Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

TEBIGY BAÝLYKLARY GORAMAK – DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

2 minut alar

Türkmenistanyň tebigy baýlyklary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň we döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy binýatlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, olary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ekologik abadançylygy pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir.
Türkmen topragy tebigy baýlyklaryň dürli görnüşlerine örän baýdyr. Ýurdumyzda nebit we tebigy gaz gorlarynyň ägirt uly möçberiniň bolmagy döwletimiziň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny has-da berkidýär. Tebigy baýlyklary özleşdirmekde häzirkizaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy, täze önümçilik desgalarynyň gurulmagy we senagat pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, döwletimiz bu baýlyklary diňe häzirki döwrüň bähbidi üçin däl-de, eýsem geljekki nesilleriň hem bähbidini nazarda tutup, peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda tebigy baýlyklary goramak we daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça birnäçe döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Hususan-da, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, ýer baýlyklaryny rejeli ulanmak we tokaý zolaklaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan taryhy işler ekologik deňagramlylygyň saklanylmagyna uly goşant goşýar. Bu ugurda aýratyn-da, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi we ýaşyl zolaklaryň döredilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary diňe bir ýerasty serişdeler bilen çäklenmeýär. Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi hem milli baýlygymyzyň aýrylmaz bölegidir. Döwlet tebigy goraghanalarynda seýrek duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini gorap saklamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilýän ylmy barlaglar tebigy baýlyklary netijeli goramaga hem-de biologik köpdürlüligi saklamaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Döwletimiz tarapyndan halkara derejesinde hem tebigaty goramak boýunça birnäçe möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Türkmenistan daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ekologiýa taýdan jogapkärli döwlet hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Tebigy baýlyklary goramak mukaddes borçdur. Çünki tebigatyň baýlyklary halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, saglygynyň we abadan geljeginiň esasy çeşmesidir. Ata-babalarymyz hem gadymy döwürlerden bäri tebigata aýawly çemeleşmegiň nusgasyny görkezip gelipdirler. Häzirki döwürde hem bu ýol döwlet derejesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Çünki tebigy baýlyklary goramak we olary rejeli peýdalanmak döwletimiziň gülläp ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir.

 

Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň uly hünärmeni.

|