EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BERK KEPILI
2 minut alar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde ekologik deňagramlylygy saklamak, howanyň arassalygyny üpjün etmek we ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ygtybarly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzda geçirilmesi däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäreleri daşky gurşawy goramakdaky möhüm ädimleriň biri bolup çykyş edýär. Millionlarça saýaly, miweli we pürli nahallaryň oturdylmagy, öňden bar bolan baglara ideg edilmegi diňe bir şäherleriň we obalaryň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem howanyň ekologik taýdan arassalanmagyna hem uly täsir edýär. Ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegi netijesinde, howadaky zyýanly maddalaryň möçberi azalýar, tebigy howa sazlaşygy üpjün edilýär. Şeýle işler adamlaryň saglygyny goramak bilen birlikde, geljek nesiller üçin arassa tebigy gurşawy miras goýmakda hem uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary ekologik taýdan örän baý giňişligi emele getirýär. Garagum sährasynyň özboluşly ekoulgamy, Köpetdagyň daglyk zolaklary, Hazaryň kenarýakasy hem-de Amyderýanyň boýundaky ýaşyl ýerler ýurdumyzyň daşky gurşawynyň täsinligini görkezýär. Bu tebigy baýlyklary goramak maksady bilen döwlet derejesinde birnäçe maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Hususan-da, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň döredilmegi, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça alnyp barylýan işler ekologik deňagramlylygyň durnukly saklanylmagyna gönükdirilendir.
Daşky gurşawy goramak tutuş jemgyýetiň mukaddes borjudyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, ekologik maslahatlar we dürli jemgyýetçilik çäreleri ýaş nesilleriň tebigata bolan söýgüsini has-da güýçlendirýär. Bu bolsa, geljekde ekologik taýdan jogapkärli jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam berýär.
Hazaryň türkmen kenarynda alnyp barylýan ekologik işler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda daşky gurşawy goramak, deňiz suwunyň arassalygyny üpjün etmek we ýaşyl zolaklary döretmek boýunça amala aşyrylýan taryhy işler häzirkizaman ekologiýa talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Şeýle çäreler diňe bir ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem tebigatyň gözelligini we arassalygyny gorap saklamaga hem gönükdirilendir.
Ekologiýa abadançylygy – jemgyýetiň sagdyn ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Tebigata aýawly çemeleşmek, daşky gurşawy arassa saklamak we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. Arassa daşky gurşaw we sagdyn ekologiýa bagtyýar durmuşyň, abadan geljegiň hem-de döwletimiziň durnukly ösüşiniň berk binýadydyr.
Aýnabat GURBANBAÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.