Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

DAŞKY GURŞAWY GORAMAK – DÖWRÜŇ MÖHÜM WEZIPESI

2 minut alar

Häzirki döwürde dünýäde ekologiýa meseleleri iň möhüm ugurlaryň birine öwrülýär. Daşky gurşawy goramak, howanyň arassalygyny üpjün etmek we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak her bir döwletiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistan hem bu ugurda halkara derejesinde giň başlangyçlary öňe sürýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty halkyň saglygyny goramaga, tebigy baýlyklary aýawly saklamaga we olardan rejeli peýdalanmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň şäherdir obalarynda amala aşyrylýan giň gerimli abadanlaşdyryş işleri daşky gurşawy goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Täze seýilgähleriň döredilmegi, bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagy, suwaryş ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň ekologik keşbini has-da gözelleşdirýär. Şäherlerde ýaşyl zolaklaryň artmagy bilen howanyň arassalygy üpjün edilmek bilen birlikde, adamlaryň dynç almagy üçin hem amatly şertler döredilýär. Bu işler jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.
Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi jemgyýetiň aň-düşünjesiniň kämilleşýändiginiň möhüm alamatydyr. Şoňa görä-de, ýaşlaryň arasynda tebigaty söýmek, daşky gurşawy goramak we arassaçylygy üpjün etmek boýunça dürli çäreler, şol sanda, wagyz-nesihat duşuşyklary, zehin we döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, edebi agşamlar giň gerimde geçirilýär. Guralýan çäreler ýaşlaryň ekologik medeniýetini ýokarlandymakda möhüm ähmiýete eýedir.
Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bu günki gün tebigatyň gözelligini we arassalygyny gorap saklamak boýunça dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýan döwlet syýasatyny alyp barýar. Daşky gurşawy goramak, ekologik deňagramlylygy üpjün etmek we tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak döwletimiziň amala aşyrýan ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Arassa ekologiýa geljekki nesilleriň ýagty geljeginiň ygtybarly kepilidir.

 

Gülnar ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.

|