarjaňlygy adam göwresini ýüpe saraýarka-da gerek boldy. Asyl, ýüpe saraýan üçin haýwan ýa adam bolsun parhy ýok, gep ýüpe saralýanda bar ekeni. Nähilidir bir sowuk gan onuň bedeninden yzygider aýlanýan ýaly, ol ýüpüň berk ýa däldigini hasaplaýardy. Onuň hasaby boýunça bu ýüp ýetmiş kilogram agramlykdaky bedeni ep-esli wagt götermäge ýetmelidi. Göwre erkek adamyň göwresi bolsa-da, galaba heniz kyrk ýaşa-da ýetmedikleriňki ýaly ýeňildi. Ol göwräniň topugyndan basyp, ýüpi çekip durşuna, islese-islemese, oňa göz aýlamaly boldy. Şonda onuň gözlerinden gazap uçgunjygy syçrap, göwnüniň bir ýerinde bukulgy ýatan başga birine bolan gözügidijilik duýgusyna ot düşürmäge synanyşdy. Ýöne bolmady. Onuň kalbyndaky gazap  göriplikden has güýçlüdi, has çuňdy. Ýerde süýnüp ýatan göwre durmuşdakydan has gelşikli görünýärdi. Hemişe diýen ýaly işde bolansoň, Gün görmän, agaran aýaklarynyň biri ýüpde bolup, beýlekisi emaý bilen ýatyrylan adamyň aýagy ýaly gönüdi. Şu bolşuna ol durmuşdakydan has uzyndy. Eger ony ýerinden turuzyp, eline gül tutdursaň, onda ýakasyny ýazdyryp, duşuşyga barýan hyjuwly ýigitlerden tapawudy duýuljak däldi. Ol şo pursat aşak egildi-de, göwräniň açyk galan ýakasyny yzarlady. Derrew dikelensoň, aýaklarynyň arasynda ýatan göwräniň üstünden ätläp, maşynyna tarap gitdi. Ol indi gowy özüni ele alypdy, demini dürsäpdi. Onuň aljyrap ýöreninden sowukganly hereket edeni çalt amala aşýardy. Tirsek boýdaky we galyňlykdaky demir gazyk dagyň kert gyrasy bilen bir ädimlikde dikildi. Gazyk dagyň depesini ýaryp, ýere girýän bolsa-da, onuň kelle damarlary lorsuldap, gözi garaňkyraýardy. Şeýle berklik bilen dostlugy dikip bolsady. Daş-töwerek oňa päsgel bermek islemeýän ýaly, örän sessizdi. Hut şo sessizlik ony ýadap, dynç almak üçin duran wagty howsala düşürdi. Onuň gorkusynyň ýöne ýere däldigini duýdurýan ýaly, ýerde ýatan göwre ysgynsyz iňledi. Bu şeýlebir gysga aralykda bolup geçdi welin, ol ýene göwräniň üstüne abanyp, ondan ses çykaryna garaşdy. Göwreden gaýdyp ses çykmansoň, ony kert gyradan itip goýbermek üçin aşak oturdy. Sebäbi ol ýekeje möhüm pursatam elden bermejek bolýardy. Eger dik duran belentligiňden göwräni depip goýberseň, birden ol agrama tap getiribilmän, demir gazygam özi bilen alyp gider öýdýärdi. Onuň kölegesi başa gelen bela ýaly sessiz ýatan göwräniň üstüne abanýardy. Pursatsalymdan ol göwräni güýjünde baryny edip, belentlikden itip goýberdi. Şondan soň kapasa salnan guş ýaly atygsaýan ýüreginiň gürsüldisine tap getiribilmän, iki egninden dem aldy. Demir gazyk iki ýana yraň atan bolsa-da, Artur şanyň gylyjy ýaly, üýtgewsiz durdy. Öz pidasyna seretmezden ozal, ony garaşylmadyk ysytma tutdy. Ol şu ömrüne başga hiç bir zada şeýle uly gorky bilen seredip görmändi. Ýaňyja-da sessiz-üýnsüz ýatyşyna, hiç bir tarapdan janyna howp salmaýan dosty birden onuň üçin howply adama öwrüldi duruberdi. Ýeri gelende aýtmaly bolsa, dosty durmuşda-da şeýledi. Ol bolşy ýaly görünmeýärdi we hemişe adamlara görä üýtgeýärdi. Ol köp gezekler dostundan öz hakyky bolşy ýaly görünmegi we bolşy ýaly ýaşamagy haýyş etdi. “Şeýtmeseň, men seni tanaman, bir zat ederin öýdýän” – diýeninde, ol bir gezek:”Meniň pişigiňki ýaly dokuz sany ömrüm bar” – diýip jogap beripdi. 
Häzir, dag gerşinden bir aýagy asylan görnüşde sallanyp durka, onuň dostundan: “Indi näçe ömrüň bar?” – diýip soraýasy gelýärdi. Haýran galaýmaly, ol öňler birnäçe gezek şu pursaty göz öňüne getirip görüpdi. Ol dostuny dagdan aşak sallaýardy, dosty bolsa, läbik wulkan ýaly atylyp, ýene aýagynyň astyna düşýärdi. Pikiriniň şu ýerinde daş-töwerekdäki daglar ony halka ýaly gysmaga başlady. Daglar bir-de demini dürsemek üçin maý berse, bir-de demligini daraltmagy dowam edýärdi. Dag gerşinden asylgy dosty bolsa sagadyň dili ýaly ikiýana hallan atýardy. Ol tasdanam demir gazygyň ýüpüni kesip, dostuny dag daşlarynyň düýbüne ugradypdy, ýöne bular ýaly etmäge ýetişjekdigi baradaky pikir ony köşeşdirdi. Şeýle belentlikden zyňlansoňam, onuň diri galandygyna ajy ýylgyrdy. Dostunyň hakykatdanam aýdyşy ýaly ýönekeý däldigi ýitilik bilen pikirlerini bölüp geçdi. Muňa seretmezden, ol özüni tiz ele aldy. Dostunyň gaýtawul berip bilmeýändigi we häzir onuň ykbal çözüji adamdygy derrew serine doldy. Şeýle arkaýynlygyň aňyrsyndaky jinnek ýaly gorky sebäpli, aňyna elhenç pikirler ornap, ol şolary durmuşa geçirmegiň tarapdarydy. Edil şu pursat jinnek ýaly aladadyr gorky üçinem ar alynýan pursatdy. Edil şu pursat nähili gara oý-hyýallaryň bar bolsa, durmuşa geçirilýän pursatdy. Bu pursatda iň kiçijek, iň ujypsyz göwnüňe ýakmadyk zady hem bagyşlaman bolýardy. Durmuşdyr, adamçylyk, zerurlyk ýaly kellagyrdyjy kategoriýalara salgylanman bolýardy, sebäbi häzir özüň şolaryň baryna derek çykyş edýärdiň. Öz eliňdäki zat bilen oýnamak bolsa, edil pişigiň syçan bilen ýa-da awçynyň pida bilen oýnaýşy ýalydy. Adamlar ony “oýun” diýip atlandyrsalar-da, awçylar onuň nähili “azardygyny” gowy bilýändirler. Oýny islän ýeriňde bes edip bolýardy, ýöne azary welin diňe alajyny tapaýmasaň, goýup bolanokdy. Ol hem azar duýgusy boýunça hereket edýärdi. Bedeniniň belli-belli ýerlerinde agyry döräp, gitdigiçe kellesine agram salýardy.
Wepa-aa-a! – diýip, ol gygyrdy. Onuň sesi daglara düşüp, tegelek boýunça aýlanýan ýalydy. Dostunyň jan edýändigine garamazdan, dynçlykda durmak wagty bilen başartmady. Ol bolsa indiki etjek hereketlerini aýdyňlaşdyrar ýaly, dostundan habar bolmagyny isleýärdi, şol sebäpdenem ümsümlik bilen garaşdy. Onuň öňünde ullakan çuňluk bolup, ol giden boşluga kellesini sokýan ýalydy. Dosty ýüpüň gyrasyndan tutup dikelen bolsa-da, ol örän aşakda ýaly bolup görünýärdi. Ol dostunyň dag üstüne çykmagyna ýol bermejekdigini bilýärdi, ýöne beýtmezden ozal kösemek, awundyrmak ýaly hezilliklerdenem özüni mahrum edesi gelenokdy. Hakykatdanam, adamyň hökmürowan wagty nähili bolup bilýändigi özi üçinem gyzyklydy. Onuň duýgulary oýun bilen azaryň arasynda azaşjak bolup howlugýardy. Oýun ýadyna düşende, ol näme üçindir saklanyp, dostunyň ýokary dyrmaşjak bolup edýän netijesiz synanyşyklaryny synlaýardy. Kerebe çolaşan möýler şeýle hereket edýärler, olar janhowluna şeýlebir urunýarlar welin, öňküsindenem beter çoçgara çolaşýarlar. 
Wepa-a-a-a – diýip, ol ikinji gezek gygyrdy. Daş-töwerekdäki daglar öz sözüni gaýtalaýar diýmeseň ümsümlikdi. Ol şonda dostunyň jogap bermejegine düşündi. Üçden soň puç diýýän bolsalar-da, beýtmegiň peýdasy ýokdy. “Nämä bil baglaýarka bu?” – diýensoň, samsyk bir jümläni aýdyp goýberesi geldi. “Ýene-de görüşýänçäk, janyň saglygy, ýoluň ak bolsun” ýalyrak sözler diline gelip, daşyna çykman galýardy. Näçe içýakgyç sözler bilen içini sowadasy gelýänem bolsa, iş ýüzünde:
Şunçarak tölesem ýetermi? – diýip sorady. Aşakdaky bolsa ýokaryk çykjak bolup dyrjaşýardy. Onuň kem-kemden güýçlenýändigi demir gazygyň yrgyldysyndan bildirýärdi. “Şu bolşuna-da erjeşen bolýar-ow” – diýip, ol hanjaryny ýaldyradyp görkezdi. Jennetiň bir bölegi ýaly ak künjekde hanjaryň sary şöhlesi öwşün atyp gitdi. Ol şeýtmek bilen dostunyň diňe ýekeje ýolunyň – o dünýä barýan ýolunyň bardygyny bildirýärdi. Hatda güýlünip goýlan mal bilenem bular ýaly işleri etmeýärdiler, sebäbi janly jandary ajaly bilen gorkuzmakdan uly günä ýok hasaplanýardy. Pyçagyň ýalpyldysynda ölümini görüp, urunýan mallary hem agyrysyz halallaýardylar. Ol bularyň hemmesini bilýärdi, ýöne hut şu görnüşde ar almak duýgusy ähli bilýänlerinden üstün çykýardy. “Barybir boljagymy boldum, tfu – diýip, ol özi hakda pikirlenende seňrigini ýygyrdy. Adamzat döräp, bolmadyk zat barmyka şu dünýäde. Nähili işleri görendir bu ýalançy. Men iň erbedi däldigime haçan bolsa-da, kepil geçip bilerin. Men dagy nämejik bu haramzadalaryň ýanynda” – diýen pikirler ony ruhlandyrdy. Goý entek ýakyn gelsin” – diýip ajy ýylgyrdy. Gözüniň öňi ümezläp, indi aşakdaky dosty dumanyň içinde ýaly görünýärdi. Onuň aslyşyp duran ýüpi, gyl ýaly inçe ýodany ýatladyp,  bu ýol olaryň biri üçin gorpa barýardy, beýlekisi üçin bolsa ýapyşalgydy. Üç ýüz altmyş gradus beýlesine öwrüläýende-de, ýene şo hili bolup çykýardy. Ol elindäki hanjary berk gysymlap garaşdy. Eger dönükler hanjaryny gizlin sokýan bolsalar, ol aç-açan görkezýändigine buýsanýardy. Diýmek, onda erkeklikden entekler nyşan bar ekeni. Dosty indi ýüz saýgarar ýaly aralyga gelipdi. Özem şunça erjellik, dogumlylyk bilen ýokary dyrmaşandygyna seretmezden, ol birden aglap goýberdi. Dostunyň bu hereketi onuň üçin garaşylmadyk hadysa boldy. Şunça ýüzüne seretmegini islese-de, bilgeşlän edýän ýaly, kellesini aşak salýardy. Ol “ýer ýarylsa, menem girsem” diýýän ýaly, ýüzüni ýüpden galdyranokdy. Şo bolşuna ol, şu pursatda akylyňa sygmajak zat, göze görünmän geçip gitjek bolýan adamlara-da çalym edýärdi. Ikisiniň arasynda keserip duran hanjar bir dünýäni iki bölege bölýän deýin haýbatlydy, gorkulydy. Ol howada guş ýaly ýüzüp, ýüpüň bir ujundan girişinde, dosty: “Beýtme, ýalbarýan” – diýip seslendi. Jan howluna dosty alkymyna diýen ýaly ýakynlapdy. Oňa nädip şu aralygy geçmäge rugsat bereni özi üçinem geňdi, ýöne häzir başardygyndan pikirlenmezlige çalyşýardy. Dosty islendik pursatda gorpuň gyrasyna gidibiljekdigini bilýäni sebäpli,  onuň bilen ylalaşykda hereket etmäge çalyşýardy. Ýaňyja-da ýüzüne seretmekden gaça duran bolsa, häzir ondan gözüni aýranokdy. ”Mäti, dost ...meni bagyşla. Meniň bilen deň bolma” – diýip gaýtalaýardy. Egnindäki ak köýnegi ýyrtylyp, sal-sal bolup duransoň, şu ýagdaýda näme hakda aýdýany bir özüne mälim bolan içgili adamlardan tapawudy ýokdy. Onuň eli gazanyň garasy ýokuşan ýaly, ýüzleri bolsa çyrşakdy. Surata alyp bolsa, şu görnüşde öýsüz-öwzarsyz sergezdanlary ýatladar durardy. Ýöne şunuň özem aryňy almak üçin az zat däldi. Mäti näme etjegini bilmän ikirjiňlenýärkä, dosty dagyň gyrasyna çykybilýän bolsa-da, bir ädimlikde garaşdy. Dostunyň diýen edijiligi garaşyşy ýaly täsir etdi. Mäti hanjaryny bir gyrada goýanam bolsa, entek onuň gerek bolaýmak ähtimallygyny aradan aýranokdy. Elini uzadanyndan, oňa Wepanyň ýüp süýkelip ganan aýalary ýapyşdy. Mäti agyr daşy göterýän ýaly ýüzüni çytdy. Ýaňyja-da jaýlamak islän geçmişini, geçmişi bilen bagly dostuny, dosty bilen bagly dönükligi, dönüklik bilen bagly aryny gorpa tarap iterjekdi. Olary ýeriň ýüzüne çykarýandygy ysgynyny aldy. “ Men näme edýän?” diýen sorag bolsa hiç akylyndan gidenokdy. Ol dostunyň aglap ýalbarmagyna, galyberse-de, boýunegijilik bilen ykbalyny tabşyrmagyna garaşanokdy. Belkem, garaşan bolsa-da, iş ýüzünde munuň beýle täsir etjekdigini duýan däldir. Asla-da, barysy bulam – bujar boldy ahyryn. Ol indi näme duýup, näme duýmaýynanynam oňly saýgaranokdy. Diňe basymrak şu wakanyň tamamlanaryny isleýärdi. Şo wagtda ol özüniň barha dagyň gyrasyndan aşak düşeňkirleýänini aňdy. Onuň göwresinden geçiberensoň, ol deňagramlylygy saklap bilmejekdigini aňyp, yza baka götinjekledi. Iki dost bir tereziniň iki tarapy ýaly deňleşjek bolýardylar. Şeýtseler, olaryň ikisi hem dagyň üstünde galyp bilýärdi, ýöne häzirlikçe, tereziniň diňe bir tarapy agdyk gelip, beýleki bir tarapy güýjünde baryny edip dyzaýardy. Birden Mätiniň göwnüne dostunyň hemme zatda elinde baryny edip, utýandygy baradaky pikir doldy. Dostunyň bütin dünýäni unudyp, boýun egijilikden nam-nyşan galmadyk hereketleri bu pikiriň döremegine getirdi. Ol edil köýnegine ýapyşan hapadan dynmak isleýän adamyň gaharlylygy bilen dostuny siltäp goýberdi. Şonda onuňam bar pikiriniň diňe halas bolmakdygyny aňdy. Bu şeýlebir pursatdy welin, munda hiç hili duýguçyllyk ýokdy. Diňe ähli ynsana mahsus duýgulardan mahrum we öler ýaly ýaşamak isleýän iki sany adam bardy. Olar wagt taýdan başga bir çäge düşüpdiler. Bu çäkde hiç kime hiç bir söz täsir edenokdy, bu çäkde ähli sözler eýýäm gutarandy. Bu çäkde diňe “Men ýaşamaly, sen bolsa ölmeli” – diýen hasap bardy. Mätiniň ýüregini sowuk bir zat dilip giden ýaly boldy. Ähli zatdan beter diňe ýaşamak isleýän dosty ýene bir gezek dönüklik etdi. Adamy ýaşamak islegi üçin ýazgaryp bolmaýar, ýöne diňe özi ýaşamak isleýän adamy näme etmeli? Mäti barha ysgyndan gaçýan elleriniň aýasyny açanda, dosty edil güýz ýapragy ýaly sypyrylyp, dagyň düýbüne gitdi.

 Bägül ATAÝEWA

35 |
|