Ekologiýa

DAŞKY GURŞAWY GORAMAK – DÖWRÜŇ MÖHÜM WEZIPESI

Häzirki döwürde dünýäde ekologiýa meseleleri iň möhüm ugurlaryň birine öwrülýär. Daşky gurşawy goramak, howanyň arassalygyny üpjün etmek we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak her bir döwletiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistan hem bu ugurda halkara derejesinde giň başlangyçlary öňe sürýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty halkyň saglygyny goramaga, tebigy baýlyklary aýawly saklamaga we olardan rejeli peýdalanmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň şäherdir obalarynda…

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BERK KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde ekologik deňagramlylygy saklamak, howanyň arassalygyny üpjün etmek we ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ygtybarly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzda geçirilmesi däbe öwrülen…

TEBIGAT – MILLI BAÝLYGYMYZYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESIDIR

Türkmenistanyň täsin tebigaty dünýäniň iň özboluşly tebigy giňişlikleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň çar künjegindäki daglar, çöller, tokaý zolaklary we suw baýlyklary tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle baýlyklar diňe bir Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsiniň hem möhüm bölegidir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmen topragynyň her bir künjeginde tebigatyň özboluşly gözelligi duýulýar. Amyderýanyň…

ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝADAKY ORNY WE JEMGYÝETÇILIK JOGAPKÄRÇILIGI

Häzirkizaman ekologiýa meseleleri diňe alymlaryň, döwlet edaralarynyň ýa-da halkara guramalarynyň çäginde galmaýar. Olar gündelik durmuşymyzyň, pikirlenişimiziň we geljegiň gönüden-göni bir bölegine öwrüldi. Bu meseleleriň merkezinde bolsa, aýratyn bir jemgyýetçilik topary – ýaşlar durýar. Sebäbi geljek hem-de geljegiň nähili boljakdygy ýaş nesliň şu günki gün nähili karar kabul edýändigine baglydyr. Ýaşlar jemgyýetiň iň hereketli, üýtgeşmelere açyk we täzelige çalt uýgunlaşýan gatlagydyr. Hut şu aýratynlyklary sebäpli, ýaşlar ekologiýa meselelerinde hem hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýärler. Ekologiýa bilen…

EKOLOGIÝA — GELJEGIŇ GÖZBAŞY

Tebigat adamzadyň öýi, ony goramak bolsa, biziň her birimiziň borjumyzdyr. Adamzat XX-XXI asyrlarda ösüşde ägirt uly sepgitlere ýetdi: senagat, tehnologiýa, şäherleşme, döwrebap durmuş serişdeleri... Ýöne bu ösüşiň täsirlerinden bir zat yza galýardy – tebigat. Günübirin ösýän şäherler, çykdaýjysy köp bolan önümçilikler, suwuň we howanyň hapalanmagy, tokaýlaryň gyrylmagy – bularyň hemmesi ekologiýamyzyň durnuklylygyny howp astynda goýýar. Ekologiýa bu diňe ylmy düşünje däl – ol biziň ýaşaýyş şertimizdir. Sagdyn tebigat bolmasa, sagdyn durmuş bolmaz. Şonuň üçinem, häzirki…

Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024)

2024-nji ýylyň sentýabrynda ýurdymyz boýunça Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024) geçiriler. Çäre Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldaw bermegi bilen gurnalýar. Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahatynyň esasy maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň ähmiýetini görkezmek, ýüze çykýan meseleleri milli we dünýä derejesinde çözmek, Türkmenistanyň ýaşlaryna ylham bermek we olary klimat başlangyçlaryna…

TEBIGATY GORAMAK – GELJEKKI NESILLERIŇ YNAMY

Adamzadyň taryhy bilen bilelikde tebigat hem hemişe onuň ýanyndady. Arassa howasy, süýji suwy, baý topragy we dürli-dürli janly dünýäsi arkaly tebigat bize ýaşaýşy bagyş edýär. Ýöne soňky onlarça ýylda adamzadyň tebigata edýän täsiri örän güýçlendi. Şäherleriň ulalmagy, senagatyň ösmegi, tehnologiýanyň çalt depginde öňe gitmegi bilen daşky gurşawyň aýawsyz ulanylmagy daş-töweregimize uly zyýan ýetirýär. Şonuň üçinem, häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biri – ekologiýany goramakdyr. Biz gündelik durmuşda tebigatdan giňden peýdalanýarys. Ýöne onuň mümkinçilikleriniň çäklidigini ýatdan…

PLASTIKI ZYŇYNDYLAR – XXI ASYRYŇ IŇ ULY HOWPY

Plastik biziň gündelik durmuşymyza girip, ol adaty zat ýaly görünýän bolsa-da, onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýany örän uludyr. Dünýäde her ýylda 400 million tonnadan gowrak plastik öndürilýär we onuň ep-esli bölegi gaýtadan işlenilmeýär. Netije-de, deňizlere, derýalara we topraga düşýän plastiki serişdeler ýüzlerçe ýyllap çüýremeýär. Plastiki hapalanma diňe janly-jandarlara däl, eýsem adamlara-da täsir edýär. Deňiz haýwanlary plastiki önümleri iýip ölýär, mikroplastikler bolsa, azyk zynjyry arkaly biziň bedenimize çenli gelip ýetýär. Eger bu ýagdaý şeýle dowam etse,…

ADAM WE TEBIGAT: DURNUKLY GATNAŞYGYŇ ZERURLYGY

Tebigat bilen adamyň arasyndaky gatnaşygyň durnukly bolmagy biziň dünýämiziň dowamly ösüşiniň esasydyr. Häzirki döwürde adamzadyň ösüşi bilen daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleri deňleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Ilatyň köpelmegi, şäherleriň giňelmegi we önümçiligiň ýokarlanmagy bilen daşky gurşaw barha köp zyýan çekýär. Daşky gurşawy goramak diňe bir ekologlaryň işi bolman, ähli jemgyýetiň gatnaşmagyny talap edýän köpugurly mesele bolup durýar. Her bir pudagyň, şol sanda oba hojalygynyň, senagatyň we ulag ulgamynyň hem daşky gurşawa edýän täsirine jogapkärçilikli garalmaly.…

TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ GAÝTALANMAJAK GÖZELLIGI

Türkmen tebigaty – bu diňe bir daglar, düzler ýa-da derýalar däl, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsini, milli gymmatlyklaryny we müňýyllyklardan gözbaş alýan ýaşaýyş medeniýetini özünde jemleýän beýik baýlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, olary aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde öz…