Umyt

Näçe gezek şowsuzlyga uçran hem bolsa, öňki “Facebook” häzirki “Meta” işe kabul edilen Resulkary Saparow bilen söhbetdeşlik

Mazmuny: Resulkary bilen söhbetdeşlige itergi Sizde bar bolan adaty bolmadyk endik näme? Beýleki adamlara iň köp maslahat berýän kitabyňyz haýsy? Näme üçin Asmany başladyňyz? Makalamyň ösüşi indi nähili geçýär? Geçmişde şowsuzlyk, şu wagt bolsa üstünlik diýip hasap eden zadyňyz boldumy? Geliň, ilkinji mysalyňyza biraz çuňňur gireliň. Siz Ýyldyz Tehniki uniwersitetinde iki ýyl okadyňyz, soňra bolsa Bilkent uniwersitetine geçdiňiz. Iki ýyldan soň uniwersitetiňizi çalyşsaňyz, uniwersitetdäki iki ýylyňyzy biderek sarp eden ýaly pikir etmediňizmi? Şowsuzlyklar bilen baglanyşykly…

Näçe gezek şowsuzlyga uçran hem bolsa, öňki “Facebook” häzirki “Meta” işe kabul edilen Resulkary Saparow bilen söhbetdeşlik

Armanda galan okuw saparlary (2-nji bölüm)

2017-nji ýylyň tomus dynç alşynda ejem we Ejeş ejekem (kakamyň jigisi) bilen myhmançylyga gitdik we ol ýerde aşgazanyma sygmasada zaýa etmejek bolup dogramany soňuna çenli iýdim. Ýolda daş çykasym geldi, emma ejemiň ejekem bilen ýene bir ýerlere degmek kararyna ýok diýip bilmän, öýe barýançam çydadym. Içim çişip gitdi, ahyr zordan öýe ýetdim. Agşam ýene içim çişip ýatyp bilmedim, aňyryma-bärime togalanyp özüme ýer tapmadym. Ýüregim bulanyp, demim demime ýetmän ugranda ejemi turuzyp, tiz kömegi çagyrmagyny haýyş…

Arzuw etmek bilen çäkli umyt.

Eýsem, arzuw näme? Adamzat näme üçin arzuw edýär? Umyt näme? Adamzat näme üçin umyt edýär? We arzuw, nädip umyt bilen çäkli bolup bilýär? Arzuw. Arzuw etmeklik üçin höwes we isleg gerek. Öz başarnygyň bilen ýetip biljek ähli zadyňyzy arzuw edip bilersiňiz. Haýsy hem bolsa bir maksada isleg dörese, maksada ýetmeklik üçin höwes dörär. Arzuwyň matematiki formulasy “Arzuw = Isleg + Höwes”-dir. Arzuw etmeklik öz eliňizde. Arzuwa ýetmeklik üçin menziller geçmek ýene öz eliňizde. Umyt. Umyt…

UMYT🤔

UMYT Näme üçindir köpümiz "umyt" biz üçin meselämize (problem) položitel netije beriji diýip düşünýäris. Eger bir gezek gowy netijä getirmese umyt etmegi taşlap başlaýarys, durmuşdan sowaşýarys. Bu ýagdaýlara gelmegimiziň bir sebäbi bar. Bize oýunyň başynda düzgünleri ýalňyş berdiler. Umyt - ýykalan ýeriňden galdyryjy güýçdir. Menzile ýetip-ýetmezlige ol däl, seniň ädimleriň sebäpdir. Ädimleriň näçe köp, uzyn, ynamly ätleseň menzile ýatersiň. Umyt silkinip, özüňe gelmegiň sebäbidir. Ýene-de ýykylaryn diýip, aýaga galmakdan çekinme. Şertler näçe kesirleşse, sende ol…

UMYT🤔

Umyt bar

Herkim jahyllyga başyn soksa-da, Akylly gürlände ýüzün buksa-da, Zehin çüýrese-de köne bukjada, Bäbek öwrenmäne höwesli dogýar, Serediñ adamlar diýmek umyt bar. Käsi suw ýerine ganlar içse-de Maýsalar biçýän dek umyt biçse-de Gözleñ ýaşy gurap, mähir ýitse-de Bäbejik doganda gözýaşly dogýar, Diýmek mähir hakynda-da umyt bar. Goý ýaltalar ýatsa çüýräpler ýatsyn Maksatsyz gämiler batmasa nätsin Dilegim maksatlar zähmedi tapsyn Ýykylsa ýatmaýa dyrjaşýa turýar Sebäp balañ ädiminde umyt bar. Ýygnap bilýän aldygyndan ýygnasa Açgözlükden kiselere sygmasa Paýlaşmak…

Umytlar Arçalar Bilen Ýalpyldamaýar Eken

"Arçalar bilen umytlar hem ýalpyldaýar" diýip ýazanyma eýýäm üç ýyl geçipdir. Şol makalada gysgaça şeýle ýazypdym: Täze ýyl baýramçylygyny gutlamagyň türkmenleriň gündelik ýaşaýşynda heniz täzedigini aýtsak ýalňyşmasak gerek. Ýaş baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagyň we uludan taýýarlyk görmegiň özeninde “umyt” bar diýip hasaplaýaryn. Telewizorly otagyň bir gyrasynda bazardan alnyp bezelen polietilen arçasynyň düýbünde daşa degen paltasyny öňümizdäki ýyl üçin täzeden ýiteldip oturanlar ýygy duş gelýär. “Ýetip gelen täze ýylyňyz....” Belläp geçişimiz ýaly arçalaryň bezegleridir yşyklary ýanwar…

Erteki

ERTEKI (HEKAÝA) Olaryň ýaşaýan öýleri ikigatly jaýlaryň birinji gatynyň iň çetinde ýerleşýärdi. Men hemişe o jaýy bir gyrasyndan döwüljek bolup duran dörtburç çörege meňzedýärdim. Oturyşy boýunça ol şeýle duýgulary oýarýardy; eger-de, şo ýerdäki jaýlary bir enäniň alty sany gyzy diýip hasap etseň, onda iň eleşany, megerem, şo çetki jaý bolardy, eger-de, yzly – yzyna tirkelen otly diýip hasap etseň, onda bölünjek – bölünjek bolup duran tirkegi şo jaýa meňzärdi. Jaýyň iki sany penjiresiniň biri öňünde…