Makala

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Iň köp eşidýän zatlarym: okajak, baýajak, biznes etjek, gowy ýerde işlejek, abraýly hünäriň eýesi boljak, abraý gazanjak, tanymal boljak, lukman boljak, komitetşik boljak, ministr boljak we ýene köp zat... Näme sebäpden adam boljak diýýänler az-azka?.. Ýa-ha biziň hemmämiz ynsanlygyň aňrybaş nusgasy ýa-da ynsanlygyň ýüz garasy! Ýokarky arzuwlary eşidesim gelenok! Özümem ýokardaky arzuwlar bilen ýaşamok. Gymmatlyk meniň gözümde adam eli bilen elläp bolmaýan zatlarda. Eger sen bir zady alyp bilýän bolsaň (gazanyp däl), onda ol gymmatlyk…

Okajak, baýajak we ýene köp zat...

Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Zigmund Freýd, Awstriýaly psiholog, lukman, psihoanaliz taglymatynyň esaslandyryjysy, 1856-njy ýylda Fraýberg şäherinde dünýä indi. Ol filosofiýa we psihologiýa ylmyna örän uly goşant goşan özboluşly şahsyýetdir. Onuň aýdanlary döwründe ýazgarylsa-da, häzirki döwürde içgin öwrenilýär we psihologiýada giňden ulanylýar. Ol öz işlerinde adamy, onuň işjeňligini, medenileşmegini we tutuş medeniýeti emele getirmegini beýan edipdir. Gyzyklanýan ugry: filosofiki antropologiýa. Zigmund Freýd Freýdiň tassyklamagy boýunça adam öz haýwan ata-babalaryndan nesil boýunça alýan instinktiw meýilleriň, ilki bilen jyns we özüňi halas…

Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Barlyk taglymaty, barlyk kategoriýasy we Aristotel

Näme zada barlyk diýip bolar? Bar zadyň hakykatdan hem bardygyny nädip bilmeli? Gyzykly soraglar gerek?! Barlyk sözi, anyk düşündiriş bererden çylşyrymly söz. Ol düşünje, aňladylýan ýagdaýa görä giň hem-de dar manyda ulanylýar. Giň manyda barlyk bu – biziň daş-töweregimizi gurşap alýan OBÝEKTIW reallykdyr (ideal hem material barlyklaryň ählisi degişli). Dar manyda alynanda, duýgy organlary bilen alynan maglumatlar esasynda aňymyzda peýda bolýan şöhlelenmedir ( SUBÝEKTIW häsiýetli) Barlyk düşünjesiniň esasy kriteriýalary wagt, giňişlik we hereketdir. Eger bir…

Barlyk taglymaty, barlyk kategoriýasy we Aristotel

Ýiten Göwün

Göwün diýsene... Gö-wün... bary ýogy ikije bogun... Ýöne ynsanyň tutuş bedeni, ýüregi, akyly, ruhyny onuň täsirine görä bolýan eken... Meniňem göwnüm bardy birwagtlar, ýöne ony ýitirdim tötänden. Köp wagt boldy göwnümden derek bolmanyna. Ol-a meni unudan bolmagam ahmal, ýogsa gözlegime çykan bolardy, meni tapan bolardy bir eýýäm... Ol meni näme etsin diýsen-e ,,Göwnüne seretmeýänim" üçin... Özüme galsa-ha göwünsiz hem geçip dur ömür gül ýaly bolup, sebäbi göwnüňe degýän adam ýokda ,,Göwnüm" bolmany üçin ... Ýöne…

Hereket etmek näşükürlikmi?... Ýa-da şükür barada gysgaça

Şu makalany ýazmak meniň üçin diýseň kyn düşdi... Sebäbi üstünde oýlanasy meseleler kändi. Şükür etmekligiň bir gyrasy dini mowzuklara deginip geçýändigi sebäpli, diýseň inçe pikirlenmäge we ýaşulylardan, halypa-mugallymlardan bu hakda soramaga mejbur boldum. Iň soňunda alan maglumatlarymyň ählisini jemläp, umumy bir galyba sygdyrmaga çalyşdym. Ynha netijesi: Ilki bilen oýlanylmaly we jogaplanylmaly soraglar şular: "Şükür näme? Şükür etmek nämä gerek?" . Şükür - bu minnetdarlyk duýgusy. Şükür etmek - eliňde bar bolan zatlara minnetdarlyk duýmak hadysasy.…

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

- Aňlamak üçin aň gerek, pikirlenmek üçin beýni... ýatlamak üçin hatyra. Hakydamdan gitmedigiň pursat, sen hemişe ýadymda... "Geçmiş ömürler"... Biraz bu film hakynda ýazasym geldi. Çuň manyly we kän zadyň üstünde oýlanmaga mejbur eden filmlerden biri. "- Eger bir adam beýleki biri bilen duşuşan bolsa, onda olary geçmiş ömürleriniň birinde inýen baglandyr..." Ine, şu sözlem "Geçmiş ömürler" filminiň pelsepewi tarapyny doly beýan edýär. Film aslynda durmuşyň manysy, bagt, iş durmuşy, arzuwlar, "men-iň" gadyry, ruhy gymmatlyklar…

Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny

Makala ýazyp başladym

Salam mähriban adamlar. Bu gün men köp wagtlaryň dowamynda başlap bilmedik işime başladym. Meniň hiç haçan makala ýa-da başga bir eser ýazmaga üýtgeşik ukybym ýokdy, onda näme üçin başlamaly diýen netijä geldiňiz diýip sorasaňyz, Bu soragyň jogaby gysga däl. Meniň ilkinji şu makalamda bu soraga jogap bermäge synanyşaryn. Makala ýazmak, başgaça aýdanyňda Blogging - adama öz pikirlerini doly aňlatmana mümkinçilik berýär. Käte bir adama bir zady düşündireniňde, pikirleriňi dogry beýan etmek örän kyn, aýratynam tehniki…

Filosofiýanyň esasy meselesi. Dünýä akyl ýetiriş, gnoseologiýa

Gnoseologiýa - dünýä akyl ýetirmek hakynda taglymat. Ol "bu dünýä akyl ýetirip bolarmy ýa-da ýok?" diýen soragyň jogabyny derňeýär. Gnoseologiýada adamlaryň bu dünýä akyl ýetirmäge çalyşmakda saýlaýan usuly boýunça, olar esasan optimistlere, pessimistlere, agnostiklere we skeptiklere bölünýär. Optimistler , bu dünýäniň ähli syrlaryna akyl ýetirip boljakdygyna ynanýarlar. Optimistler bu dünýäde sebäpsiz we manysyz zat ýok diýip hasap etýärler (eger bir zadyň manysy bar bolsa, oňa akyl ýetirip bolar). Olaryň pikiriçe adam aňy hemme zady başarýar…

Göwün - süňkden gaty, etden ýumşak...

Adam bolaýşyňy diýsene?! Her zady göwnüňe alyp ýörsüň! Nämä gerek şu?! *** Adam bolaýşyňy diýsene?! Hiç bir zady ýüzüňe-de alaňok! Göwün bir barmy sende?! Iki ýagdaý, biri - biriniň tersi... Ýöne ikisi hem şol bir adama degişli, ýagny bize degişli... Eýsem, göwne degmek näme diýmek bolýar? A göwün näme bolýar? - Oýlanyp gördüňizmi? Belki oýlanansyňyz, belki-de ýok. Belki ýürek, kalp, göwün, köňül - hemmesine birzat ýaly seredýänsiňiz? Eger şeýle bolsa - sizi geň galdyryp bilerin…

BU DURMUŞDA GOWY ADAMLAR KÖSENÝÄR

Bu durmuşda näme üçindir gowy adamlar kösenýär ? Eşretli durmuşda ýaşamak olaryň hem haky dälmikä? Melek ýaly adamlaryň bu durmuşdan ejir çekip gitmeklerine adam razy bolup bilmeýär. Köp oturýan, kän oýlanýan emma eliňden gelýän hiç zat ýok. Durmuşyň kadasy şeýle we ony adamyň üýtgedip biljek erki ýok. Olaryň şatlykly we şagalaňly durmuşy başga bir ýerde bolaýjak ýaly gurnalypdyr. Bu durmuşda erbet adamlaryň has köp zada elleriniň ýetýändigini görmek bu aýdanlarymy hasam tassyklaýar. Töwerek daşym ejir…

BU DURMUŞDA GOWY ADAMLAR KÖSENÝÄR