Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Zyňyndylary gaýtadan dolanyşyga girizmek

6 minut alar

Zyňyndylary aýryşdyrmak üçin depozit sistema

Germaniýadaky depozit ulgamy (sistema) öý ykdysadyýetine goşant goşýar

Zyňyndy tertiplemekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Germaniýada öýlerde üç sany aýratyn gap bar: galan iýmit we şuňa meňzeş galyndylar üçin guty, kagyzlar üçin aýratyn guty we beýleki hapalar üçin niýetlenen başga bir galyndy gutusy.Bulardan başga-da plastmassalar hem toplanýar.Jaýlaryň öňünde köplenç öý zyňyndylary gaplanan Germaniýada aýna ýygnamak üçin aýratyn bir işlew (proses) bar.Aýna çüýşeleri gaýtadan işlemek üçin köpçülige açyk konteýnerler bar we çüýşeler reňkine görä-de aýratyn gaplara atylýar.

Baklažka we beýleki plastik zyňyndylaryny depozit ediş ulgamynyň köp ýyl bäri ornaşdyrylan ýurdunda, raýatlar baklažkalary satyn alan marketine yzyna äkidip, söwda enjamlaryna ýükleýärler we marketde ulanyp boljak balans alýarlar.  Käbir marketlerde aýna çüýşeler üçin şuňa meňzeş programma bar.

Gollandiýa raýatlaryny has az zyňyndy döretmäge gönükdirýär
Zyňyndyny gaýtadan işlemekde ep-esli öňegidişlik gazanan Gollandiýada zyňyndy esasan dört kategoriýa bölünýär: "plastmassa", "kagyz", "çüýşe" we "ga:lanlar".  Mundan başga-da, dokma (tekstil) galyndylary üçin aýratyn tertipleşdirmek amala aşyrylýar we munuň üçin häkimlik tarapyndan iberilen aýratyn haltalar ulanylýar.Hatda aýry-aýry jaýlaryň baglaryndan agaç ýapraklary hem tebigy galyndylar kategoriýasyna bölünen ösen jemgyýetli ýurtda, häkimlikler dürli wagtlarda dürli galyndylary ýygnaýarlar.  Iýmit galyndylary hepdede bir gezek, her iki hepdeden plastik zyňyndylar we "ga:lan" kategoriýadaky hapalar her üç hepdeden ýygnalýar.

Zyňyndy bölünmedik bolsa sanksiýalar (ahlak taýdan hökmany kanun,güýç) ýok bolsa-da, "ga:lan" kategoriýadaky gaplar çendenaşa doly bolany üçin, raýatlar bu ekologik ulgamy talabalaýyk, dogry dowam etdirmäge mejbur bolýarlar.Sebäbi häkimlikler hemmeleri belli bir mukdarda zyňyndy gaplary bilen üpjün edýär we has uly zyňyndy gutusy talap edilse, töleg tölenmeli. Her öý hojalygyndan zyňyndy salgydy alynýandygy üçin, bu ulgam adamlary az zyňyndy öndürmäge mejbur edýär (gönükdirýär).

Ýaponiýada her zyňyzndy görnüşi aýry günlerde ýygnalýar
Ýaponiýada zibil bölmek ulgamy sebitlere görä üýtgese-de, zibil köplenç "ýakylýan zibil", "ýakylmaýan zibil", "gaýtadan ulanylýan haýwan çüýşeleri", "aýna çüýşeler" we "konserwirlenen galyndylar" ýaly kategoriýalara bölünýär.  Her kategoriýa üçin häkimlikler hepdede bir gezek ýa-da aýda bir gezek belli günlerde zibil ýygnaýarlar.  Zibil tertipsiz galdyrylsa ýa-da nädogry tertipleşdirilse, arassalaýyş işgärleri paketlere duýduryş belligini (ticket) dakýarlar we zibil almazdan gidýärler.

Şweýsariýada möhleti geçen dermanlar dermanhana gaýtarylýar.
Şweýsariýada hapalar dört kategoriýa bölünýär: "öý galyndylary", "kagyz galyndylary", "plastmassa we çüýşeler", "batareýa we elektroniki galyndylar".Her häkimlikler biri-biriniňkiden tapawutly reňkdäki zibil torbalary bilen raýatlary üpjün edýär, şeýlelikde şäherleriň zibil-galyndylary garyşmaýar, her häkimlik öz şäheriniňkä jogapkär. Hapalar görnüşine baglylykda dürli günlerde ýygnalýar.Plastiki galyndylary we aýna çüýşeleri market we bazarlarda, häkimlik tarapyndan kesgitlenen nokatlarda, konteýnerlere taşlamak üçin şert döredilýär.Ýurtda aýna çüýşeler hem reňklerine görä dürli gaplara atylýar.  Alýumin ýa-da dezodorant, kastrulýa ýaly galyndylar başga bir konteýnerde ýygnalýar. Ýokary dozaly himiki maddalary, möhleti geçen dermanlary we ýanyjy-partlaýjy howplary öz içine alýan galyndylary zyňmak gadagan edilen. Önümler, harytlar ýaramlylyk möhletini tamamlandan soň satyn alnan ýerine äkidilýär.
Goşundy: YouTube > Sümeyra Çenet: Şweýsariýada zibil-galyndyny kategoriýasyna nädogry ýerleşdirmek 300 frank jerimä durýar (onsoň bilkastlaýyn tebigaty hapalamaklygyň jerimesini siz pikir ediň).Raýatlar indi ulanmak islemeýän goşlaryny (gap-gaç, egin-eşik, mebel) ,,Ikinji el harytlary" ulgamyna tabşyrmaly we elten goşunyň agramyna görä (jerime hökmünde) pul tölemeli.Ýurtda ikinji el harytlaryny ulanmaklyk hem giňden ýaýran.

Britaniýada önümleriň üstünde gaýtadan işlenip bilinjekdigi ýa-da ýokdugy barada ýazgy bolýar.

Britaniýada zibiller bäş esasy kategoriýa bölünýär: "kagyz", "aýna", "plastmassa" we "beýleki galyndylar". Tertipli bölüşdirilen zibiller binalaryň käbir ýerlerine ýerleşdirilen uly gaplara taşlanýar we işgärler tarapyndan alnyp, zibil bölüniş merkezlerine äkidilýär. Mundan başga-da, köçelerde zyňyndy batareýalary we indi ulanyp bolmaýan ownuk öý obýektleri zyňylýan garyşyk konteýnerler bar, marketlerde önümiň üstünde gaýtadan işlenip bilinjekdigini ýa-da ýokdugyny görkezýän bellikler bar.

Italiýada nädogry tertiplenen zibil torbalary ýerinde galdyrylýar.

Italiýada zibil dürli kategoriýalara bölünýär: "kagyz", "plastmassa we alýumin", "aýna", "demir", azyk galyndylary "çygly galyndylar" we "garyşyk gury galyndylar". Sebite baglylykda dürli-dürli bolan kanunlar bar.  Mundan başga-da, zibil paketleri reňsiz bolansoň, dogry tertipleşdirilmedik zibiller bada-bat görnüp dur. Şol sebäpli arassalaýjy işgärler tertipsiz bölüşdirilen zibil paketini äkidmeýärler.

ABŞ
Döwlet ulgamy bilen dolandyrylýan ABŞ-da gaýtadan işlemek amallary berk berjaý edilýär, emma her bir welaýat bu meselede başgaça çemeleşýär.Waşingtonda "öý galyndylary", "gaýtadan işlenip bilinýän galyndylar" we "bakja galyndylary we organiki galyndylar" üçin azyndan üç aýratyn gap, şäher häkimliginiň emläk eýeleri tarapyndan tölegli satyn alynýar.Başga bir tarapdan, zibil nädogry tertiplenen bolsa ýa-da gaplar doldurylsa, şäher häkimleri öý hojalygyna jerime salyp bilerler.

Fransiýada hapalary aýryşdyrýanlardan salgyt az alynýar

Fransiýada zibil bölüşdirmek şäher häkimliklerine görä üýtgeýär. Käbir şäherlerde zibil aýryşdyrmak islege bagly bolsa, käbirlerinde hökmanydyr we bu edilmese jerime salynýar.Aýry-aýry ýerlerde şäher häkimligi "öý galyndylary", "kagyz", "metal", "plastmassa" we "aýna" ýaly dürli kategoriýalarda zibil ýygnaýar.Mundan başga-da, ýurduň käbir ýerlerinde raýatlar baýrak sistemasy bilen höweslendirilýär.  Käbir häkimlikler zibil mukdaryna görä raýatlardan zibil salgydy ýygnaýarlar.  Şeýlelik bilen, galyndylaryny bölüşdirýänler galan (ýaramlylygy ýok) zibilleriň mukdarynyň azalmagy sebäpli az salgyt töleýärler.

Käbir sebitlerde depozito ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen marketler müşderilere plastik çüýşeleri yzyna gaýtaryp berseler, marketde ulanyp boljak talony berýär.

Günorta Koreýada zyňyndyny gaýtadan işlemeklik düşünjesi (aňy) mekdeplerde ornaşdyrylýar.

Gaýtadan işlemek tejribesi bilen Aziýanyň görnükli ýurtlaryndan biri bolan Günorta Koreýada hapalar "plastmassa", "metal", "aýna", "kagyz", "lampa / yşyklandyryş" we "poliester" ýaly dürli kategoriýalara bölünýär.  Bu meselede raýatlaryň düşünjelilik derejesi ýokary bolan ýurtda, ýaşlarda bu düşünjäni ornaşdyrmak üçin mekdeplerde intensiw bilim maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Zyňyndylary bölüşdirmek meselesinde ýurtlaryň girizen düzgünleri

Daşky gurşaw, tebigat we ykdysadyýet üçin zeruryýet.

Türkiýäniň Gaýtadan Işleýjiler birleşiginiň başlygy Fatih Eren önümi gaýtadan işlemekligiň altyn nokadynyň öýlerdigini öňe sürdi we şeýle diýdi:,, Zyňyndylary bölüşdirmek öýlerde amala aşyrylmaly. Organiki galyndy, iýmit galyndysy zibil gaplama gutusynda (packaging; упаковка) beýleki zibiller bilen garyşýar we gaýtadan işlemekligi mümkin däl ýagdaýa getirýär".

Germaniýa özüniň soňky zibilhanasyny takmynan 25 ýyl ozal ýapandygyny we adamlaryň öýde hemme zyňyndylary tertipli bölüşdirýändigini aýdyp, Eren şeýle dowam etdi:,, Şonuň üçin aýryşdyrylan zatlaryň hemmesi gaýtadan işlenýär we 100%-e ýakyn derejede gaýtadan işlemek amala aşyrylýar.Ýurdumyzda häzirki wagtda bu görkeziji 30%-e golaý. Jemgyýet hökmünde geljekde nol galyndylara (zero waste; ноль отходов) ýetmek üçin elimizden gelenini ederis diýip pikir edýärin. Bu düşünjäni täze nesle ornaşdyrmak üçin gaýtadan işlenen önümleri ulanmalydyrys".

Bu meselede Germaniýanyň we Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynyň has ösendigini belläp, Eren: "Biz olaryň tejribesinden görelde almaly, dowam etdirmeli.Biziň çaklamalarymyza görä, şu ýyl zibile giden gaplamalaryň (упаковка) bahasy 75 milliard lira ýetýär. Biz bu 75 milliard liranyň näçesini zibile atmazdan, boş köýdürmezden gaýtadan işleýişe iberip bileris, çözmek gerek".

Ýerli dolandyryjylar bu mesele babatynda ideýalar döretmeli.Iň bolmanda öýünde zyňyndylary bölýän adamlardan daşky gurşaw arassaçylygy salgydyny (ymtylyş döretmek we çagyryş maksatly) almaly däl.Çünki daşky gurşaw arassaçylygy salgydyndan geljek býujetiň, önüm gaplama zyňyndysyny gaýtadan işlemek bilen öwezini dolduryp bolýar.

Çeşme:  https://www.aa.com.tr/tr/yesilhat/sifir-atik/hangi-ulke-copunu-nasil-ayristiriyor/1819504


Zyňyndylary öýde bölüşdirmek we gaýtadan işleýişe girizmek, şol sanda ikinji el harydy ýaly sistemalaryň biziň ýurdumyzda hem ornaşdyrylmagy dilegi bilen. Bu ýerde esasy rol jemgyýete düşýär, çünki döwlet häkimýeti şert döredäýse-de, aň-düşünjeli şekilde tebigaty goramaga ymtylýan, yhlas edýän jemgyýet zerur. Gynansak-da, ösen ykdysadyýetiň barlygy, ösen jemgyýetiň barlygyny aňladmaýar.Bu barada örän ýiti täsirli türkmen makala okapdym.Okamak isleseňiz salgylanmany berkidýärin:

https://gutly.medium.com/ykdysady-%C3%B6s%C3%BC%C5%9F-gowy-zat-%C3%BD%C3%B6ne-2968a09eea33  

41 |
|