TEBIGAT – MILLI BAÝLYGYMYZYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESIDIR
2 minut alar
Türkmenistanyň täsin tebigaty dünýäniň iň özboluşly tebigy giňişlikleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň çar künjegindäki daglar, çöller, tokaý zolaklary we suw baýlyklary tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle baýlyklar diňe bir Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsiniň hem möhüm bölegidir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Türkmen topragynyň her bir künjeginde tebigatyň özboluşly gözelligi duýulýar. Amyderýanyň boýlarynda ýerleşýän ýaşyl zolaklar, suw kenarlarynyň sergin howasy we guşlaryň owazy tebigatyň janly sazyny ýatladýar. Derýanyň boýunda emele gelen ösümlik dünýäsi diňe bir daşky gurşawyň deňagramlylygyny saklamakda däl, eýsem oba hojalygynyň ösmeginde hem möhüm orny eýeleýär. Şeýle ýerlerde ýaşaýan dürli görnüşli guşlar we haýwanlar ýurdumyzyň biodürlüliginiň baýdygyny görkezýär.
Türkmenistanyň sebitlerinde ýerleşýän daglyk ýerler aýratyn tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu ýerleriň howasy arassa, suwy dury we tebigy baýlyklary örän köpdür. Dag jülgelerinde ýerleşýän arça tokaýlary we dürli miweli agaçlar ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň täsinliligini görkezýär. Şeýle gözellikler diňe bir tebigaty söýýän adamlary däl, eýsem ylmy-barlag işlerini alyp barýan hünärmenleri hem özüne çekýär. Çünki bu ýerler ekologik taýdan möhüm sebitleriň biri hasaplanylýar.
Garagum sährasy hem türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gymmatlyklarynyň biridir. Dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan bu giňişlik ilkinji seredişde gurak ýaly görünse-de, onuň goýnunda özboluşly ýaşaýyş dünýäsi gizlenýär. Çöl şertlerine uýgunlaşan ösümlikler we haýwanlar tebigatyň çäksiz gudratynyň subutnamasydyr.
Tebigat ynsanyň iň uly baýlygydyr. Ony goramak, baýlyklaryndan aýawly peýdalanmak we gözelligini geljekki nesillere ýetirmek bolsa, biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Rüstem ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.