TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ GAÝTALANMAJAK GÖZELLIGI
2 minut alar
Türkmen tebigaty – bu diňe bir daglar, düzler ýa-da derýalar däl, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsini, milli gymmatlyklaryny we müňýyllyklardan gözbaş alýan ýaşaýyş medeniýetini özünde jemleýän beýik baýlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, olary aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde öz aýdyň beýanyny tapýar.
Diýarymyzyň giň sähralarynda tebigatyň täsin sazlaşygy özboluşly görnüşde ýüze çykýar. Garagum sährasynyň giňişligi, onuň gyzgyn howasy we çägesiniň astynda gizlenýän ýaşaýyş dünýäsi diňe bir alymlary däl, eýsem dünýä syýahatçylaryny hem haýrana goýýar. Sähranyň çuňluklarynda ösýän sazak, gandym, çerkez ýaly ösümlikler tebigatymyzyň baý köpdürlüligini alamatlandyrýar. Şeýle ösümlikler çölüň tebigy gözelligine aýratyn öwüşgin berýär.
Köpetdagyň etekleri bolsa tebigatymyzyň başga bir ajaýyp keşbidir. Daglaryň goýy ýaşyl öwüşgini, çeşmeleriň dury suwy we arassa howasy ynsan ruhuna rahatlyk berýär. Bahar paslynda dag etekleriniň dürli reňkli güller bilen bezelen görnüşi aýratyn täsir galdyrýar. Bu ýerlerde ösýän dermanlyk ösümlikler hem saglygy goraýyş ulgamynda uly ähmiýete eýedir.
Hazaryň türkmen kenary hem ýurdumyzyň tebigatynyň gaýtalanmajak künjekleriniň biridir. Deňziň gök tolkunlary bilen altynsow kenarlaryň sazlaşygy ynsan kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Türkmenbaşy şäheriniň töwereginde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan giň gerimli işler netijesinde bu sebit diňe bir syýahatçylyk merkezi bolman, eýsem ekologik taýdan arassa, döwrebap dynç alyş merkezine öwrüldi. Bu ýerde tebigatyň gözelligi bilen häzirkizaman ösüşleriň sazlaşykly utgaşmagy ýurdumyzyň üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr.
Türkmen tebigaty – bu diňe häzirki döwrüň baýlygy däl, eýsem geljekki nesiller üçin hem gymmatly mirasdyr. Tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny aýawly peýdalanmak we daşky gurşawy arassa saklamak her bir raýatyň mukaddes borjudyr.
Äşe WEÝISOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.