Tebigat

Hrizantemalar haçan gülleýär?

Soragyň jogaby kimden soraýanyňa görä üýtgeýär. Botanika kitaplary bilen garnyny doýuran birine sorasaň “Paheý, bu-da bir soragmy? Elbetde güýzde gülleýär. Sebäbi Hrizantemalar “Uzak gije - gysga gündiz” ösümlikleridir. Şonam bileňogaý” diýer. Umumy gülleriň güllemegi barada hiç pikir etmeýän, ösümlikleri görende diňe saryja sygyry ýadyna düşýän birinden sorasaň “Aý haçan güllese şonda güllesin, maňa näme.” diýer. Ikisiniň hem jogaby özüne görä dogry. Meniňem özüme görä bir jogabym bar. Hrizantemalar gije güllär! “Goýsaňa houuu, gijede bir gül…

Hrizantemalar haçan gülleýär?

GIJIGEN AÝGYT

“Magtymguly, ne bar içmek-iýmekden? Jan jesetden gider, et hem süýekden; Göz görmekden galar, til hem diýmekden, Tilim tibrinerkän, söýlemäýinmi?” Magtymguly-Pyragydan “Şäherçä kino gelipdir” diýen habar ýaýrandan, uly-kiçi ýüzüne ak mata gerlen bina bakan eňdiler. Ejesiniň köýneginden ýapyşyp barýan kiçijik oglanjyk gök meýdançada ösüp oturan ajaýyp serwi agajyna täsin galyp seredip geçdi. Onuň öňünde täze dünýä açylan ýaly boldy. Kino gidip durka-da oglanjyk jadyly duýgulara batyp otyrdy. Ekrandan ýaňlanýan bir aýdym tomaşyçylary heýjana saldy. Oglanjyk ejesine…

GIJIGEN AÝGYT

Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024)

2024-nji ýylyň sentýabrynda ýurdymyz boýunça Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024) geçiriler. Çäre Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldaw bermegi bilen gurnalýar. Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahatynyň esasy maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň ähmiýetini görkezmek, ýüze çykýan meseleleri milli we dünýä derejesinde çözmek, Türkmenistanyň ýaşlaryna ylham bermek we olary klimat başlangyçlaryna…

Bu dünýe biz üçin

Ýagty jahanda adamzat üçin tebigatda ýaşamak üçin ähli şertler döredilen. Ynsan bu dünýädäki ähli material resurslara öz täsirini ýetirip bilýär. Olaryň daşky keşbini, gurluşyny hatda düzümini hem üýtgedip bilýär. Medisina ugrundan ylmyň soňky gazananlary hem tebigat bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki islendik däri-dermanyň özeni tebigatdaky ösümlikdir, otlar hem-de haýwanlar bolup durýar. Bu ýeriň tebigaty ondaky janly-jandarlar, ösümlikler ynsana döredilen ýaly. Men bu pikir ýöretmämi dogry diýip hasap etsemde ýalňyşmasam gerek. Adamyň organizmi we ondaky ähli gündeki…

TEBIGATY GORAMAK – GELJEKKI NESILLERIŇ YNAMY

Adamzadyň taryhy bilen bilelikde tebigat hem hemişe onuň ýanyndady. Arassa howasy, süýji suwy, baý topragy we dürli-dürli janly dünýäsi arkaly tebigat bize ýaşaýşy bagyş edýär. Ýöne soňky onlarça ýylda adamzadyň tebigata edýän täsiri örän güýçlendi. Şäherleriň ulalmagy, senagatyň ösmegi, tehnologiýanyň çalt depginde öňe gitmegi bilen daşky gurşawyň aýawsyz ulanylmagy daş-töweregimize uly zyýan ýetirýär. Şonuň üçinem, häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biri – ekologiýany goramakdyr. Biz gündelik durmuşda tebigatdan giňden peýdalanýarys. Ýöne onuň mümkinçilikleriniň çäklidigini ýatdan…

TEBIGAT – MILLI BAÝLYGYMYZYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESIDIR

Türkmenistanyň täsin tebigaty dünýäniň iň özboluşly tebigy giňişlikleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň çar künjegindäki daglar, çöller, tokaý zolaklary we suw baýlyklary tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle baýlyklar diňe bir Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsiniň hem möhüm bölegidir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmen topragynyň her bir künjeginde tebigatyň özboluşly gözelligi duýulýar. Amyderýanyň…

ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝADAKY ORNY WE JEMGYÝETÇILIK JOGAPKÄRÇILIGI

Häzirkizaman ekologiýa meseleleri diňe alymlaryň, döwlet edaralarynyň ýa-da halkara guramalarynyň çäginde galmaýar. Olar gündelik durmuşymyzyň, pikirlenişimiziň we geljegiň gönüden-göni bir bölegine öwrüldi. Bu meseleleriň merkezinde bolsa, aýratyn bir jemgyýetçilik topary – ýaşlar durýar. Sebäbi geljek hem-de geljegiň nähili boljakdygy ýaş nesliň şu günki gün nähili karar kabul edýändigine baglydyr. Ýaşlar jemgyýetiň iň hereketli, üýtgeşmelere açyk we täzelige çalt uýgunlaşýan gatlagydyr. Hut şu aýratynlyklary sebäpli, ýaşlar ekologiýa meselelerinde hem hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýärler. Ekologiýa bilen…

Tebigat barada bir oturanyňda görüp boljak 10 dokumental film..!

Adamlar köplenç ýagdaýlarda özlerine, üstünliklerine hem-de maddy mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berýärler, şeýdibem, netijede daşky dünýä hakda alada etmeýäris. Dokumental filmler — töweregimizdäki dünýä gözümizi giňden açyp syn etmäge, tebigatyň näzikligini duýmaga we Ýerdäki her bir janly-jandaryň gadyr-gymmatyna düşünmäge ajaýyp mümkinçilik berýär. Tebigat barada söz açýan 10 sany dokumental filmi dykgatyňyza ýetirýäris: «Planetany özgerden ýyl» (2021). Tebigat baradaky dokumental filmleri surata düşürijileriň öňdebaryjylaryndan biri, iňlis tebigatçysy Dewid Attenboro koronawirus çäklendirmelerinden mysal alyp, adamlaryň özlerini bialaçlyk bilen…

Tebigat barada bir oturanyňda görüp boljak 10 dokumental film..!

ARASSA HOWA – ARASSA ÖMÜR

Howa – adam üçin iň zerur baýlyk. Biz ony görmeýäris, satyn almaýarys, emma ol bolmasa, diňe birnäçe minutda ýaşaýşymyz gutarar. Şonuň üçin arassa howa ýaşaýşyň iň möhüm kepilidir. Soňky ýyllarda şäherlerde howanyň hapalanma derejesi örän ýokarlandy. Awtoulaglaryň gaz zyňyndylary, senagat kärhanalarynyň çykarýan tüsse we gazlary, kömür ýakýan energiýa çeşmeleri howany hapalaýan esasy çeşmelerdir. Bu ýagdaý diňe bir daşky gurşawa däl, eýsem adam saglygyna hem uly zyýan ýetirýär. Demgysma, ýürek-damar keselleriniň we hatda düwnük keseliniň käbir…

EKOLOGIÝA — GELJEGIŇ GÖZBAŞY

Tebigat adamzadyň öýi, ony goramak bolsa, biziň her birimiziň borjumyzdyr. Adamzat XX-XXI asyrlarda ösüşde ägirt uly sepgitlere ýetdi: senagat, tehnologiýa, şäherleşme, döwrebap durmuş serişdeleri... Ýöne bu ösüşiň täsirlerinden bir zat yza galýardy – tebigat. Günübirin ösýän şäherler, çykdaýjysy köp bolan önümçilikler, suwuň we howanyň hapalanmagy, tokaýlaryň gyrylmagy – bularyň hemmesi ekologiýamyzyň durnuklylygyny howp astynda goýýar. Ekologiýa bu diňe ylmy düşünje däl – ol biziň ýaşaýyş şertimizdir. Sagdyn tebigat bolmasa, sagdyn durmuş bolmaz. Şonuň üçinem, häzirki…