Medeniýet

Terbiýe nirede başlanýar?

Etika - terbiýemi ýa medeniýet. Adam hemişe beýleki adamlar bilen kontaktda, gatnaşykda ýaşamaga mejburdyr. Dostluk, söýgi, iş, söwda, garyndaşlyk we ş.m. onlarça görnüşli gatnaşyklar biziň durmuşymyzyň özenini tutýar. Başga jandarlardan tapawutlylykda adam çagasy diňe jemgyýetde adam bolup ýetişýär. Ýagny bu, keýigiň çagasyny sürüden aýranyň bilen ol iňsoňy keýik bolup ýetişýär diýildigidir. Emma adam beýle däl. Biz öz jemgyýetimizi agzymyzyň ýetişdiginden ýamanlaýas. Goňşularymyz erbet, aýallarymyz gybatçy, erkekler ownukçyl, çagalarymyz terbiýesiz, gaýynlar ýaman, gelinler ýalta we ş.m.…

Ýalňyşmak ýalňyşmy?..

- Men özümiň hakyna girdim! - Nädip? - Ýalňyşyp... - Düşünmedim, açyk aýtsana! - Käbir işlerde, özümi adalatly alyp barjak bolup öz hakyma kän giren ekenim... Hawa, köplenç şeýle-de boldy. Adalaty ölçemegi başarmazdan adyl bolmaga synanyşmak - öz hakyňy iýmek. Başgaça aýdanyňda - ýalňyşmak. Ýalňyşmak ýalňyşmy?! Her kimiň özi karar bersin... Ýadyma düşýär, mundan ep-esli ýyl öň, okuwçy wagtlarym, synpdaşlaryma öý işlerinde kömek etmegiň deregine göçürderdim... Hem olaryň hakyna giripdirin, hem zähmetimiň. Mugallymlar meni bagyşlasyn;…

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Mona Liza we syýahatçylar. Çeşme: [1] Her ýylda milliondan gowrak syýahatçy bu sungaty görmek ýa-da onuň bilen selfi düşüp instagramda paýlaşmak maksady bilen Parižiň Luwr muzeýine zyýarata barýarlar. Leonardo Da Winçiniň 20 ýyl zähmetini siňdiren we tamamlap bilmedik, bir wagtlar Napoleonyň otagyny bezän, iki sapar ogurlanyp we soňunda bu muzeýde öz ýerini tapan Mona Liza (fransuzça ady: La Joconde; Italýança: La Gioconda) atly portet barada eşitmedikler ýa-da suratyny media çeşmelerinde görmedikler aramyzda az bolsa gerek.…

Syrly ýylgyryş: Mona Liza näme üçin şeýle meşhur?

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa Disclaimer: (Dykkat dykkat, üns beriň!) blogda siziň şahsy pikirleriňize we dünýägaraýşyňyza ters pikirleriň bolmagy mümkin. Öňünden duýdurmady diýmäň. 😌🙌 Bugünki temamyz patyşa täji barada bolar. Eýsemde patyşanyň täji näme? Täç monarhyň (patyşanyň, soltanyň, emiriň we ş.m) güýç gudratynyň simwoly. Ýönekeýje hiç zada peýdasy degmeýän täç nädip patyşa güýç gudrat bagyş edip biler? Ritual (ýagny täçgeýdirmek dabarasy) arkaly. Täç geýdirýän boljak patyşaň ýanyna golaýlaýar we täji geýdirýär. Edil şol wagty hamala…

Patyşa täji barada konspirologik teoriýa

Soňky Sözler

Ölümden öňki bir sekuntda tutuş durmuşyň göz öňüňden geçýär diýip aýtýardylar. Birinjiden, şol sekunt asyl sekunda deň däldi. Bir sekunt edil wagt ummany ýaly uzakdy. Meniň gezegimde, skaut lagerinde arkalykgan ýyldyzlara seredişimdi we saralan agaçlardan gaçan ýapraklaryň köçämizi tutyp duruşydy. Ýa-da mamamyň elleri we onuň derisiniň kagyza meňzeşligindedi… we Toni daýymyň alan brend-täze maşynyna birinji gezek synlaşyşymdady; we Jeni … Jeni … hem-de Kerolin . Belki-de başymdan geçiren zatlaryma meniň içim ýanyp bilerdi, emma dünýäde…

Din we Bilim

Bilim Bilim - adamzat taryhynyñ ilkinji gününden bäri kämilleşip, her döwründe özüniň çäksizligini subut edip gelýär. Daş - töweregimizde görýän we görmeýän zatlarymyzyň ählisiniň aňyrysynda bilim saklanýar. Adamzat bilimden daşlaşdygyça oňa howp salýan zatlardan goranmak mümkinçiligi hiçlige tarap gidýär. Taryhda adamlaryň elmydama gözlegde bolup, daş töwereginde bolup geçýän hadysalaryň sebäbini bilmek isläpdirler. Bir ýere ýyldyrym düşýär. Düşen ýerinde güýçli ses, ot çykýar. Muny gören aň taýdan häzirki zaman adamlary bilen deňeşdirilende has pes derejede bolan…

Din we Bilim

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

Surat şu çeşmeden alnan: https://www.imdb.com/title/tt13238346/ Daşary ýurtda ýaşap başlanymda ilkinji halan zatlarymyň biri kinoteatra gidip kino görmek boldy. Ýakynda göçen kiçijek şäherime geläýen wagtlarym uly kinolary görmek üçin niýetlenen kinoteatr ýok diýip aldygyna igenýädim: indi men Nolany ýa Villeneuve-y kiçijek ekranda görmelimi (görkezseler elbetde). Ýöne kiçi kinoteatrlaryň gözelligini görmegime köp wagt gerek bolmady. Kinoteatrymyň diňe özi kiçi däl, görkezýän filmlerem kiçi. Ýagny kiçi büjet bilen düşürilen. Oňa barýan adamlar hem ýörite şo kiçi büjetly kinolar…

Past lives ýa-da kinoda biraz özüňi görmek barada

Sosializm we kommunizm

Türkmenistan 70 ýyla golaý SSSR döwletiniň düzüminde dörän we şol döwletiň gol astynda ýaşan döwlet bolanlygy sebäpli, kommunizm termini bize gaty daş termin bolmasa gerek. Eysem kommunizm bilen sosializmiň arasynda nähili aratapawutlyklar bar, kommunizm kapitalizmiň öňünde näme sebäpler bilen ýeňildi, has wajyby kommunizm ýaly utopik pikir hakykatdan durmuşa geçirilip bilinerdimi, geliň şu soraglara jogap tapalyň. Ilki bilen sosializm we kommunizm sözleriniň manylaryna düşüneliň. Sosializm özeninde öndürilýän bütin harytlaryň, berilýän bütin hyzmatlaryň halka deň derejede we…

Sosializm we kommunizm

Geçmişden bu ýaňa Nobel baýragy.

"Nobel" dünýäde iň meşhur baýraklaryň biri diysek hem ýalňyşmarys. Ilkinji Nobel baýragy 1901-nji ýylda Şwesiýada berilip başlandy. Nobel baýragy Alfred Nobelin ölüm gününe bagyşlanyp her ýylyn 10-njy dekabrynda berilýär. Bu baýragyň döremeginiň esasy sebäpkariniň biri hem Alfred Nobeldir. Ol 1833-nji ýylda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde dünýa indi. Hünäri boýunça himik bolan Alfred ilkinji bolup dinamiki oýlap tapdy.1895-nji ýylda Alfred Nobeliň ýazan wesýetine görä "Nobel" baýragy döredildi. Bu baýrak Fizika,Himiýa, Lukmançylyk, Edebiýat we Parahatçylyk ugurlary boýunça uly…

Geçmişden bu ýaňa Nobel baýragy.

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.

Femida bu adalatlylygyň we deňligiň heýkelidir. Bu heýkeliň heýkeltaraşy näbelli bolsa-da, dünýäniň ähli ýerinde adalatlylygyň nyşanydygy hemmämize mälimdir. Femida heýkeli gadymy grek hudaýy hasaplanýar. Ol adalatlylygyň,deňligiñ hudaýy diyip bilinýär. Femidanyň esasy gurallary: gylyç,mantiýa we göz örtüginden ybarat. Femida heýkeli adalatly zenanyň keşbini suratlandyrýar. Onuň egnindäki eşigine mantiýa diýilýär. Femidanyň çep elindäki terezi adalaty we adalatly deňagramlylygy görkezýär. Libra şekili, kazyýetiň iki tarapynda-da subutnamalaryň adalatly görkezilmegini aňladýar. Adalat ýerine ýetirilýänçä bu deňeşdirmäniň yzygiderli dowam ediljekdiginiň aýdyň…

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.