Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Iñ ýakyn we wepaly dostumyz/ ýa-da iñ ýakyn dostuñyza erbetlikleri rowa görersiñizmi?

2 minut alar

    

Biziñ iñ wepaly  hakyky dostumyz bar diýeliñ. Hatda "Diýeliñ" diýip diñe oý-hyýalymyza getirmäliñ. Ol aslynda hakykatdan hem bar. Ene-ata, Watan, kitap...ýaly dostlar kelläñize gelmegi mümkin, olaryñam aýratyn orny bar, ýöne meniñ diýýänim başgaça. Ol ene-atadanam, kitapdanam, deñ-duş dostlaryñdanam has ýakyn dost. Ol bir derde duçar bolsañ, ene-atañdanam beýleki dostlaryñdanam öñ derdiñi duýýan, hiçkim saña düşünmedik wagty saña düşünýän, elmydama seni goldaýan, nähili ýagdaý bolsa-da seni terk etmeýän dost. Heý şeýle-de dost bolarmy diýip ylalaşyp bilmeýän bolmagyñyz mümkin. Belki bu dost bizi ýaradan Allatagalla diyip pikir etmegiñizem mümkin. Ýaradanyñ iñ gowy dostdugy şübhesiz. Ýöne meniñ diýýänim ýaradylanlara degişli. Indi şeýle dostumyz bar bolsa,  şonuñ ýaly bize wepaly dostuñ häzir agzap geçjek häsiýetlerimden haýsylaryna eýe bolmagyny islärdiñiz? Diýeliñ, onuñ nähili häsiýete eýe boljagy siziñ eliñizde. Şu aşakdakylardan haýsylaryny saýlardyñyz? Dogruçylmy ýalançy ýa-da käwagt ýalançy käte dogruçyl? Agzyndan paýyş sözler çykýanmy ýa-da paýyş sözleri asla ulanmaýan, halal gazanç edýänmi ýa-da käteler maddy taýdan ilden kem galmajak bolup haram gazanja ýol goýýanmy, zyýanly endikleri(nas, çilim,arak we ş.m.) edýänmi ýa-da onuñ ýaly zatlardan gaça durýanmy, adalatlymy ýa adalatsyz, sözünde durýanmy ýa-da sözünde durmaýan, gybaty halamaýanmy ýa gybatçy, kitaphonmy ýa-da kitaby halamaýan, bilimlimi ýa bilimsiz, işeññirmi ýa-da ýalta... Ýene-de goşmak isleýän häsiýetleriñiz bolsa goşup bilersiñiz. Siziñ hiç biriñiz şularyñ arasyndan erbetlerini saýlan dälsiñiz. Saýlamajagyñyza hem gözüm ýetýär.
    Şol hakyky dost diýýänim biziñ ÖZÜMIZ, ýagny, her kimiñ ÖZI. Hakykatdanam bize özümizden gowy düşünýän, özümizden başga ähli derdimizi bilýän, özümizden öñ derdimizi duýýan, wepaly, ýakyn... adam ýok. Şeýle hem şol agzap geçen häsiýetlerimden islanimizi özümize endik etdirmek öz elimizde. Hiç haçan iñ ýakyn dostumyza erbetlikleri rowa görmäliñ.

65 |
|