Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Dörediji

Umytlar Arçalar Bilen Ýalpyldamaýar Eken

2 minut alar

"Arçalar bilen umytlar hem ýalpyldaýar" diýip ýazanyma eýýäm üç ýyl geçipdir. Şol makalada gysgaça şeýle ýazypdym: 

Täze ýyl baýramçylygyny gutlamagyň türkmenleriň gündelik ýaşaýşynda heniz täzedigini aýtsak ýalňyşmasak gerek. Ýaş baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagyň we uludan taýýarlyk görmegiň özeninde “umyt” bar diýip hasaplaýaryn.

Telewizorly otagyň bir gyrasynda bazardan alnyp bezelen polietilen arçasynyň düýbünde daşa degen paltasyny öňümizdäki ýyl üçin täzeden ýiteldip oturanlar ýygy duş gelýär.

“Ýetip gelen täze ýylyňyz....”
Belläp geçişimiz ýaly arçalaryň bezegleridir yşyklary ýanwar aýynyň ortalaryna aýrylar. Arçalar bilen bilelikde umytlaryňyz hem sönmegi mümkin. Söndürmäň! Ýalpyldatmaga dowam ediň!

Şol döwürler, ýagny pandemiýa başagaýlygynyň öňüsyrasynda, täze ýylyň şumlygyndan habarsyz “Umytlaryňyzy ýalpyldatmaga dowam ediň!” diýip, arzuw eden bolupdyryn. 

Sizi-hä biljek däl, ýöne meň umytlaryma martyň başlamagy bilen sönmäge başlady, awgustda bolsa doly öçdi. Pandemiýa sebäpli gatnawlaryň ýatyrylmagy, üç synagdan geçip giren magistraturamyň doly onlaýna geçirilmegi, uly maksatlar bilen giren işimde şol bir meseleleriň gaýtalanmagy… garaz, sanasaň sogaby bar. 2020-nji ýylyň soňuna gelemde paltamyň daşa degmekden ýaňa mejaly galmady. Diňe bir daşa degmek hem däl, howa ýagdaýy sebäpli paltamyň bir bölegi duran ýerinde eräp, bugarmaga başlady. 

Şol ýylyň gurbatyndan seňselän paltam henizem özüne gelip bilenok; zyňmaga bolsa dözemok. Täzesini aljak boldum, ýöne täze diýip satylýan paltalaryň "meňki bolsun" diýer ýalysy ýok. 

Täze ýylyň ikinji günüňden gaňrylyp, umytlaryma seretdim. Öçüp, şoool tüsseläp durşy. Kimiňki ýalpyldasa-da meň umytlarym-ha arçalar bilen ýalpyldamandyr. Gapdalynda bolsa galanja demiri hem poslamaga başlan kütek paltam. 

 

23 |
|