Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

MILLI BAÝLYKLARYMYZ – ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATY

2 minut alar

Ýurdumyzyň baý tebigaty we onuň egsilmez baýlyklary halkymyzyň milli buýsanjy bolup durýar. Eziz Diýarymyzyň çar künjeginde ýerleşýän ýerasty we ýerüsti baýlyklar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berk binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu baýlyklary aýawly peýdalanmak, gorap saklamak we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Ülkämizde nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýerasty baýlyklarymyzy ylmy esasda özleşdirmek boýunça häzirkizaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde iri senagat taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Tebigy gazdan ýokary hilli önümleri öndürýän döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegi döwletimiziň ykdysady mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Durmuşa ornaşdyrylýan bu işler tebigy baýlyklaryň diňe bir çykarylmagyna däl, eýsem olaryň gaýtadan işlenilmegine hem uly ünsüň berilýändigini görkezýär.
Döwletimiz tarapyndan tebigy baýlyklary goramak maksady bilen alnyp barylýan ekologik çäreler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we çölleşmä garşy göreşmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şeýle çäreler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleriniň artmagyna we ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegine uly ýardam berýär.
Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň hatarynda ösümlik dünýäsi hem möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ösýän dermanlyk ösümlikler, arça tokaýlary, çöl ösümlikleri we beýleki tebigy baýlyklar diňe bir ekologik taýdan däl, eýsem ylmy hem-de ykdysady taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Döwlet tebigy goraghanalarynda we milli seýilgählerde bu baýlyklary goramak boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde biodürlüligi saklamak boýunça möhüm netijeler gazanylýar.
Soňky ýyllarda ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan işler hem aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde dowamat-dowam bolmagynda gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşky gurşawa zyýanly täsirleri azaltmak boýunça möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga we ekologik durnuklylygy üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty tebigat bilen sazlaşykly ösüş ýörelgelerine esaslanýar. Tebigy baýlyklary goramak, olary rejeli peýdalanmak we geljekki nesillere ýetirmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Çünki tebigatyň egsilmez baýlyklary diňe häzirki döwrüň däl, eýsem geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşynyň berk binýadydyr.

 

Mansur JABBAROW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň baş buhgalteri.

|